Bulutlary emele getirýän suw bölejikleri howada nädip durýar?

Bulutlary emele getirýän suw bölejikleri howada nädip durýar? +1

@MesOgul | 27.02.2019 ý.
Ýer ýü­zün­de her ýyl­da ýag­ýan yga­lyň muk­da­ry üýt­ge­me­ýär. Em­ma onuň ýagýan wag­ty we ýe­ri üýt­gäp bil­ýär. Äh­li ösüm­lik­le­riň we jan­dar­la­ryň ýa­şaý­şy­nyň çeş­me­si bo­lan suw ygal ar­ka­ly üp­jün edil­ýär. Is­le şor, is­le tal­hy bol­sun, su­wuň haý­sy­dyr bir gör­nü­şi bu­ga­ra­nyn­da, di­ňe aras­sa suw bu­gar­ýar. Ýag­ny onuň dü­zü­min­dä­ki duz we beý­le­ki mad­da­lar ýo­ka­ry gö­te­ril­me­ýär. Eý­sem, de­ňiz­dir um­man­lar­dan bu­ga­ryp, bu­lu­da öw­rü­lip, ýa­gyş bo­lup ýag­ýan aras­sa suw as­man­da nä­dip dur­ýar­ka?! Bu­lut için­dä­ki gaz ha­lyn­da­ky suw mo­le­ku­la­la­ry­nyň ho­wa­nyň so­wa­ma­gy bi­len ho­wa­da du­ran maý­da­jyk ga­ty bö­le­jik­le­riň üs­tün­de dy­kyz­laş­ma­gy bi­len eme­le gel­ýär. Ho­wa at­mos­fe­ra­da ýo­ka­ry gal­dy­gy­ça, ba­sy­şy azal­ýar. Mu­nuň ne­ti­je­sin­de gi­ňel­di­gi­çe, ýag­ny göw­rü­mi art­dy­gy­ça gyz­gyn­ly­gy pe­sel­ýär. Has pes ýylylykda ho­wa­nyň sak­lap bil­jek suw muk­da­ry hem azal­ýar. Onuň dy­kyz­ly­gy iň ýo­ka­ry de­re­jä ýe­te­nin­de, ho­wa­da suw bö­le­jik­le­ri eme­le gel­ýär. Suw dam­ja­jyk­la­ry­nyň ulu­ly­gy bir­nä­çe mik­ro­metr­den ge­çe­nin­de, bu­lut­la­ry göz bi­len gö­rüp bol­ýar.
Bu­lut­la­ryň as­man­da deň dy­kyz­lyk­da däl-de, top­bak-top­bak ýag­daý­da bol­ma­gy­nyň at­mos­fe­ra­da­ky gyz­gyn­ly­ga we çyg­ly­ly­gyň deň­siz­li­gi­ne bag­ly­dy­gy çak­la­nyl­ýar. Gün­den gel­ýän ener­gi­ýa­nyň gü­nüň do­wa­myn­da üýt­ge­me­gi at­mos­fe­ra­nyň ýylylygy­nyň gys­ga ara­lyk­lar­da ta­pa­wut­ly bol­ma­gy­na se­bäp bol­ýar. Bu­lut­la­ryň dö­re­me­gi­ne se­bäp bol­ýan ho­wa­da­ky suw mo­le­ku­la­la­ry­nyň dy­kyz­laş­ma­gy, esa­san, at­mos­fe­ra­nyň ýy­ly­ly­gy bi­len bag­ly­dyr.
bu blog 213 gezek okaldy

Teswirler

@Jepax 8 aý öň
http://zamanturkmenistan.com/web/?p=12716
@MesOgul 8 aý öň
bildinay @Jepax
Älemjahan