Ertirine ylgamagyň tenimdäki täsiri

Ertirine ylgamagyň tenimdäki täsiri +9

@Heromant | 02.10.2018 ý.
Gadymy Grekler aýdypdylar: 'Sagdyn bolasyň gelýärmi - ylga, owadan bolasyň gelýärmi - ylga, akylly bolasyň gelýärmi - ylga'. Olar hakykatda dogry diýipdirler.

Blog-yň adyny özüne çekmek üçin tenimdäki üýtgeşme diýdim, aslynda 2 aýdan bäri ylgaýanym kän bir üýtgeşme berenok, ýöne horlananym bildirýär, 84 kg-dan 72kg-ma gelipdirin. 174 boýum üçin 70-den ýokary has artyklyk edip başlady.

Ylgamak nireden kelläme gelip ýör?
Sizde şeýle ýagdaý bolup gördümi, näçe köp ýatsaňam özüňi ýadaw duýýaň, işde işläsiň gelenok, diňe öýe gidip ýatasayňyz gelýändir. Kelle bolsa täze maglumatlary özleşdiresi gelenok, artyk zat hakda pikirem edesi gelenok, ýuwaş-ýuwaş özüňi bagtsyz duýýup başlaýaň. Bolýarmy şeýle ýagdaý?
Mende bolýar, üstesine artyp barýan agramym-dan ýaňa, howa-da azajyk çyg düşüp bolşlasa, dyzlarym yza döräp başlady. Gije owkaladyp ýatmasam, ýatyp bilemok. Saglygam özüni tanadyp başlady, 30 ýaşymda eýýäm diabetiň ilkinji alamatlary döräp başlady.

Bar zadyň günäsi hereketsiz durmuşymdygy görünüp dur. Anyk karara geldim, 'ertirine ylgamaly!!!'

Ylgajak diýeniň bilen, ertir ir bilen 5-de turup mikraýonyň içinde 'tarp-tarp' edip ylgap ýöremege erk barmy mende?! Özümde höwes döretmek üçin, motiwasiýa döretmek üçin youtube-y açyp, blogger-leriň ylgamak baradaky bar wideolaryny görüp çykdym.

Wideolardan energiýa baryny alyp turdum 5-de, alyp goýan, ýöne hijem ulanmadyk kitaýski Nike krassowkamam geýdim. Mikraýonda çagalar bagy bar, şoň daşyndan ylgaýyn günde diýip karar berdim. Takmynan bir futbol meýdançadan azyrak ulurak bolýar. 50-60 metr ylgadym öýtýän, öýkenim tas agzymdan akypdy, demim-demime ýetmän başyp aýlanyp, özüme 'Nämäňe gerek beýdip kösenip, uly il ýatan wagty bar ýatda öýde' diýip özüme 3 gezek diýdim öýtýän. Şol gün çagalar bagynyň daşyndan 2 krug pýada ýöredim.

Ertesi gün ýene-de özümde bolan bark erk güýji jemläp ýene çykdym, onda eýýäm 120-200 metrden gowrak durman ylgadym. Ondan soňky gün eýýäm üstüne ýene 50-60 metr goşdum. Şeýdip bir hepde-de eýýäm şol çagalar bagynyň daşyndan durman bir krug ylgap bilýädim.

Özümi duýuşum nähili?
Ylgaýan döwürlerimiň başdaky 2-3 güni işde özümi gaty ýadaw duýdum, maý tapsam ýatyp göýberýän. Ýadawlyk üstesine irden 5-de turmaklyk. Ýatanda ýöne göni 11-de otboý.
Soň-soňlar eýýäm energiýa bar ýerimden daş ýaryp çykjak bolýar. Özümi duýuşum gowulandy, gündizine uky gelenok, diňe okasyň, öwrenesiň gelip başlady. Ylgap başlamdan bäri eýýäm 5 kitap okapdyryn. Ony haçan okaýan, ir bilen ylgap gelensoň işe gitmegiňe çenli ýene-de 2 sagat boş wagt galýar. Iň esasy zat bolsa, dyzdaky agrylar ýitip başlady.

