Eje jan
Eje jan

Eje jan +6

lifeisgood07, 21.05.2020
Bilýäňmi, sen, eje jan
Nämeden gorkýanymy?
Gorkýan ynjamagyňdan
Gorkýan gaýgylaryňdan.

Ýene-de gorkýaryn men
( Ýöne Hudaý saklasyn)
Hiç bir gyz öz ejesiniň
Ýüregini ýakmasyn.

Şol sebäpdendirem men
Gizleýän ünjilerim
Jan bile yhlas edýän
Beter ynjarsyň diýip...

Seň bagryňy daglady
Uly töhmetdir ýalan
Adamda tükenme ýok 
Onuň goruna arman

Eje jan, ýaşa uzak
Sen daşymyň diregi
Maňa ýaşamak üçin
Sen beýik dartyş güýji

By Leýliş
BU BLOG 1387 GEZEK OKALDY.

Teswirler