Durmuş hakda biläýmeli hakykatlaryň birnäçesi
Durmuş hakda biläýmeli hakykatlaryň birnäçesi

Durmuş hakda biläýmeli hakykatlaryň birnäçesi +3

@Graff | 21.05.2019 ý.
(Dowamy. Öňi geçen temada)

36. Islegleriňi amala aşyrmak — asla egoizm däldir.
37. Adamy haýwanlardan näme parhlandyrýar? Haýwanlaryň aňsatlyk bilen öz-özleri bolup bilýändikleri.
38. Sizi özüne dartyp alýan çöketlikden çykmagyň ýeke-täk usuly kalbyňyzyň çuňlugynda nämeleriň bolup geçýänligini seljermekdir.
39. Siz her kim bolsaňyz hem, bir gün amanat jany tabşyrmalysyňyz. Emma muňa akyl ýetirýän we kaýyllanýan bolsaňyz, diýmek, siz dirisiňiz.
40. Ar almagyň hatyrasyna ar alyş — bu nämynasyp derejedir we jogapkärçiliksizlikdir, geleňsizlikdir.
41. Eger siz durmuşyňyzy tekjelere bölmegi başarsaňyz — ýaşamak siziň üçin has ýeňil düşer.
42. Her bir ýoň bolan galypda hakykat ýygşyrylandyr. Ony şeýle bir köp gaýtalanyp, lenç edilendir welin, siz ony eşidip, dymmaklyk bilen muňa garşy çykyp, nazaryňyzy süýr-depäňize gönükdirersiňiz, emma hakykat beýle edeniň bilen hiç bir ýere gaýyp bolmaz. Ol barybir şol ýerdedir.
43. Adamlaryň özgelere yza berýän sütem etmekleri, köplenç, olaryň özleriniň hem yza duýup, jebir çekýändikleri bilen baglydyr. Eger eliňizden gelýän bolsa, olaryň derdine em etjek bolup, şypa bermäge çalşyň, bu olaryň gaýdyp kesekä ýara salmazlygyna ýardam eder.
44. Hil hemişe mukdardan ýagşydyr, bu maddy bähbit, dostlar we gymmatly tejribe babatda-da dogrudyr.
45. Eger hemmeler «National Geographic»-i okaýan bolanlygynda, dünýe has oňat ýer bolardy.
46. Eger siz tenhalykda betbagt bolsaňyz, siz islendik bir gatnaşyk babatda-da betbagt bolarsyňyz.
47. Hiç zat mugt, muzdsuz bolmaýar. Nämedir bir zat üçin hatda pul tölemeli bolmasaňyz hem, barybir, oňa wagt sarp etmeli bolýansyňyz.
48. Nämedir bir zada garaşly bolmak — biziň pikir edişimize garanyňda, jemgyýetdäki has çynlakaý meseledir (problemadyr). Adatça, biz başgaça atlandyrýan hem bolsak, ol mesele haýsydyr bir görnüşde biziň her birimizde bardyr.
49. Gadam urşuňyzy we geýnişiňizi üýtgetmek bilen, siz özüňizi duýşuňyzy hem özgerdýänsiňiz. Isleseňiz-islemeseňiz-de, özgeleriň siz baradaky pikiri hem üýtgeýändir.
50. Ulag sürmegi oňarýan kişileriň bary özleriniň bu babatdaky ukybyny ortatap derejeden has ýokary hasaplaýarlar.
51. Eger siziň durkuňyzy özge birine temmi bermek meýli gaplap alýan bolsa, özüňize oňatja nazar eýläň, belki, bu islegiň gözbaşy siziň süňňüňizde busup ýatandyr.
52. Adamlaryň aglaba köpüsi dürli hili bolgusyz zatlar hakynda öte kän pikirlenýärler.
53. Eger siziň dostuňyz ýok bolsa, mundan ýaman hiç närse ýokdur.
54. Adamy hasapdan öçürmek oňa beden taýdan sütem etmekden hiç bir babatda oňly däldir.
