Ýeriň aýlanyşyny näme üçin duýmaýarys?!

Ýeriň aýlanyşyny näme üçin duýmaýarys?! +4

@MesOgul | 26.02.2019 ý.
Bil­şi­miz ýa­ly, Gün ul­ga­myn­da­ky beý­le­ki pla­ne­ta­lar bi­len bir ha­tar­da Ýer hem Gü­nüň da­şyn­dan aý­lan­ýar. Şol bir wag­tyň özün­de pla­ne­ta­myz öz hy­ýa­ly oku­nyň da­şyn­dan hem aý­lan­ýar. Gi­je bi­len gün­di­ziň eme­le gel­me­gi Ýe­riň öz okunyň da­şyn­dan aý­lan­ma­gy bi­len bag­ly ha­dy­sa. Ýer to­ga­la­gy öz da­şyn­dan sa­gat­da 1670 ki­lo­metr tiz­lik bi­len aý­lan­ýar. Biz hem onuň üs­tün­de ýa­şa­ýan­dy­gy­my­za ga­ra­maz­dan, bu tiz­li­gi hiç hi­li duý­ma­ýa­rys. Se­bä­bi Ýe­riň da­şyn­da­ky at­mos­fe­ra bi­zi bu tiz­li­giň tä­si­rin­den go­ra­ýar. Mu­ny has ýö­ne­keý my­sal bi­len dü­şün­di­re­liň. Uçar­da­ky ýo­lag­çy­lar onuň örän ýo­ka­ry tiz­li­gi­ne ga­ra­maz­dan onuň için­de otu­ryp ki­tap oka­ýar­lar, çaý iç­ýär­ler, na­har iý­ýär­ler. Olar bu tiz­li­gi hiç hi­li duý­ma­ýar­lar. Se­bä­bi uça­ryň için­dä­ki äh­li zat, hat­da ho­wa-da olar bi­len bi­le he­re­ket ed­ýär. Ýer ýü­zi hem edil şo­lar ýa­ly, at­mos­fe­ra­sy bi­len bi­le­lik­de he­re­ket ed­ýär we şol se­bäp­li Ýe­riň tiz­li­gi­ni du­ýup bol­ma­ýar. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, pla­ne­ta­myz bu he­re­ke­ti bi­len bir ha­tar­da Gü­nüň da­şyn­dan hem aý­lan­ýar. Onuň tiz­li­gi sa­gat­da 108 müň ki­lo­met­re ba­ra­bar bo­lup, ol biz­den 150 mil­li­on ki­lo­metr tö­we­re­gi uzak­da bo­lan Gü­nüň da­şyn­da­ky aý­la­wy­ny 1 ýylda ta­mam­la­ýar.
bu blog 260 gezek okaldy

Teswirler

@donnie 8 aý öň
ýer aýlanmaýanlygy üçin ýeriň aýlanýanyny duýamzok.

ýer şo bir ýerde dur. gün bilen aý ýokarymyzdan aýlanýa.

@myhman 8 aý öň
Onça energiyany nirden alya, üznüksiz aylanyp dur
@MesOgul 8 aý öň
@myhman belli dal
Älemjahan