Şeýle hünär bar - Trouble-shooter - meseleleri çözüji
Şeýle hünär bar - Trouble-shooter - meseleleri çözüji

Şeýle hünär bar - Trouble-shooter - meseleleri çözüji +4

@Graff | 22.10.2019 ý.
     Siz trouble-shooter diýen hünäriň bardygyny bilýärsiňizmi? Bu hünärdäki adamlaryň işiniň düýp manysy dünýäniň dürli künjeklerine uçup, adamlaryň gabatlaşmaly bolýan kynçylykly ýagdaýlaryny çözüp bermekden ybarat. Şeýle hünärmenlere, adatça, şahsy taraplara garanyňda, uly korporasiýalar köp ýüz tutýarlar.
     Dünýäde şeýle hünärden baş çykarýan adamlaryň sany jemi 100-den köp däldir. Ýöne olaryň käbiriniň azap haky bolsa sagadyna 100 müň dollara çenli ýetip, gündelik işleri birnäçe aý öňünden meýilleşdirilendir.
     Kynçylyklary çözüjiler üçin esasy zat işlerinde uly abraý gazanmakdyr. Buýrujylar olary bäsdeşlerinden gizlin saklap, tanyş-bilişlerine elleriniň aýasynda göterip diýen ýaly tabşyrýandyrlar. Olaryň ýeke-täk reklamasy ýüz göterim netije görkezmekdir. Ýalňyşlyk ýol berilmesizdir.
     Işiň özenine düşünilmegi üçin trouble-shooterleriň eden işlerinden bir-iki sanysyny mysal getireýin.
     Amerikada her aýda maglumatnama, ýagny görkezgiçleri (statistika) neşir edýän iki sany uly firma bar eken. Bu ugurdaky bazar ol ikisine dar gelip, olar biri-birine garşy elden gelen zelelini edýär ekenler. Bäsdeşiniň ökde işgärlerini hem öz taraplaryna çekjek bolup başagaý ekenler.
     Her näme etseler-de, biri beýlekisinden saýlanyp bilmän, egin-egne deňläbräk iş ýöreder ekenler. Ofis işgärleri hem bularyň çap edýän maglumatnamalarynyň gowusyny-erbedini saýgarjak bolup hem durman, bir dollar nyrhy bolansoň, ikisini hem satyn alaýýan ekenler. Umuman-a, olaryň ikisinde-de şol bir maglumatlar bolarmyş. Ynha, bir gün bu firmalardan biri trouble-shootere ýüz tutupdyr. Ol meseläniň düýp-teýkaryny seljerip, anyklaşdyransoň, oýlanypdyr-da, şeýle diýipdir:
— Indiky aýdaky sanyňyzy kiçi ölçegde çykaryň, maglumatlar öňki-öňküligine bolsa-da, ölçegi kiçi bolup, kitabyň özi galyň bolsun.
     Soňra ol zähmet hakyny alyp, hoşlaşyp gaýdypdyr, bäsdeş firma bolsa iki aýdan soňra batypdyr...
     Munuň nireleri tozadýanlygyny aňşyrdyňyzmy? Maglumat görkezgiçleriň ikisi hem şol bir ölçegdekä, olar iş stollarynyň üstünde biri-biriniň ornuny çalşyp durmaly bolýar eken. Emma olaryň biri uly hem ýuka, beýlekisi kiçiden galyň bolansoň, özüňiz hem islendik ýagdaýda-da kiçini ulusynyň üstünde goýardyňyz...
     Aý ahyrda bolsa diňe üstkini ulanandygyňyza düşünerdiňiz, ulyny asla eliňize-de alan dälsiňiz. Kiçisinde hemme zat bar bolsa, ulusyna biderek ýere bir dollar tölemek nämä gerek?
    Ikinji mysal.
    «Naýk» firmasynyň baş ofisinde 1000 adam çözülmesi mümkin bolmadyk meseleden baş alyp çykyp bilmän, ahyry trouble-shooteri çagyryp, oňa meseläni düşündirýärler:
— Biz Afrikanyň iň bir garyp ýurtlarynyň birnäçesinde krossowka önümçiligini ýola goýduk. Öňünden hemme zady hasaplap, mazaly bişirdik, fabrikleri bina etdik, işgärleri okatdyk, öwretdik, harydyň özüne düşýän bahasy örän arzan bolmalydy. Ýöne garaşylmadyk mesele bilen ýüzbe-ýüz bolduk: fabriklerimiziň ýerli işgärleri gözüni gyrpmadan, taýýar önümlerimizden ogurlaýarlar. Obalaryň ýedi ýaşlydan ýetmiş ýaşlysyna çenli bir ýyllyk gazanjyna barabar bolan krossowkalary geýýärler.
      Biz sakçylary köpeldip gördük, gaýtam öňküsindenem beter boldy, olaryň maşgalasy hem krossowka geýmegi gowy görýän ekenler. Goragçylary ABŞ-dan getirjek bolsak, aşa gymmat düşjek.
     Trouble-shooter: — Siziň menden isleýän zadyňyz näme?
     «Naýk»: — Fabrigiň sakçylaryna, mümkingadar, az hak töläp, ogurlyk düýp teýkary bilen aýrylar ýaly bir alaç tapyp beriň bize.
      Elbetde, onuň aýakgap önümçiliginiň tehnologiýasyndan oňly düşünjesi ýok eken, ýöne bu ugurda çuňňur düşünjä eýe bolan dolandyryjylaryň müňüsinden tapawutlylykda, islendik meselä bütinleý başgaça burçdan garamagy başarýan eken. Ol alagaraňky hem salkyn otagda birhaýuk oturandan soňra şeýle usuly salgy beripdir:
— Size krossowkalaryň sag hem çep taýlarynyň hersini bir aýry ýurtda öndürmek gerek...

(Gyzykly bolandyr diýip umyt edýän)
@Graff
bu blog 126 gezek okaldy

Teswirler

@Hypatia 3 hepde öň
Her taýyny bir ýerde öndürip bolarmy?
@Dipsomaniac 3 hepde öň
*trouble shooter
@Graff 3 hepde öň
Düzetdim :)
@Hazar 3 hepde öň
Deýl Karnegi
@Jepax 3 hepde öň
Menkina iki jubutinde de made in taiwan yazyk...
@darkweb 2 hepde öň
gowy makala
@Graff 2 hepde öň
@darkweb minnetdar!
Älemjahan