Düşünýän gerek (goşgy)
Düşünýän gerek (goşgy)

Düşünýän gerek (goşgy) +4

yzgant, 22.10.2020
Ir säherler täret suwyň ýylaldyp
Mä-h atasy diýip äberýän gerek
Ýaşlaryň bolşuna käýinen çagyň
“Dogrydyr şol” diýip hä berýän gerek

Öýüň bar keşbini gerdenine alyp
Gamlansaň gamlanyp, şatlansaň gülüp
Käýämde kiçelip bir gysym bolup
Öwemde eselip gabarýan gerek.

Ýatlamda ilki mähriň çoglaryn
Şol pursatlar ýada düşse aglaryn
Öte geçip şerden geçen çaglarym
Ýanar ot bolup çagyrýan gerek

Jennete meňzeýän bu ajap döwür
Salah bolsoň dostlar jebirdir-jebir
Ynsana gerek zat mähirdir höwür
Ysnyşyp dyzlaşyp çaý berýän gerek

Selpäp tapaýsamda dükan çöregin
Ertesi yslanyp bular ýüregiň
Tamdyr nany küýsegimdir geregim
Bäş barmagynyň yzy galan nan gerek

Iş buýramda çytylmasyn gaşlary
Gülüp garşy alsyn deňi duşlary
Gybatkeş bolmasyn degre daşlary
Goňşy golam bilen oňuşýan gerek

Käte küýsänimde un aşyny
Bişirende çytmasyn ol gaşlaryny
Dökmäwersin bar galanja dişimi
Şorta sözlerime düşünýän gerek

Işden barsam suwsyz molar mallarym
Agşamlaryna erbetleşýär hallarym
Çarkanlyklydyr ömür ýollarym
Çarkanykly ýoluň düzleýän gerek

Iç gepledip ötürýärin günimi
Hupbatly geçirýän gijäň tünini
Ýorgan düşek ýylaltmaýar tenimi
Çogly mähri bilen ýylaldýan gerek

Eklenmeli bolsaň oguldan gelinden
Minetli aş iýmersiň elinden
Mährim ganmaz gelinleriň bolundan
Maňlaýyma ýazylan bir zenan gerek

Gözlesemde dostlar gündiz çyraly
Tapmak çetin özüme taý maraly
Dostlar men bir salah ýürek ýaraly
Ýaraly ýüregimi bejerýän gerek

Ýanýoldaşly bolmak iň uly baýlyk
Gadyryň başgadyr alaňda aýlyk
Mämmet aýdar gerekmese bir taýlyk
Zanny päk, süňňi päk musulman gerek
BU BLOG 1524 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MucizeM 1 aý öň
Awtory sizmi?
@yzgant 1 aý öň
ýok men däl, garry molumdy, pahyr boldy.