Diwaryñ içinden geçmekçi bolýanlar üçin

Diwaryñ içinden geçmekçi bolýanlar üçin +5

@Dipsomaniac | 15.08.2019 ý.
Kino görüp otyrkaňyz “wooo beýbäh, nätdeýow “ diýdiren ýagdaýlar 
bolanlygy ikuçsyz. Olaryň biri hem diwaryň içinden geçýän adam. Indi 
bu pursat näderejede hakykata ýakynlygyna degip geçeliň.
Dogrymy aýtsam çagalygymda arzuw edýän zatlarymyň biri. Aslynda 
edip bolýan eken ýöne biraz kyn eken. 
Eger-de diwaryň içinden geçmegimiz üçin ýeterlik derejede synanyşsak, 
teoriki taýdan geçip bilmegimiz mümkin.
Älemdäki, ýer ýüzündäki hemme zatlar, (şol sanda biz hem ) boşlukdan 
emele gelendiginden çen tutsak bu işi etmegimize haýranam galmaly 
däl. Tutuş ählisi boşlukdan ybarat bolan zatlar nädip bir birleriniň 
içinden geçmesin? Elimizdäki atomlaryňam köpüsi boşluk, diwardaky 
atomlaryň hem onda haçanda diwara ýumrugymyzy uran pursatymyz 
näme üçin elimiz göni geçip gidenok?
Beýle bolmaýşy, atomyň ýadrosynyň ( atomic nucleus, atomic core ) 
daşynda durman aýlanyp duran elekronlardan esaslanyp durýar. Ýumruk 
bilen diwara uran wagtymyz, diwaryň iň üstündäki ( ýüzündäki) 
elektronlar, şol bir ýük bolan elimiziň üstündäki ( urgynyň degjek ýeri) 
elektronlara garşy itiş kuwwadyny amala aşyrar. Bu itiş kuwwady şeýle 
bir güýçli bolup hakykatda hiç bir zada hem hiç bir ýerimizi degrip 
bilmezligimize sebäp bolar, garaz bir zada elimi degirmek diýip 
aýdýanymyz aslynda şol zada degirmek däl-de ýakynlaşdyranymyz 
bolup durýan eken. Aý garaz elimiz bilen diwary urup ýa ony ganadarys 
ýa-da döweris.
Has üýtgeşik geň bir zadam aýdalyň indi. Kwantowaýa Mehanigine ( 
quantum mechanic) görä elektronlar dowamly hereket ýagdaýynda 
bolýanlygy üçin, biz hem sypdyrman dowamly diwardan geçjek bolup 
ýeterlik synanyşyp dursak, diwardaky elektronlaryň arasyndaky 
boşluklar bilen bedenimizdäkiler bir birleriniň üstüne deň gelip bizi 
diwaryň içinden geçmek işimiz amala aşar. Ýöne wara trilýon gezek 
dagy synanyşan ýagdaýymyzda bu arzuwymyzy amala aşyryp bolar, 
hemde ähtimallyk hem pes bolup durýandyr.
Aý garaz wara, diýjek bolýanym el geçirjek bolup elde el goýman, ýa-da 
tutuş bedeniňizi geçirjek bolup baryp urulyp saňsar bolup ýörmäň, 
gowusy şo hemişeki ulanýan gapymyzy ulanybereliň akylyň öýjügi 
bolan adamlar :)

cheshme : bihepbe2-den terjime
bu blog 140 gezek okaldy

Teswirler

@Cepekey 4 hepde öň
Onda 1 2 gezek synanshanymyn peydasam yok eken. Goybolsun edeyin
@retro 3 hepde öň
aýdýana gapy ýeri ýönelige goýulmadyk
@Pishijek 3 hepde öň
:)
@wonderfull 1 hepde öň
Trillion gezek synanyşyp ýarpy göwräñ geçse ýa-da diñe eliñ geçse, soñam içinde galsañ bolaýýaram :)
Älemjahan