Çägedäki aýak yzlar (Tymsal)
Çägedäki aýak yzlar (Tymsal)

Çägedäki aýak yzlar (Tymsal) +2

MissMeri, 18.11.2020
След на песке

Bir gün bir adam düýş gördi. Düýşinde ol çägeli kenarda ýöräp barýandygyny, hem onuň ýanynda Hudaý barlygyny gördi. Durmuşyndaky suratlar asmanda ýalpyldap göründi we olaryň hersinden soň çägede iki sany aýak yzlary gördi: biri - öz aýaklarynyňky, beýlekisi - Hudaýyň aýaklarynyň yzydy.
 
Ömrüniň soňky suraty onuň öňünde ýalpyldady, çägedäki aýak yzlaryna seretdi. Durmuş ýolunda köplenç diňe bir aýak yzynyň uzalýandygyny gördi. Şeýle hem, bu durmuşynyň iň kyn we gynandyryjy döwürlerine göz ýetirdi.
 
Ol gaty gynandy we Hudaýdan sorap başlady:
 
- Sen maňa aýtmadyňmy: haçan-da men seniň ýoluňdan çykman ýöresem, meni terk etmejegiňi. Ýöne ömrümiň iň agyr döwürlerinde çägäň üstünde diňeje bir aýak yzynyň uzalandygyny gördüm. Men saňa iň mätäç wagtym, näme üçin meni terk etdiň?
 
Hudaý şeýle jogap berdi:
 
- Meniň eýjejik, eýjejik meniň çagam. Men seni söýýärin we seni hiç haçan terk etmerin. Seniň durmuşyňda gaýgyly, ajylykly bolan pursatlaryňda we hem synaglar bolanda, ýolda diňe bir aýak, zynjyr ýaly uzap, yzy dowam edipdi. Sebäbi şol günler, men seni elimde göterip, geçirýärdim. 
                                                          @MissMeri
BU BLOG 1727 GEZEK OKALDY.

Teswirler