55. Näçe bolmajak bolsak hem, biziň ählimiz ikiýüzlüdiris.
56. Adalatlylyk — ideallaşdyrylan hem ýetilmesi müşgil bolan bir ýagdaýdyr, emma muňa garamazdan, köpler onuň ýolunda ençe adam ömrüni pida etmäge taýýardyrlar.
57. Eger siz çagalara bir zat aýdanyňyzda bir ýa iki gysga sözlem bilen çäklenseňiz, adatça, olar size düşünerler.
58. Arzanladylan bahadan haryt satylyşynda nämedir bir zat satyn almak höwesi oýansa, ilki oňatja oýlanyň, «emmasy» bar bolaýmasyn.
59. Çem gelen ýerde paýyş sözleri paýradyp ýören bolsaňyz, siz tentege meňzeş bolýansyňyz.
60. Söz abyrsyz güýje eýedir. Ýerliksiz aýdylan ýeke söz tutuş ömrüňe tagma boljak ýara salyp biler.
61. Kimdir biriniň bir gününi ýakymlylyga eýlemek isleýärsiňizmi? Onda ol adama aňrybaş derejede eglişikli çemeleşiň.
62. Perzentleriň öz ata-enesinden öwrenýän zatlarynyň aglabasy ata-enäniň olara öwretmegi pikir hem etmedik zatlarydyr.
63. Islendik bir mesele (alada, endişe) bilen çaknyşmaly bolsaňyz hem, ol hiç haçan hem şonuň bilen bagly gorkynyň berýän yzasy ýaly ýokuş degmez.
64. Hiç bir zat hiç haçan edil takyk garaşylyşy ýaly bolýan däldir.
65. Adamlaryň aglabasy öwgi sözlerini we teklip edilen kömegi kabul etmegi başarmaýarlar.
66. Özüňize beren sözüňizi, wadaňyzy bozsaňyz, siz özüňizi oňaýsyz duýarsyňyz. Bu ýagdaý endige öwrülse welin, özüňizi ýigrenip başlarsyňyz.
67. Keýpiňiziň ýoklugyny özüňize belet bolan adamlardan gizlemek size başartmaz, ýöne bu salykatsyz bolmaga esas berýän däldir.
68. Rahatlyga eýe bolmagyň iň oňat usuly — ýyldyzlar ummanyna garamakdyr.
69. Halamadyk kitabyňy soňuna gadar okamaklygyň hiç hili manysy ýokdur. Ömür munuň üçin juda keltedir. Gedemligiňizi ýuwduň-da, ony yzyna tekjä goýuň.
70. Nähilidir bir täze zady özleşdirmek üçin, adat bolan zada siňdirýänimizden sähelçe artyk yhlas görkezmek zerurdyr.
71. Ömür — ýalňyzlykdaky jahankeşdelikdir, ýöne size mahalmahal ýoldaş goşulýandyr. Käbiri — uzak möhletlik, käsi — gysga pursatlyk.
72. Göwnüňize durmuşyňyz sizi irizýän ýaly görnüberse, bir gowy kitap okaň.
73. Ähli zadyň başgaça bolmagy barada arzuw etmek bilen siz özüňize jebir berýänsiňiz.
74. Bagtly bolmak başarnygy — bu özgerişliklere düşünmäge we olary kabul etmäge bolan ukypdyr.
75. «Wagt öldürmek» — ýazyklaryň iň ýaramazydyr. Oňa baha kesip bolmaýar, şeýle-de ony dolap getirip hem bolmaýar. 
 
(Gyzykly bolandyr diýip umyt edýän...)
Taýýarlan: @Graff
 
 
bu blog 95 gezek okaldy

Teswirler

@Foton 1 aý öň
Shun cheshmesinem gorkezaymeli ekenin
@Foton 1 aý öň
Terjiman erbet dal. +4-lik dagy goysan boljak. )))))
@Graff 1 aý öň
Dürli çeşmelerden jemlenen, okanyňyz üçin minnetdar! :))
@cherry 1 hepde öň
hawa gyzykly eken
Älemjahan