Daşyna tiken sim çekilen ýurtda, Diňe uçup bilýan guşlar atylýar...

Daşyna tiken sim çekilen ýurtda, Diňe uçup bilýan guşlar atylýar... +13

Charlotte, 06.08.2020
Aý ýok, Annasoltan, beýle däl  owlak
 Sen hapa bolmadyň hapaladylar,
 Kim gara don geýip,
 kim ak halat geýip,
 Seni on iki ýyllap depelediler.
 Ilki dälihana sokup, 
 soňra gara ýere dykyp,
 Yzyňdan öwdüler, apaladylar
 Gideňden soň näçe ýyllap kärdeşleň
 Näden nä borka diýip sessiz gezdiler
 Ýaz diýileni ýazdylar, 
 poz diýleni pozdular
 Wejeralyk ýarşynda birbirinden ozdular
 Çap diýilse çapdylar, 
 tap diýilse tapdylar
 Dep diýilse depdiler, 
 Ketdeleriň uýat ýerin, 
 Öp diýilse öpdüler,
 Käte omaça oklap gap diýilse gapdylar,
 Ýa-da ýumruk görkezip,
 Gap diýseler gapdylar
 Olar şeýle köpdüler.
 
 Hapa boldum diýip kemsinme owlak,
 Seni hapalanlar boldular hapa,
 Eýtjekdik, beýtjekdik diýişip bugün,
 Çypdyryp otyrlar degirmän ýapa.
 
 Mes eşekler toýnak salýar ýyldyza,
 Hudaýy çagyrýar nä umyt hassa,
 Senem diýýäň men bir suwa düşeýin,
 Hapa suwdan çykjakmy sen arassa.
 Syýasata girýan barmy azaşyp,
 Hapa, batsaň boýuň bilen batylýar.
 Daşyna tiken sim çekilen ýurtda,
 Diňe uçup bilýan guşlar atylýar.
BU BLOG 2473 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Charlotte 1 aý öň
Awtoryny bilemok.
Keç ykbaly bolan Annasoltan Kekilowa (Dyza çökmedik şahyra) bagyşlanan goşgy...
@Charlotte 1 aý öň
Ne parhy bar meniň ýatan ýerimiň,
Daşa çykyp bilmeseň, gezip bilmesem.
Ne peýda bar islämde-de ölümi, Ajaly gujaklap ölüp bilmesem.

Ne peýda bar uçup giden bürgütden,
Penjesinde alyp gitmese meni. Nädeýin men gargalaryň şalygyn, Öwrenip bilmesem olaň dilini.

Ne peýda bar maňa biwepa ýardan,
Bir nadan oguldan, gadyrsyz gyzdan.
Çat açan ýüregim ýeriň üstünde, Gitmek islän wagty ýaz bilen güýzden.

Nädeýin men gök agaçlaň saýasyn,
Uzaklardan maňa ýat Gün görünýär.
Penjräň öňünde akja kebelek, Pelpelläpler, iki ýana urunýar.

Bu jahanda ýalňyz syrdaşym meniň,
Kebelejik, deň sen dünýä malyna. Sen-ä meň halyma dözmän urunýaň,
Men bolsa aglaýan seniň halyňa....
@Charlotte 1 aý öň
A.Kekilowa
@MucizeM 1 aý öň
Sag boluñ, paylashanyñyza!
@Perishdejik 1 aý öň
Shu shahyra hormatym ulydyr.Sonky goyan goshgyn ady "Kebelejik den sen dunya malyna" shumy
@Charlotte 1 aý öň
diňe kebelek dp bilýädim menä..bilmedim dogry adyny
@Charlotte 1 aý öň
Biziň gapymyzdan daglar görünýär

