Degişme

Degişme +3

Eduard_Snowden, 20.01.2020
Razwedçikleriň ýaryşy geçirilýärmiş. Ýaryşyň şerti nähili köseseler hem berlen paroly aýtmaly däl eken. Finala amerikan, rus, türkmen galýar.
Birinji rus gelýär. Her dürli gynap başlaýar, 4 sagat ýaly çydaýar. Ahyry paroly aýdýar.
Ikinji amerikan gelýär. Ony hem gynap başlaýarlar, 8 sagat ýaly gynaýarlar welin olam aýdýar paroly.
Soňky türkmen Mämmet gelýär. Gynap  başlaýar Mämmedi. 3 sagat geçýär aýdanok, 5 sagat geçýär aýdanok, 10 sagat geçýär aýdanok paroly. Ahyry gynaýanlar ýadap, “Bir zat edip aýtdyrmasaga bolanok, ertir barmaklaryny çapyp görerisdä” diýip, Mämmedi gabap gidýärler. Agşam Mämmediň ýatan ýerinden düňküldi eşidilýär. Garawul baryp diňşirgense “Mämmeeeet, ýadyňa sal parolyy, Mämmmeeet!” diýip Mämmet kellesini diwara urup dur diýýä.
 
9-njy etaždan özüni oklanyň sesi:
-a a a a a a a a a a a a a a , tarp!
3-nji etaždan özüni oklanyň sesi:
-tarp! A a a a a a a a a a a a a a ...
 
-Dost eşitdiňmi, Meret ölüpdir?
-Aý ýok, näme bolup ölüpdir?
-Aý toýdan içgili gelip, ýerinde çilim çekip öýi ýanypdyr...
-Ýanyp ölüpdirmi?
-ýok, akno açyk eken, böküp ýetişipdir, pažarnikler bar eken...
- hä ýere gaçyp ölüpdirmi?
-ýoklaý, pažarnikleriň matrasyna degip ýene yzyna jaýa zyňlypdyr...
- Ha, onda ýanyp ölüpdirdä?
-Ýok hooow, açyk duran äpişgä ilişip, geçip barýan Kamazyň tendine düşüpdir...
-Maşyn basypdyrmy?
-Aý, ýok, tende düşüp ýene yzyna zyňylypdyr...
-Aý, ýo.....m...dyň Meredi, nädip ölüpdir, aýtda bol!!!
-Atyp öldüripdirler, eýläk-beýläk zyňlyp   z..b..l  edensoň....
 
 
Aýna restorandan içgili gelip, öýüne gelşine ärim biläýmesin diýip, derrew ýerine geçýärde noutbugyny alyp, NET-e girmäge başlaýar . Aňyrdan äri gelýär:
-Alkaş bl...t, geç ýeriňe, çemodany ýapdaa!!!
 
Söýgülim: “guşum, kepderim, pişijegim, towşanjygym....” diýýär diýip begenip ýören gyzlar, köp begenmäň, bular “HAÝWAN” diýmegiň medeniýetli görnüşidir.
 
BU BLOG 2199 GEZEK OKALDY.

Teswirler