Bu ýekelik däl
Bu ýekelik däl

Bu ýekelik däl +9

white, 24.03.2020
Eger seň el telefonuňa bütin gün jaň gelmeýän bolsa – bu ýekelik däl.
Bu – hakyky dostsuzlyk.

Eger sen sagadyň sekundomer sesini eşidýän bolsaň – bu ýekelik däl
Bu boş wagtyň köplügi.

Eger sen hiçkime garaşmaýan bolsaň – bu ýekelik däl
Bu seniň pessimist häsiýetiň.

Eger sen öz durmuşyň bähbidi üçin, kesekiniň durmuşynyň bir bölejigini ogurlaýan bolsaň – bu ýekelik däl
Bu özüňe bolan ynamsyzlyk.

Eger sen öz-özüň bilen gürleşip, saňa gürleşmäge adam ýok bolsa - bu ýekelik däl
Bu näsaglyk.

Eger sen boş jaýda bütin gün aglaýan bolsaň – bu ýekelik däl
Bu depressiýa

Eger sen özüňe hiç kim maňa düşünmeýär diýýän bolsaň – bu ýekelik däl.
Bu men-menlik.

Haçanda alaçsyz gygyrasyň gelýän bolsa – bu ýekelik däl
Bu agyry.

Eger sen hiç kime gerekdäl diýip pikir edýän bolsaň – bu ýekelik däl
Bu öz-özüňi aldamak

Ýekelik bu biziň özümizde döredýän düşünjämiz, bu ýekelik duýgusy bize bolan söýginiň ýetmezçiliginden başlaýar.


white
BU BLOG 1857 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@alembahar 1 hepde öň
gowy haladym
@Tarcetti 1 hepde öň
bu adminin doredijilikdenem basy cykyan yalyla
@LEVURPUL 1 hepde öň
bu in gowy gosgy