Ylgaýan döwrüm gyzykly zada üns berdim.
12.jpeg 85.55 KB

Her gezek düýnki rekordyňy täzeleňde özüňi dünýädäki iň bagtly adam duýýaň. olam ýöne ýerden däl eken, aslynda ylganda ganymyzda özboluşly garmon peýda bolýar eken, oňa endorfin diýýärler. Halka arasynda 'bagt garmony'-da diýilýär. Ýöne ýere diýilenok, ganymyzda endorfin köpelende adam eýforiýa girýär, depressiw duýgular ýok bolup gitýär. Akyl aktiwligem peýda bolýar, ylgap barýakaň sendäki köp problemalaryň çözgütleri kelläňe gelip başlaýar. Şol wagt ganyň kislorodan doýup, bedenimizde alyş-çalyş ýokarlanýar. Iň uly peýda-da ýürek maşk etýär, ýürek özünden geçirýän gany köpeldýär we ýürek myşsalary gatap başlaýar. Imunitet ýokarlanýar we gandaky erotrisitler we gemoglabinler köpelýär.

Ylgap başlanyma 21 günden wagt gowrakdan soň bolsa, ertir bilen gözüm awtomat açylyp, ylgamana gitmek höwesim artyp başlady. Bir sebäp bilen ylgamadyk günim bolsa, özümi bagtsyz duýup başladym, öýdäkä iňňirdäp başlaberesim gelýär.

Şu wagt eýýäm 2 aýdan gowrak ylgap ýörün, ýokarda aýdyşym ýaly 12 kg horlandym (tiz tagamlary iýmegi azaltdym, hijem iýemok däl, azaltdym), özümi duýşum gowy, ýaşaýşa täzeden höwes dörän ýaly. Çagalar bagynyň daşynda bolsa durman 6 aýlaw etýän, 2 iki aýlaw lezzetini alyp pyýada ýöreýände öýe girip kitap okaýaň. Lezzeti başgaça, çynym. :)

Buda gyzlary ylgamana höweslendirer ýaly Nike-den wideo;

https://youtu.be/2YDrgoRpic8
bu blog 128 gezek okaldy

Teswirler

@Jepax 2 hepde öň
Salam,
Gyzykly tema yazypsyng. bu barada aydyljak gürrün ediljek zat gaty köp.

ilki bilen tüweleme diyesim gelyar, köp kişin başarmayan zadyny başarypsynyz. 2 ayda 12 kg horlanmak çyndanam gaty uly üstünlik.

ilki bilen agramyn barada, boyun 170 bolsa onda agramyn 70kg töweregi bolmagy üçin idealdyr. yöne bedenindaki yag gatnaşygy hem möhüm, yaşyna göra üytgemegi bilen 20-30 yaşly erkeklerde %10-15 yag hem ideal hasaplanyar.

şeyle adamlaram bar: boyy 170, agramy 90 kg, yag yüzdesi %5 - bular kulturist diysemmi, sport zalda kawagt gabat gelinyan kaçok trenerler. hemme yeri myşsa bolup duran adamlaram, edil özüma bu bedeni gelşiksiz göryan

yada şeyle: boyy 180, agramy 80kg, yag yüzdesi %25 - bulara da inlisçe skinni fat diyilyar, agramy idealnydyr yöne hiç hili figura yok. myşsasy az, yagy köp. bu barada aslynda ayry bir blog açsam gyzykly bolar.

indiki mesele ylgamak naçe kaloriya yakyar? we in köp kaloriya yakyan hereketler nameka?

Aşakda bir tablisa goydym, muna göra adamyn agyrlygyna göra yakyan energiyan uytgeyandigi görülyar. 70 kg bir adam 8 km/s tizlikde 30 minut ylgasa 280 kal, 80kg agramly biri welin 320 kaloriya yakyar. bir erkegin günlük tükedyan energiyasy 2500 cal hasap edilyar, tm nin statistikasyny bilmedim, yöne horlanmak üçin tükedyaninden 300-500 cal az iymeli - bu dieta bolyar, yada 300-500 cal iyyaninden köp yakmaly - bulam elbetde sport bilen meşgullanmak.

yene-de bir bellemeli zat, ayaklaryn öwrenişyanca yaglaryn ereyar, we ayaklaryn myşsalary ösyar. şon üçin başda horlanyanlygy köp kişide bildirmeyar. emma songa baka welin bedenin agramy düşenson ylgamaga dowam etsen yaglaryn azalar yöne bedenin yenil bolanlygy üçin myşeçny massang hem yene peselip başlar. Myşeçny massan peselmegi hiç zat etman gezsenem görülyar, yagny yaşyn arttykça bedenin myşsalary kiçelip yagy köpelip başlayar. Aytmak isleyan zadym dinge ylgamak yetenok, myşşa agramyny hem saklamak üçin agyrlyk hem götermeli az-da kande.

