Eýnşteýnyň soragy.
Eýnşteýnyň soragy.

Eýnşteýnyň soragy. +2

@Eýnşteýn | 08.03.2019 ý.
                        Balygy saklaýan kim?
ŞERTLER:

1.    Bäş dürli reňkde bäş öý bar, bäş dürli ýurtdan bir adam ýaşaýar.
2.    Bu öýlerde ýaşaýan adamlar: dürli içgi içýärler, dürli futbol topary gowy görýärler, dürli görnüşli haýwan saklaýarlar.
3.    Futbol toparlary, içgi we haýwanlaryň hiç biri beýlekiler bilen meňzeş däl.
Berlen maglumatlar:
1.    Iňlis gyzyl öýde ýaşaýar.
2.    Türkmen it saklaýar.
3.    Daniýaly çaý içýär.
4.    Ak öýüň çepinde ýaşyl öý bar.
5.    Ýaşyl öýüň eýesi kofe içýär.
6.    Guş saklaýan adam “Barselona” futbol toparynyň janköýeri.
7.    Sary öýüň eýesi “Merw” futbol toparyň janköýeri.
8.    Edil ortadaky öýde ýaşaýan adam süýt içýär.
9.    Norwegiýaly birinji öýde ýaşaýar.
10.  Pişik saklaýan adamyň öýüniň ýanyndaky öýde ýaşaýan adam “Arsenal” futbol topary gowy görýär.
11.  “Merw” futbol topary janköýerlik edýän adamyň öýüniň ýanyndaky öýde ýaşaýan adam at saklaýar.
12.  “Energetika” futbol toparyna janköýerlik edýän adam şol bir wagtda kampot içýär.
13.  Nemes “Mançester siti” futbol toparynyň janköýeri.
14.  Gök öýüň ýanynda ýaşaýan adam Norwegiýaly.
15.  Suw içýän adamyň goňşusy “Arsenal” futbol toparynyň janköýeri.

        "Baýragy"-Eger kim-de kim balygy kimiň saklaýanyny bilse baýragy 3 like.Eger-de balygy saklaýan adamyň beýleki informasiýalaryny bilse 5 like.Hemme adamlaryň informasiýalaryny bilseň 10 like
bu blog 198 gezek okaldy

Teswirler

@Schastye 2 aý öň
2015-nji yylda-da kellami agyrdypdy shu sorag
@Abdurrahman 2 aý öň
Sonuny okayancham bashy yadymdan chykdy
@dodaksyz_cekimli 2 aý öň
Balygy nemes saklayar.

Norwegiyaly - sary öyde yaşayar. Merwli, suw içyar, pişik saklayar

Daniyaly - Gök öyde yaşayar. Arsenally, at saklayar, çay içyar.

İnlis - Gyzyl öy, Barcaly, süyt içyar, guş saklayar.

Nemes - Yaşyl öy, M.City'li, balyk saklayar, kofe içyar.

Türkmen - Hemişeki yaly ak öyde yaşayar, elbetde it saklayar, elbetde kampot içer tm, Energetika bolet edyar (Maryly bolmaly-da)
@Eýnşteýn 2 aý öň
Gutlaýan 10 like siziňkidir.
Älemjahan