Doganlarym!
Doganlarym!

Doganlarym! +4

Aýlara, 07.02.2020
Gaýgym aladamy deň paýlaşdyňyz,
 Syrym bolsa siz maňa syrdaşdyňyz,
 Siz meniň ömrüme many goşduňyz,
 Minnetdar men size jan doganlarym!

 Siz meniň baýlygym hem-de bagtym siz,
 Başymdaky altyn täjim tagtym siz,
 Durmuşyma şöhle saçýan ýagtym siz,
 Minnetdar men size jan doganlarym!

 Goldamady dostum,gelse kyn günüm,
 Siziň bilen manyly meň her günüm,
 Barlygyňyz üçin belentdir göwnüm,
 Barlygyňyza minnetdar jan doganlarym!

 Biriňiz sagymdyr biriňiz solum,
 Uzadan ýerime ýetip dur golum
 Diýersiňiz: “Mydam dogry tut ýoluň!”
Goldawyňyza minnetdar jan doganlarym!

 Sizler bilen baglydyryn ýürekden,
 Begenýärin hal-ýagdaýym sorsaňyz,
 Maňa başga hiç bir goldaw gerekdäl!
 Doganlarym :”Jigim” diýip dursaňyz!

Awtory: Aýlara Atajanowa.
BU BLOG 4649 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@bagtym 5 aý öň
bravo
@Aýlara 5 aý öň
spasibo!
@Betyigit 5 aý öň
Berekella @Aylara
@Aýlara 5 aý öň
Minnetdar! @Betyigit