Döwrümiziň gahrymany.

Döwrümiziň gahrymany. +4

Annagul, 17.05.2020
  Özüňiz bilýänsiňiz her ýurdyň, her bir milletiň öz gahrymany bolýar. Bu gahrymanlar özüniň gahryman diýip kabul edilen ýerinde özüne mynasyp ada, hormata myhasyp bolýar. Olary tanaýanlaryň sany millionlara ýetýär. Käbir gahryrymanlar bolsa dünýä möçberinde tanymal bolýarlar. Biziň döwrümiziň gahrymanlarynyň indi baý adam bolýan wagty hem az däl. Bu indi biziň döwrümiziň täze düshünjesi, ýagny gahrymanlar baý hem bolmaly diýilýäni. Biz olar bilen bu barada jedele girmeýäris. Çünki döwrümiz adam hukuklarynyň pajarlap ösüp barýan döwüri. Her kimiň öz pikirini aýytmana hukugy bar. Dogry ulanylanda baýlygyň hiç hili zyýany ýok. Tersine baý  bolmak ýaman ish däl. Garyp bolandan ýene baý bolanyň gowy. Baý gahrymanlar esasan ösen diýip hasaplanýan dashary ýurtlarda köp.Mysal üçin Amerikada. Olardan tanymal sportçylary, aýdymçylary, kino ýyldyzlary aýytmak bolar. Ýöne olar biziň milletimize gahryman bolup bilmejegi hemmä mälim bolsa gerek. Bize öz milletimize degishli bolan döwrümiziň gahrymany gerek.  Biz dashary ýurt gahrymanlaryny sylap, hormatlap bileris, emma biziň ýurdymyzyň gahrymany, mlletimiziň gahrymany diýip bilmeris. Bu sözde hiç hili kemsitme ýada göwnüýetmezçilik ýok. Sebäbi olar hem biziň milletimizden özlerine gahryman saýlan wagty ýok.
   Diýmek bize bir ýol galýar. Öz içimizden özümize gahryman saýlamak. Köne döwürlerde gahrymanlar esasan urushlarda batyrlyk görkezen adamlardan saýlanan. Bizde bolsa häzir parahatçylyk döwüri. Näme etmeli. Barybir gahryman gözlemeli. Parahatçylyk döwrüniňem özüne ýarasyk gahrymany bolsa näme bolupdyr. Kimden we nähili edip gahryman saýlanýanyny bilmek üçin dashary ýurtlaryň gahryman saýlaýshyna seretdim. Birinji bolup Amerika ýurdyna üns berdim. Bu ýurtdan bize tanysh bolan tanymal adamlary sanap ugradym. Sholbada Amerikanyň prezidenti Donald  Tramp göz öňüne geldi. Ol häzirki döwürde bütin dünýä üçin tanymal adam. Maňa gezek gelse, elbetde men bu prezidenti Amerika üçin gahryman saýlardym. Näme üçindir ol maňa ýokýar. Shol sebäpli men ony öz ýurdy üçin gahryman diýýän. 
  Ýöne meniň üçin öz ýurdymyň gahrymany gerek. Kimi saýlamaly. Nähili saýlamaly. Kelläme her dürli pikirler gelýär. Köp ýurtlaryň gahrymanlary özlerini özleri gahrymanlyga itekleýärler. Dürli hili bäsleshiklere gatnashýarlar. Bu bäsleshkide at alyp tanymal bolup gidýärler. Bu hili bäsleshikler bizde hem ýok däl. Dogry bu hili bäsleshikler bar. Ýöne bu bäsleshigiň ýeňijileriniň gahryman diýip halk arasynda tanymaly ýok. Olar diňe öz saýlan ugry boýunça tanymal. Onsoňam gahrymana gezek gelende adamlar dürli hili pikirlerde bolýarlar. Eger her kim öz islegine görä gahryman saýlamaly bolsa futboly söýýän, gahrymany futbolçylaryň içinden, aýdym-sazy söýýän adam, gahrymany aýdymçylaryň içinden saýlajagy görünip dur. Shu hili pikirden soň men özüme özüm gahryman saýlamagy makul bildim. Kem-kemden meniň özüme saýlajak gahrymanymyň sudury hyýalymda görünip ugrady. Ýöne meniň bu saýlan gahrymanlarymyň  köpçilige dogry geljekdigine ynanman birbada öz pikirimi aýytmakdan çekinip ýördüm we bir gün gürbek gawun özüniň mazasyna çydap bilmän ýarylyshy ýaly men hem öz gahrymanlarymyň adyny aýdyp bashladym. Men bu pikire tötänleýin gelmedim. Gahryman adyna saýlan adamlarymy durmushda öz gözüm bilen gördüm. Olar bilen hatda tanysh diýsem hem bolar. Bu hili adamlara siz hem dush gelensiňiz, çünki bu adamlaryň sany hem az däl. Olar bize köp dush gelýär. Birinji bolup meniň göz öňüme awtobuslarda, otlylarda dogry gelýän ýash ýigitler göz öňüne geldi. Bu ýash ýigitleri siz hem