Ýetim oglanyň oýlanmasy

Ýetim oglanyň oýlanmasy +2

@white | 11.10.2018 ý.
Ir säher oýandym. Ýerbe-ýer bar zat.
 Göýä meñ gözlerim $atlykdan doly.
 Asmana garadym $eýle päkize,
 $onda-da göwnüme bir zat kem ýaly.
 
 
 Ýuwundym, ardyndym, garbandym biraz,
 howlukman ugradym dükana sary.
 Mähirli görü$dim adamlar bilen,
 $onda-da göwnüme bir zat kem ýaly.
 
 
 Gezelenje çykdym gözel o:bama,
 synladym durmu$y, ýodany-ýoly.
 Durmu$ gyzgalañda, ýol $üweleñde,
 $onda-da göwnüme bir zat kem ýaly.
 
 
 ...öýlendim, jaý gurdum, ulag edindim.
 Da$yndan synlasañ, bar zat jem ýaly.
 Çagalarym oýnap ýörler howluda,
 $onda-da göwnüme bir zat kem ýaly.
 
 Kyblam atam! Käbäm enem!-ezizlem!
 Sizsiz bu durmu$ym gury gum ýaly.
 Ne ýa$lykda, ne ömürde many bar,
 ýürek gamdan doly, kelläm hum ýaly.
 Bir uly kürsüni eýeläp ýörün,
 $onda-da göwnüme bir zat kem ýaly!
 
awtory: Agarowshen Halmuradow

bu blog 73 gezek okaldy

Teswirler

@Vettel 2 aý öň
Hawa ejesizlik erbet zat. Men ona dusunyan..............
Älemjahan