Düwürtikler barada...

Düwürtikler barada... +5

@Schastye | 19.06.2019 ý.
Mmmm, bilýän, köp kişiniň iň ejir çekýän temasy şu "DÜWÜRTIKLER". Olardan sagaman dynmak hemmeleriňem arzuwy. Meň özümem kynçylyk bn dyndym, doly däl, ýöne öňkiler ýaly göm-gök, gyzyl agyryly düwürtikler ýok. Ilki bn çykmagynyň sebäplerini düşündireýin:
1. Jahyl düwürtik - bu düşnükli gormonlaryň esasynda, ýagny ýetkinjeklik düwürtikleri peýda bolýar. 
2. Esasy meseleli ýeri iýmit siňdiriş ulgamyndaky kemçilikler sebäpli çykýan düwürtikler. Bular edil meňki ýaly, gök, gyzyl, agyryly düwürtikler. Hökmany suratda iýmit siňdiriş ulgamynyň işleýşini sazlaşdyrmaly.
3. Daşky täsir esasynda düwürtikler esasan duýgur tenlilere çykýar. Howa arkaly, ýa eliňiz bilen ýüzüňizi elläňizde, dürli daşky täsir netijesinde bakteriýalar düşýär. Olaram açyk poralara düşüp, salnaýa železanyň ýag bölüp çykarmagyna päsgel berýär. Şeýdibem iriňli dykyn emele gelýär. 
Bulardan dynmagyň ýollary: hemme wagt ýüzüňizi arassa saklaň, irden agşam gerek bolsa günortan ýörite düzüminde salisilowaýa kislota bolan geller bilen ýuwuň, skrab, piling, tonnik. Gel bolmasa piling tonnik, gel bolsa skrab, şeýdibräk arssa saklaň. Gören arzan kosmetik serişdeleriňizi ulanmaň. Gyzlara tonalnyý woobşe gerek däl gündelik, duýgur tenli bolsalar. Iýmit siňdirişi sazlamak üçin irden aç garnyňa süzmäň başýuwlygyny içmeli, ýa-da LAKTOFILTRUM diýip derman bar şony içiň, iň bolman-da 15 gün. Maňa peýda beren zatlar şu aýdýanlarym. Süýji zatlardan, ýagly naharlardanam uzagrak durmaly. Biraz dieta zyýan bermez. Bazeron As mazam gowy peýda berýä diýýäler, özümä ulanamok welin. Barlap görüň. Ýatýan ýassyklaňňyzyň daşlary 2 günden artyk ulanylmsyn, her hili ýagdaýda bakteriýa düşýär. Koroçe özüňe gowja seretmeli, galdyran zadym ýokdurlaý. Onsaňam diňe gyzlar däl, ýüzi düwürtikli oglanlaram gaty bir özüne çekiji däl ;) 
bu blog 117 gezek okaldy

Teswirler

@cherry 1 aý öň
hakyky shola ozune cekiji dal;)
@Dipsomaniac 1 aý öň
bazeron bet edya welin, bahasy gymmat gaty
@Schastye 1 aý öň
@Dipsomaniac nache?
@Dipsomaniac 1 aý öň
2.5 mln
@Nejis 1 aý öň
Barlap gorun ozuma ulanamok... Na barlap gorer yaly bu adamlaryn yuzi name sana garalamamy? I (erbet tasir etjekmi o gowy tasir etjekmi...)
@Schastye 1 aý öň
@Nejis erbet tasir edyan bolsa aptekada satylmazdy, gushkelle :-/
@Nejis 1 aý öň
Wujjjjana
@Graff 1 aý öň
Berekella! Dowamly bolsun! Ýüzüňden çykýan ýerine baglylykda, içki organlary bejermeli. Şu aşakdakyny okamagy maslahat berýän

https://saglyk.org/sorag-jogap/51-deri-keselleri/235-duwurtikleri-nadip-ayyrmaly.html
@Atabeg 1 aý öň
Bazeron diyilyani shu bolsa kan gymmadam gal eken https://www.eapteka.ru/goods/drugs/derma/acne/baziron_as_galderma/
Älemjahan