Durmuş hakda biläýmeli hakykatlaryň birnäçesi
Durmuş hakda biläýmeli hakykatlaryň birnäçesi

Durmuş hakda biläýmeli hakykatlaryň birnäçesi +4

@Graff | 10.05.2019 ý.
1. Size özgeleri özgertmek başartmaz, galyberse-de, şeýle etmäge çytraşmagyň özi hem salykatsyzlyk bolar. 
2. Toplanan artykmaç agramdan saplanmak, semremezlik üçin yhlas etmekden has kyndyr.
3. Eger oňly belet bolmadyk bir kişiňiz bilen söhbet edýän bolsaňyz, söhbedini edýän zadyňyza size görä has belet kişi bilen gürleşýän bolmagyňyz juda mümkindir.
4. Haýsydyr bir zadyň iň gymmat görnüşi hem, iň arzan görnüşi hem, adatça, olar üçin tölenen pula degýän däldir.
5. Hemmeler artykmaç warsaky sözlerini çepe-saga sowurmaýan kişileri halaýandyrlar.
6. Keýpsizlik ahwalaty islän wagty gelip, islän wagty gidýändir, ony güýç ulanyp, umma kowjak bolup erjeşmek, diňe onuň siziň isleýşiňizden has uzak eglenmegine sebäp bolar.
7. Biz — ulular ýalan sözlemegi öwredýänçäk çagalar juda-juda dogruçyldyrlar.
8. Eger siziň görýän serialyňyzyň ähli gahrymanlary adatdan daşary sypaýy bolsa, onda ol göreniňe-de degmeýän bolsa gerek.
9. Barha beleň alyp, has ýokary hörpde gürläp başlaýan bolsaňyz, adatça, ähli zat öňküsinden hem ýaramazlaşýandyr.
10. Siz illeriň özüňiz barada näme pikir edýänligini alada edip oýlanýan çagyňyz, hakykatda, siz özüňiziň özüňiz barada näme pikir edýänligiňiz barada biynjalyk bolýansyňyz. 
11. Eger bir endişe (problema) bilen garşylaşan bolsaňyz, ony kimiň döredenligine bakmazdan, bu meseläniň ýazylyp gitmegi üçin jogapkärçilik elmydama siziň boýnuňyzdadyr.
12. Wagt babatda siz bir gezekde diňe ýeke pursat bilen iş salşyp bilersiňiz.
13. Eger siz edýän hereketleriňiz babatda hiç haçan iňkise gitmedik bolsaňyz, onda siz ençeme säwlik goýberen bolsaňyz gerek.
14. Islegleriňize erk-ygtyýar etmek siziň özleşdirip biljek ukyplaryňyzyň iň wajybydyr.
15. Hiç kim hemme zady bilip bilmez.
16. Müňkir bolmak şeýle bir aňsat welin, onuň haýyrly zat däldigine ynanasyň gelýär. 
17. Ýolda-yzda gabatlaşýan kişileriňiziň hemmesi hem, edil siziň bilen deň-derejede çylşyrymlydyr we köpgyraňlydyr.
18. Nämedir bir zady ýigrenýän çagyňyzda, ýigrenç yzyna — eýesine-de dolanýandyr. Bu adamlar babatda-da, hal-ýagdaýlar babatda-da, jansyz predmetler babatda-da şeýledir.
19. Eger durmuş hakda has köp zat bilmek isleýän bolsaňyz, Ralf Uoldo Emersonyň işlerini okaň. Olar durmuş, bagt hem ýagşylyk baradaky bilimleriň hakyky hazynasydyr.
20. Adamlar ulaltmaga — gabartmaga döwtalapdyrlar, meýillidirler. Hemme zady we hemişe.
21. Gahar siziň ruhy taýdan ejizligiňiziň subutnamasydyr. Zorluk babatda-da şuny aýtmak bolar.
22. Adamlar öz düşen ýagdaýlaryny halamasalar, köplenç ondan gaçybatalga hökmünde olar öz pikirlerine çümýärler.
23. Iň köp zeýrenýän kişi, netijede, iň az zat gazanýandyr, iň pes derejä ýetýändir. 
24. Nämedir bir zady näçe köp soňa goýdugyňyzça, ony amala aşyrmak şonça-da kyn we ýaýdandyryjy bolýandyr.
25. Karzy (kredit) tölemek babatdaky bergidarlyk kalbyň diwarlaryny dyrnaçaklap durandyr.
26. Dünýäde bolup geçýän zatlaryň sähelçe ülüşini hem hiç kim doly bilýän däldir. Bir adamyň anyk akyl ýetirerinden dünýe juda ägirtdir.
27. Görýän zatlarymyzyň agramly bölegi, hakykatda, diňe bir görýän zatlarymyz baradaky edýän pikirimizdir.
28. Özlerini bu dünýä asyl boluşlary ýaly bagyşlap, görnüp bilýän kişiler edil göwherler ýaly seýrekdirler.
29. Iň bir giň ýaýran garaşlylyk — adaty uýgunlaşylan rahatlyga bolan garaşlylykdyr. Ol arzuwlary kül-uşak edýändir, adamlary ysmaz hala salýandyr.
30. Eger siz özüňiziň hut şu mahal meşgul bolýan zadyňyzy bütinleý howpsuz hasaplaýan bolsaňyz, belki, hut şol işi etmegiň edil bir onuň ýaly howpsuz bolmasa-da, has netijeli usuly bardyr... 
31. Adamzat taryhyndaky iň bir beýik oýlap tapyş gepleşik dilidir.
32. Jogapkärçilikden gaçarak durýan kişileriň iň söýgüli güýmenjesi jogapkärçiligi üstüne alýan kişileri ýazgarmakdan ybaratdyr.
33. Durmuşda (ömür ýoluňyzda) duçar bolan islendik adamyňyz haýsydyr bir zat babatda sizden has ökdedir.
34. Subutnama — bu bary-ýogy siziň öz garaýşyňyz bilen gabat gelýän garaýyşlar toplumydyr.
35. Iň gowy ynanç-ygtykat — bu bilimdir. 

Dowamy bar...

Taýýarlan: @Graff
 
bu blog 179 gezek okaldy

Teswirler

@Gnusmas 1 aý öň
18 bn ylalasmayan. Name ucindigini mysal getribem biljek
@Graff 1 aý öň
Bolup biler, bu ýerde pozitiw bolmak barada aýdylýar, bu sözlem kitapdan alnan D.Banera...
@Foton 1 aý öň
34 chozupdirmi? Sudyalara, sulchulere okatmaly ekenay shuna.
@Jepax 1 aý öň
Ay bara gaty gowy zatlar yazylana menzeyar welin, terjime edilende manysy "kanun" yaly elasticni bolupdyr my namemi, kopusinin turkcesinj ya orscasyny bir demde dushunerdik oytyan
@Foton 1 aý öň
Terjimesi erbet dal, koplench bashga dillerde okap, bashga dillerde pikir etmage owrenishenson sheylerak gorunyandir. Kabir terjime edilen kitaplary gorende, bu haaas gowy.
Älemjahan