Egolara urulan palta barada ýa-da Tankyt

Egolara urulan palta barada ýa-da Tankyt +11

@Bashkan | 13.03.2019 ý.
Näçe wagt bäri aýdylyp gelinýän "Amerikany täzeden açmaga gerek ýok" diýen bir sözlem bar, mizdes pikirlerim bar diýip çykaňda eýýam ol dawalaşyp jylky çykan zat bolsa hiç bir peýdasy ýa-da üstünligi bolanok, diňe okamadygyňy, informasiýa döwründen peýdalanyp bilmeýänligiňi görkezýär. Ýewropaly aýdyňlaryň çykaran müňlerçe pikirleri bar, şolaň köpüsi bolsa eýýam güýji gaçan, diňe tankytlara çydap bilenleri häzirki günde hem okalýar, tankytlanylýar.
21-nji asyryň her ýylynda 20-nji asyryň dowamynda öndürilen bilim maglumatlarynyň möçberinde maglumat öndürilýär. Şol sebäpli hem häzirki döwrümiz, ýagny 21-nji asyr Kritik Rasionalizm döwri, sebäbi hem her berilen maglumaty "süzgüçden" geçirmeli döwür. 
Ondan başga-da absolut dogrylyga ýakynlaşmak üçin barlaglar geçirmeli. Jemgyýet bilimlerinde barlag geçirmegiň ýönekeý raýatlar üçin mümkin bolmadygy üçin ol işi uniwerstitetler ýerine ýetirýär we halka okamak üçin çap edýärler. 
 Indi aýdaly bir temada barlag geçirmän, şol tema barada edilen tankytlary hasaba alman, bilmän dogrylygyny kabul etmek nähili derejede peýdaly bolup biler adamzat üçin?
bu blog 237 gezek okaldy

Teswirler

@Montyoskyo 2 aý öň
Bu bellänleriñ òrän dogry. Menem yazmaly diyip bellap goyan "hemme zady tejribe etmage 1 adamyñ ömri yetermi" atly blogym bar. "Amerikany tazeden açmaga gerek yok" kop yerde òrrän dogry bellik munyñ. Beyba Başkan hem blog yazjak ekena ) dowamly bolsun.
@donnie 2 aý öň
dogrulygyna biraz logikaňy goşup karar beräýmeseň hemme tema-da tejribe edinmek mümkin däl ýaly özä.
@Bashkan 2 aý öň
Logika ulanyp dogrylygyny ýalňyşlygyny süzmek üçin tankyt gerekli, asyl diýmek isleýänim şol. Meselem bir şampun aljak bolaňda-da şol süzgeç gerek
@Jepax 2 aý öň
Soraga dushunen elini galdyrsyn)

Gysga we durs bolupdyr temang, yone soragyna dushunmedim asyl name sorajak bolanyna. Sorag dal de birzady otrisat etjek bolyangmy? Mysal un din?
@Bashkan 2 aý öň
Olar tankyt üçin açyk däl, ynanjy sarsmak gadagan
@rosso 2 aý öň
absolyut dogrulary tankytlamak samsyklyk. 2+2 hemme yerde 4. Emma Chylshyrymly meseleleri hokman oz aklyn bilen oz ozune sorap sonra netija barmaly.
@Bashkan 2 aý öň
Absolut dogra ýakynlaşmak barada aýtdym, hemem social ugurlarda diýdim esasan, oň daşyndan fizikada, biologiýada-da tankyt möhüm
@Foton 2 aý öň
Yekaterina II her gezek kellesine taze pikir gelende bu pikir Pyotr I-yn kellesine gelmedimika diyip arhiwi doryan eken, her gezegem shony tapyan eken diyyalermi... :-)
@kilogram 2 aý öň
Name ucin sular yaly gysga hicbir many bermeyan temalary acyanyz. Biraz icginrak girmeli, uzagrak yazmaly. Hichilli gymmatlygy yok yogsam. Men ucina senem amerikany tazeden acjak bolyaň, diňe bolyaň. Internet doly bu yazanlaňdan. Uytgesigrak boljak bolmaly. Bulam bir kritika göter goteribilseň
@Bashkan 2 aý öň
Öz-kritikamda bar bu diýenleň) güýmenjede ýazyljak zatlary bärde ýazdym, egoma ýeňildim)
@kilogram 2 aý öň
Gerek yok diymegiň namay. Beyniňde turkiň şramy galypdyr oydyan. Bulam gynançly yagday
@Bashkan 2 aý öň
Günüň dowamyndaky alýan maglumatlarymy şol dilde kabul edýänim üçin şeýle bolup bilermi? Näme diýýäň?
@kilogram 2 aý öň
Sonnada haladyma basyan
@Foton 2 aý öň
Bravo!
Älemjahan