bilýärsiňiz. Olar esasan ullakan, içi özi üçin zerur zatlardan doly torbaly, öýüni-ilini tashlap uzak ýerlere ishlemäne barýan ýash ýigitler. Bu ýigitleriň aglabasy täze öýlenen. Olar ishe gidiip baryshyna diňe ata-enesini däl, eýsem öz gelinini, käbirleri bolsa kiçijik perzentlerini tashlap ishlemäne barýarlar. Bu ýigitler hiç kme ýük bolmazdan, özlerine ish gözläp tapyp, gazanç edip öz masgalasyny eklejek bolup çytalashan ýigitler. Ishleriniň agyr bolmagyna garamazadan, meýdanda hemishe öýüniň aladasyny etmegine seretmezden olaryň ýüzi gülyp dur. Ine shu ýigitleriň iň gowylary meniň üçin hakyky gahrymanlar. 
  Biribnji gahrymanlardan soň iknji gahrymanlar göz öňümde aýyl-saýyl boldy. Bu elbetde gyzlar. Derrew aýdarsyňyz gyzlardanam bir gahryman bolarmy diýip. Ygtyýaryňyz. Men sizi mejbur etmeýärin. Men özüme gahryman saýlaýaryn. Eger ylalashmasaňyz siz hem özüňize gahryman saýlap bilersiňiz. Bu gyzlary men ençeme gezek gördüm. Olar bir top gyzlar bolup esasan çöl meýdanlarda ekilen ekerançylykda ishläp gazanç edýärler. Olar hem hiç kime ýük bolman öz azabynyň hasabyna mashgalasyny eklejek bolup çytalashýarlar. Olar çöl meýdanyň yssysyna çydap otag, ýekeleme islerini alyp barýarlar. Haçan hasyl ýetende bolsa dynman pagta ýygýarlar. Soňky döwür ýurdymyzda gök ekinleriň köpelmegi bilen baglanyshylykda olar ýer alma, käshir, sogan ýaly gökleriň hem hasylyny ýygnamana gatnashýarlar. Baglaryň döremegi bilen olar indi her dürli miweleri, shol sanda erigiň, almanyň, shetdalynyň, üzümiň, naryň hasylyny hem ýygnaýarlar. Olar bu hasyly ýygnan wagtlary shu çöl meýdanda ýatyp turýarlar. Olaryň çydamlylygyna seret.
  Üçünji bir gahryman hem mälim boldy. Bu elbetde ýokary okuw jaýlarynda okaýan talyp gyzlar. Oglanlar däl. Gyzlar. Näme üçin bu talyp gyzlary gahryman diýenimi özüm hem anyk bilmeýärin. Ýöne men bir zady oýlanýaryn. Geljekde ýurdymyzyň ösüshi esasan aýal-gyzlara bagly bolar öýüdýän. Haçan şeýle ýagdaý ýüze çykanda häzirki talyp gyzlar olara ýolbashçylyk etmeli bolarlar. Ine menniň döwrümize saýlan gahrymanlarym. Eger meniň bilen ylalashmasaňyz öz kanditatlaryňyzy öňe sürüp bilersiňiz. Men sizi eshitmäne taýyn. Kimi saýlasaňyz hem siziň öz hukugyňyz bar. Men siziň öňe saýlan gahrymanyňyzy goldaryn. 
BU BLOG 2290 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Elnara 2 hepde öň
Awtoryny hem yazaysanyz
@Hazar 2 hepde öň
Arada bir mafiýaly kino gorup otyrdym, şonda yurduñ mediýasynyñ başlygyny ele geçirip oldurjek bolanlarynda,
- "Meni oldurman saklasañ seni gahryman edeýin" diýýar .
Ol oglan bolsa "Gahryman edilmeýar bolunýar " diýdi.
Şonuñky ýaly bizin saýalanymyzyñ peydasy ýok wagty geler Gahryman bolan tapylar, oña çenli bolsa metbugatymyzyñ gahryman edenleri bilen gezibereýliñ.
@Tokmak 2 hepde öň
"..öz kanditatlaryňyzy öňe sürüp bilersiňiz."

Köp adamy görkezip biljek. Ýöne, häzirki döwürde güzerany üçin çagalaryny, ýurduny terk edip, ýat ýurtlarda zähmet çekýän ildeşlerimizi, hem-de olaryň yzynda WEPALY bolup, maşgala ojaklaryny berk saklap oturan zenanlarymyzy aýratyn agzasym gelýär.
@Tokmak 2 hepde öň
Elbetde ýurt içinde bolup hem maşgalasyny hor-homsy etmezlik üçin halal zähmet çekýän erkek ildeşlerimize we ýoluny çöpe-çöre urdurman, erkekler bilen deň zähmet çekýän aýal-gyzlarymyza hem "Berekella" diýýärin. Bular hem hakyky gahrymanlar.
@Annagul 2 hepde öň
Tokmaga minnetdar. Gahrymanlar barada menden hem gowy aýytdy.
@Samira 2 hepde öň
Biraz sayhallyrak yazan bolsan gowy bolardy. Meswlem pikirlerini biraz filtrden gechirip kichirak kichirak abzaslar etsen, abzaslaryn arasynda boshluk goysan yerlikli bolar okamak ansat bolar