Dostlar hakda tymsal
 Dostlar hakda tymsal

Dostlar hakda tymsal +2

MissMeri, 23.10.2020
Bir gezek bir ýigit öýlenmek kararyna geldi.
 
 Bir hepde bäri toýa taýynlyk görüp başagaý bolup. Bir gün agşam kakasyna ýüzlendi:
 
 “Kaka, meniň saňa haýyşym bar. Hemme zady ýeke özim etmäge wagtym ýok, şonuň üçin dostlarymyň sanawy. Olara jaň edip we toýuma çagyr'- diýdi.
 
 Kakasy: «Bolýar, oglum» diýip jogap berdi.
 Toý güni ogly kakasynyň ýanyna ylgady we gaharlanyp başlady: 'Kaka, ähli dostlarymy çagyrmagyňy haýyş edipdim saňa!'
 
 - Edil aýdyşyň ýaly etdim.
 
 - Ýöne sanawymda 50 adam bardy, men olaryň diňe 15-sini görýärin.
 
 - Oglum, hemmesine jaň etdim ... Hemme 50 sany adama. Olaryň hersine, jaň edýänimiň sebäbi sende mesele bardygyna, kynçylyk çekýändigiňi we dostlaryň kömeginiň gerekdigini aýtdym. Hemmelere şu wagtyň özünde, şu ýere gelmeklerini haýyş etdim. Şonuň üçin alada etme, oglum, ÄHLI SENIŇ DOSTLARYŇ ŞU WAGT, ŞU ÝERDEDIR!
Dostluk goldawy


                                                          @MissMeri
BU BLOG 1428 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@yzgant 1 aý öň
Peýdaly dostlar şulardyr: gönümel dost, ýürekdeş dost, köp zat eşiden we okan dost.

Peýdasyz dostlar şulardyr: ikiýüzli dost, ýürekdeş däl dost, hemem ýaňra dost.