İn köp energiya yakyan sportlar haysyka?

* yüzmek - in peydaly sport hasap edilyar. 70kg - 30 minut yüzüş - 350 cal töweregi yakyar.
* Basketbol - eger mümkünçilik bar bolsa, basketbol oynamak in köp energiya yakyan sport hasap edilyar. topun agyrlygy we ellerin hem işjen gatnaşyanlygy sebapli ylgamaktan 50 kal töweregi has köp energiya harjarsynyz.
* Sprint / Tizlikli ylgamak - 70kg, 9.66 km/s tizlikde 30minut ylgamak, 350 cal yakyar.
* Welosiped - Tekiz yerde tigir sürmek yokarky berilen şertlerde 300 kal energiya yakmagynyza sebap bolar, yapgytly bayyrly meydanda tigir sürmek welin %10 artykmaç energiya yakar.
* Yüpde bökmek - yeniljek zat yalydyr, emma yarym sagat durman yüp bökmek köp kişa başartmaz. we şol wagt aralykda tahmynan sprint bilen denecerrak energiya yakarsynyz.


Kg (km/s) Wagt Kalori
60 8 30 dakika 240
60 9.66 30 dakika 300
65 8 30 dakika 260
65 9.66 30 dakika 325
70 8 30 dakika 280
70 9.66 30 dakika 350
75 8 30 dakika 300
75 9.66 30 dakika 375
80 8 30 dakika 320
80 9.66 30 dakika 400
90 8 30 dakika 360
90 9.66 30 dakika 450
100 8 30 dakika 400
100 9.66 30 dakika 500
110 8 30 dakika 440
110 9.66 30 dakika 550
115 8 30 dakika 460
115 9.66 30 dakika 575

Saglygynyz.
@Heromant 2 hepde öň
@Jepax Giňişleýin teswiriň üçin minnetdar. 12 kg horlanmasyna horlandym welin, indi kän bir üýtgeşme ýok, agram şol derejesinden üýtgemejek ýaly. Aslynda ýene düşürüp bolýar, onuň üçin indi günortan iýýän naharymam kemeltmeli bolaýmasa. Häzir bolsa ertirine iýemok, günortan gowy iýýän, ýöne öý naharlaryndan. Agşam bolsa çorba içýän, çörek iýemok.

Myşsa agyrlyk gerekdigi hakda aýdanynyňam dogry, entäk ýöne planym özümi gowy guradyp, soň myşsa almagyň ugruna çykmakçy bolýan. Senem bu zatlar bilen gyzyklanypsyň öýtýän)
@Jepax 2 hepde öň
@Heromant, massa we agyrlyk turgenleshigi uchin men youtube’de jeremy either dosty yzarlayan. Hemme aytyan zatlary ylmy taydan subutlanan. Peydasy deger, asyl youtubede peydaly blog kop.

Hawa dost horlanmak hakda dalde massa almak hakda menem kop arashtyrdym, yone sonunda almazlyga ayada yuwash yuwash almaga karar berdim. Birden agyrlashsan futbolda zatda gowy bildiryarley)
@CHELSEA 2 hepde öň
Salam. Siz yenede horlanmak isleseniz iymiti kesmeli dalde iyyan iymitlerini uytgetmeli yagny gok miwe bakja ekinleini iyseniz agram kadalasmana ukyply bolyar. Okan kitaplarymyn birinde gabat geldim. Menin aydan sozlerim bilen dalde kitap dilinde yone su manyda. Eger barlap gorerin diyseniz irdenine 2 pomidor 1 hyyar we uly bolmadyk soganyn yarty bolegi yada uly bolmadyk bolgar burchy. Gunortanyna gunabakar yagyna gowurylan pomidor (ici soganly ya bolgar burcly islesen kartoska atyp bilersin) Agsamyna kartoska gyzardylan( yagny cipsi yalyrak gatyrak yone cipsiden yumsak bolsa gowy) yany bn pomidor sogan bolgar burc. Gundizlerine ac bolmagyn munki. Bu yagdayda kasir alma we suna menzes terligine iyip boljak miweleri iyip bolar. Yone garnyn daymaly dal