Durmuşa çykýan gyza agasynyň aýdany
Durmuşa çykýan gyza agasynyň aýdany

Durmuşa çykýan gyza agasynyň aýdany +3

@123456 | 08.01.2019 ý.
 Şeýle-da, adamda owaldan ykbal:
 Näçe ýaşasak-da göwnümiz ýykman,
 Ahyry gyz dogan gitmeli hökman,
 Guwanmaga aýratyn öz bagtyna!
 .
 Gynanmagyn gidýäniňe durmuşa,
 Şeýdip gitmek-bir berilýär bir başa,
 Habardar bol, galyp birden gargyşa,
 Bu ýollarda büdüreme, enteme! 
 .
 Unutmagyn, nirde bolsaň, uyasyň
 Agaň uçin “NAMYS” atly söýesiň! 
 Sen şol söýä diňe özuň eýesiň,
 Şu pähimler guýlan bolsun zandyňa!
 .
 Hyzmat etmelisiň üç sany “äre”
 Birinjisi-eliňdäki hünäre,
 Ikinjisi ýene namysa-ara,
 Üçünjisi-saýlap-seçen ýigdiňe!
 .
 Ýakynlaşman ýaşamaly ýalňyşa!
 Beýtmek üçin gaty berkden bil guşa!
 Aňsat däldir, ýar ýoluna gul duşe,
 Abraýyňdyr-arka durgun antyňa!
 .
 Ýaman çyksa-ýagşy bolar öýdeniň,
 Gykylyklap peýdasy ýok utanyň.
 Gorkyň bolup görünýändir edebiň, 
 Kök uryançaň täze öýe, kendiňe!
 .
 Dogry, uly baýlyk ýokdyr saklykdan,
 Paýyň bolsun bu dünýäde deňlikden!
 Kösenmeli bolmaweri kemlikden,
 Ýüzüň duşsun ogul-gyza, agtyga
 .
 Garaz, gowluk bilen geçsin gün, aýyň, 
 Kömek gerek bolsa, duýdur, ylgaýyn!
 Seni ýatlap gynanmaly bolmaýyn,
 Çuwal bagşy gygyranda “Ýandyma!”
 
 Gurbanýaz Daşgynow.

bu blog 324 gezek okaldy

Teswirler

@123456 5 aý öň
suratyň awtory instagramda @gldwa diýen agza.
@Milashka 5 aý öň
Govy
@Jepax 5 aý öň
Surat owadan bolupdyr
Älemjahan