Durmusha cykyan gyza enesinin owutleri!!

Durmusha cykyan gyza enesinin owutleri!! +3

Perishdejik, 06.11.2018


Balam tãze durmuş ýola barýarsyñ,
Gujagymda ezizlenip ýaýnansyñ,
Ýollaryñ ak bolsun bagtyñ daş ýarsyn,
Atañ óyne gúlúp geljek bol gyzym.
Arzylanan gelin boljak bol gyzym.

Arzuwlaryñ myradyna gowuşsun,
Gaýynlaryñ senden göwni suw içsin,
Baran ojagyña aýagyñ düşsün,
Hemmeleñ göwnünden turjak bol gyzym,
Arzylanan gelin boljak bol gyzym.

Ene Atañ ýúzün ýere salmagyl,
Göwne degjek sôzler dile almagyl,
Sähel gepe óye ylgap durmagyl!
Baran ojagyñda oñjak bol gyzym.
Arzylanan gelin boljak bol gyzym.

Ýanýoldaşyñ sòyip syla hormatla,
Zenan wepasyny belentde sakla,
Hergiz ústûñden gùn doguryp ýatma,
Mydam sáher bilen òrjek bol gyzym,
Arzylanan gelin boljak bol gyzym.

Baran òýüñ bahary bol ýazy bol,
Baldyzlaryñ bilen dogan ýaly bol,
Śúkurli bol bar ýoguna razy bol,
Eltileriñ göwnün aljak bol gyzym,
Arzylanan gelin boljak bol gyzym.

Durmuşdyr by synaglaryn görüp geç,
Her bir išden ýagşy many alyp geç,
Kynçylygy sabyr bilen ýeñip geç,
Bagtyñ lezzetini duýjak bol gyzym.
Arzylanan gelin boljak bol gyzym.

Allam perzent bersin akylly-huşly,
Goñšulañam bilen bol sylaşykly,
Dideleriñ hergiz górmâýin ýaşly,
Her bir işe òkde erjel bol gyzym,
Arzylanan gelin boljak bol gyzym..

Mydam ýagşy işde bolup gòrelde,
Her kim ýúze sylsyn seni görende,
Abraýyñ mertebâñ bolsun belentde,
Eneñ öwùtlerin unutma gyzym,
Bol gòzel durmuşda bagtly gyzym!
BU BLOG 417 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Bashkan 1 ýyl öň
Durmusha cykyan gyza Enisteinin owutleri!! atly blogam açsana kyn görmän
@white 1 ýyl öň
Wah bu goshgyny menin goymak planymda bardy. :))))
@Perishdejik 1 ýyl öň
@Bashkan nesip bolsa oylenjek oglana berlen owutlerinem goyjak
@Perishdejik 1 ýyl öň
@Bashkan gayrat et norm bol