Erteki

Erteki +1

@Spagetti | 05.09.2019 ý.
Bir bar eken, bir ýok eken. Günleriň birinde gamgyn adam çagalaryň oýnap ýören meýdançasynda otyrdy. Onuň ýanyna şadyýan goňşusy gelip:
– Salaw-maleýkim Azat, gurgunmusyň?! – diýip, salamlaşdy. Azat:
– Waleýkim-salam Meret. Hudaýa şükür, gowy. Senden-ä soramasamda görünip dur ýagdaýyň gowydygy.
– Sen-ä gowy diýseňem, haçan görseň gamgyn görünýäňle? Durmuşdan iren ýaly.
– Durmuşdan-a iremokla, ýöne käbir zatlary görüp gamgynlanma häsiýetim barda.
– Aý, sen Pessimist bolanyň üçin bar zadyň diňe erbet tarapyny görýänsiň-dä! Men-ä daşaryk çykanymda diňe, çagalaryň şadyýan oýnap ýörenlerini, irden turup janymyň sagdygyny, eden işlerimiň ugruna bolup duranyny görýän.
– Onda ikimiziň görýän zatlarymyz düýbünden başga zatlar eken-dä! Biziň birimiz-ä blizorukiý, birimizem dalnazorkiý bolaýmasa?!
– Sen näme görýäň beýle gamga batar ýaly?
– Men adamlaryň musurdan baklaşka çöpläp ýörenlerini görýän, öňüňden gelýän adamyň ýol bermeýänini görýän, meň ýokarky goňşymyň penjireden musur taşlaýanyny görýän, lifte girenimde peşewiň ysyny alýan, ÝOJ-y gutaryp, ýanyma gelen bir stažoryň öz adyny hem dogry ýazyp bilmeýänini görýän, çagalaryň oýnaýan meýdançasynda döwülen çüýşeleriň ýatanyny görýän, aý, aýdyp dursaň agşama çenli aýdybermeli.
– Men-ä döwülen çüýşe göremok meýdançada!
– Men olary sen gelmänkäň ýygnaşdyryp musura taşladym biriniň aýagyny kesäýmesin diýip.
– Hä... Musuram arasynda ýaltanyp oklaýýanda ýokardan. Halamaýan bolsaň etmerin indi. Lifte weli kimiň şeýdýänini bilsem özümem çäre görerdim. Menem halamok şon-a. Onsoňam meň jigim öz adyny ýazyp bilýär, beýlede tupoý däl!
– Aý, borlaý Meret! Awtor bir bar eken, bir ýok eken diýip başlan ertekisini bulaşdyrman, gowsy biz Aýjemaly çişik döwden halas edeli.
– Bolýa. Gideli onda – diýip, Meret öz Audi A7 ulagyny gyzdyrmaga başlady. Olar ulaga münüp az ýöräp, köp ýöräp çişik döwüň gowagyna geldiler. Meret “ulagymy ogurlaýmasynlar” diýip, ulagda garaşdy. Azat bolsa çişik döw bilen söweşip, ony ýeňip, Aýjemaly halas etdi we 6-njy synpda okap ýörenleri bäri söýýändigini aýtdy. Aýjemal bolsa Merediň Audi A7 ulagyna aşyk bolup Merede durmuşa çykdy. Ine çagalar, ertekimizem tamam boldy. Kim okan bolsa, mälädis.
– Seň ertekiň personažy bolanymdan, sirkde kloun bolanyňam gowudyr.
– Gaty görme Azat, durmuş şeýle – diýip, men-ä dyndym indi ertekimi.

Awtor: Spagetti
bu blog 62 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan