«Dünýäniň görki nä? Aýdyp bersene!»
«Dünýäniň görki nä? Aýdyp bersene!»

«Dünýäniň görki nä? Aýdyp bersene!» +4

white, 26.06.2020

Soranmyş bir wagt Aý Güne bakyp: . «Dünýäniň görki nä? Aýdyp bersene!»

Gün hem diýenmişin nuruny döküp:
«Dünýäniň bar görki enedir, ene!»

Soranmyş bir wagt ýel suwa bakyp:
«Dünýäniň berki nä? Aýdyp bersene!»
Suw hem diýenmişin şarlaýyp akyp:
«Dünýäniň bar berki enedir, ene!»

Soranmyş boz gulan bir ata bakyp:
«Dünýäniň örki nä? Aýdyp bersene!»
At hem diýenmişin jülgeler söküp:
«Dünýäniň bar örki enedir, ene!»

Soranmyş bir ene şahyra bakyp:
«Dünýäniň durky nä? Aýdyp bersene!»
Şahyr hem diýenmiş dyzyna çöküp:
«Dünýäniň bar durky ene, sen, ene!»

Awtory: Gurbandurdy Gurbansähedow


BU BLOG 4172 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MucizeM 2 hepde öň
❤️❤️❤️❤️
@lifeisgood07 2 hepde öň
Birinji ýatlan goşgym :) geň görüpdiler gaty kiçidim