Dowzah we Jennet hakda paýhasly tymsal
 Dowzah we Jennet hakda paýhasly tymsal

Dowzah we Jennet hakda paýhasly tymsal +3

MissMeri, 22.10.2020
Bir gün bir adama Hudaýy görmek bagtyna eýe boldy. Iň möhüm zady biljek bolup, ol adam sorady:
 
 - Taňrym, Jenneti we Dowzahy göresim gelýär.
 
 Taňry adamyň elinden tutup, iki sany  gapyň ýanyna getirdi. Birini açanlarynda, olar ortarada uly tegelek stol bilen ullakan jam gördüler. Ol jam gaty hoş ýakýan ysly nahardan doldurylgydy, tagamdan onuň agzyny tüýkülikden doldurtýardy.
 
 Adamlar stoluň töwereginde otyrdylar - halys, syrkaw ýa-da açlykdan ölýän ýalydy. Olaryň hersiniň elinde up-uzyn tutawaçly çemçe bardy. Iýmiti aňsatlyk bilen alyp bilýärdiler, ýöne öz agyzlaryna ýekeje gezegem çemçe getirip bilenokdylar. Olaryň betbagtlygyny görmek juda täsin duýgy döretýärdi.
 
 Taňry: 'Edil şu wagtyň özünde sen dowzahy gördüň' - diýdi.
 
 Olar ikinji gapa gitdiler. Ol gapyny açyp görenlerinde, olaryňky ýaly, şol bir tegelek ullakan stolda, lezzetli iýmitlerden doldurylan, edil şolaryňky ýaly, şol bir uly jamy gördüler. Hatda stoluň töweregindäki adamlarda-da edil şolaryňky ýaly, şol bir çemçe bardy. Ýöne olaryň hemmesi kanagatly, dok hem bagtly görünýärdiler.
 
 - 'Men düşünmedim' - ol adam diýdi.
 
 - Bu ýönekeý - diýip, Taňry jogap berdi.
 - Bular birek-biregi iýmitlendirmegi öwrendiler. A olar bolsa diňe özleri hakda pikir etýärler.
 
 Moral: (Dowzah) Jähennem bilen Jennet birdir. Tapawut - öz içimizdedir.
 
                                                         @MissMeri 
BU BLOG 1355 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@yzgant 1 aý öň
Bu tymsaldaky jennet bilen dowzah barada aýdylýan zatlar bu dünýädäki adamlara mysal hökmünde getirlipdir diýip düşüneliň, ýagny gowy adamlaryň hem-de erbet adamlaryň bu dünýädäki ýagdaýlary, ýaşaýyşlary meňzeşiräkdir.
@MissMeri 1 aý öň
@yzgant Siz dogry düşünipsiňiz! )
@Graff 1 aý öň
"Bir ajy doýurmak hajdyr ýaranlar..." diýipdirler. Manyly tymsal, ýetirip dur!
@Frilance 1 aý öň
Gaty onat menin yagshylyk baraday pikirlerime hasam tasir etdi!
@MissMeri 1 aý öň
@Frilance Minnetdar! )
@kanayhan 1 aý öň
hazir alem ika bolunenok hazir dowzah diyip zat yok.
@Frilance 1 aý öň
Menin pikirimche ol hemishe boupdy bolmandada birinin pikirini sylamak in gowy zat:)