Biziň gapymyzdan daglar görünýär,
Şol daglaň hem öz ýüregniň dagy
bar.
Çabgalar jar ýasan dereleriniň
Almaly, injirli gözel bagy bar.
Ugramakçy bolsam alys illere,
Şu daglardan pata alýan hoşlaşyp.
Galýar daglar meniň dogduk ilimde,
Asmandaky bulutlara baş goşup.
Galýar daglar, galýar äpet bürgütler,
Gidýärin, alyslar garşylar meni.
Ýene daglar göz öňümde janlanýar,
Ýatlamda enemiň aýdymlaryny.
"Bu daglaň gerşine näçe guş gondy,
Bu daglardan uçup gitdi näçe guş.
Näçe gezek bu daglarda buz doňup,
Näçe gezek ýuwdy gerşini ýagyş.
Öpdükä, gör, näçe ynsan aýagyn,
Bu daglaň göwsünde uzaýan ýollar?
Näçe gezek açyldyka gunçalap,
Sürçek gaýalarda ýylgyran güller".
Gaýtalap enemiň şu aýdymlaryn,
Bir wagtlar meňem ýumular gözüm.
Şonda daglar pata berer hoşlaşyp,
Asmandaky bulutlara baş goşup.
Biziň gapymyzdan daglar görünýär,
Şol daglaň hem ýüreginiň dagy bar.
Kä egninde paralanyp bulutlaň,
Däli derelerniň joşýan çagy bar.

A.Kekilowa
@Charlotte 1 aý öň
sho goşgyň ady "Akja kebelege ýüzlenme "ekeni
@Tokmak 1 aý öň
Gaty gowy aýdypdyr. Kim ýazan hem bolsa, Alla ondan razy bolsun!
@Charlotte 1 aý öň

Annasoltan Kekilowa
"Düýşümde-de ýaňagymdan ogşama” Merjen monjuk, ýakut gaşly gülýaka Sowgat alyp dakma oglan döşüme. Söýgiň gudratyndan sergezdan bolup Gijelerem girme meniň düýşüme. Gujak açyp suwly ýaplaň boýunda, Hyýalyňda gujagyňda göterme. Ýok, ýok, sypalama gara saçlarmy Ýalbarýan ýürekden ýanymda durma. Meňzetme sen meni daň säherine Meňzetme sen meni aýly agşama. Mähir bilen demiň çaýyp ýüzüme, Düýşümde-de ýaňagymdan ogşama. Goý, gama batmasyn gara gözleriň, Unut meni, örteme sen bagryňy. Düşün ahyr, meň ýüregim küýseýär, Alyslarda galan şahyr ýarymy...


Garşylaň gyzlary

Owadan, siz, gyzlar, gözel siz, gyzlar,
Siz gülleň eýesi, guşlaň eýesi.
Hüşermäň, oglanlar, göriplik etmäň,
Gözellik gyzlaryň baky mirasy.
Görýäs biz olary uzak ýollarda,
Görýäris zavodlaň gyzgyn sehinde.
Görýäris asmanda, görýäris suwda,
Şadyýan gözlerin gyzlaň her günde.
Gyzlar baş daraýar aýnaň öňünde,
Gün äpet göwresin sallanda ýere.
Goý, olar beslensin, goý,
beslenmesin,
Deňemäň görklerin göwhere-zere.
Gün gizlenýär äpet gomlaň teýinde,
Barýar gyzlar köçelerden howlugyp.
Baýyrlaň üstümi, köprüleň gerşi,
Parhy ýok, oglanlar, garşylaň gülüp.
Garşylaň siz syr saklaman ýürekde,
Boluň siz näzijek gyzlaň eýesi.
Düşüniň, oglanlar, aýaň gyzlary,
Gözellik gyzlaryň baky mirasy.
ALADIN 9 years ago
Garşylaň gyzlary

Owadan, siz, gyzlar, gözel siz, gyzlar,
Siz gülleň eýesi, guşlaň eýesi.
Hüşermäň, oglanlar, göriplik etmäň,
Gözellik gyzlaryň baky mirasy.
Görýäs biz olary uzak ýollarda,
Görýäris zavodlaň gyzgyn sehinde.
Görýäris asmanda, görýäris suwda,
Şadyýan gözlerin gyzlaň her günde.
Gyzlar baş daraýar aýnaň öňünde,
Gün äpet göwresin sallanda ýere.
Goý, olar beslensin, goý,
beslenmesin,
Deňemäň görklerin göwhere-zere.
Gün gizlenýär äpet gomlaň teýinde,
Barýar gyzlar köçelerden howlugyp.
Baýyrlaň üstümi, köprüleň gerşi,
Parhy ýok, oglanlar, garşylaň gülüp.
Garşylaň siz syr saklaman ýürekde,
Boluň siz näzijek gyzlaň eýesi.
Düşüniň, oglanlar, aýaň gyzlary,
Gözellik gyzlaryň baky mirasy.
@Shahan1900 1 aý öň
Gowy gosgylary paylasypsyn Charlotte)