Düýnler uzak galdy,biz ýok ertede...
Düýnler uzak galdy,biz ýok ertede...

Düýnler uzak galdy,biz ýok ertede... +7

@Selya | 09.04.2019 ý.
Solup gitdi ýatlamalañ gatlary,
Heñläp galdy söýgi saýan duýgymyz.
Belkide taktyr bu,öz günämiz ýa,
Aýry ýola üýtgäp gitdi ugrumyz.

Ýöne indi bu zatlaryñ parhy ýok,
Düýnler uzak galdy,ertirem bizsiz.
Aýry kenarlarna düşüp derýanyñ,
Bir ömürlik dymdyk gürlemän sessiz.

Doýgun ýüreklermiz bilmedi gürläp,
Yşk tygynda daglansada tenimiz.
Aralyga,aýralyga öwrenşdik,
Ÿalñyzlykda saralsada meñzemiz.

Umuman adaty günler üýtgedi,
Özümizem üýtgändiris belki-de.
Geçmişi agtarmañ nepi ýok indi,
Dünýler uzak galdy,biz ýok ertede. 
bu blog 72 gezek okaldy

Teswirler

@Oguznesli 1 hepde öň
@Dipsomaniac 1 hepde öň
boje boje diydi
Älemjahan