Eýranyñ dagamak howpy ?
Eýranyñ dagamak howpy ?

Eýranyñ dagamak howpy ? +3

NazarSTG, 12.10.2020
1979 njy ýylda Eýran, yslam respublikasy adyna eýe boldy. Şeýlelik bilen Eýran yslam respublikasy döredildi. 
Eýran näçe musulman, näçe adalatly döwlet ýaly bolup görülsede, munyñ tersidir. Iñ adalatsyz döwletleriñ biridir Eýran. Hawa, ulaldyp aýdamzok, hatda yslam dinini berk saklajak bolup has ulaldyp goşmaça düzgünler goşupdyrlar, daşary ýurda giden her bir adamy hristian bolýar. 
Bilşiñiz ýaly Eýran Ermenistana Azerbeýjana garşy ýarag beripdi. Bu ýerde Eýranyñ sözde musulman ýurtdugyny hem bilip bilersiñiz. Eger beýle musulman döwlet bolýan bolsady din doganyna garşy hereket etýän ýurda ýarag bermezdi. 
Bu habardan soñ Eýrandaky müñlerçe Azerbeýjanly Türkler protesto hereketleri geçiripdi. Eýran bu hereket bilen diñe özüni dagadyp biler. Nädipmi ? Eýran durşuna Türkler bilen gaplanyp duran ýurt. Eýranyñ içinde öñki hasaplaryna görä 30 mln aralygy Azerbeýjanly Türk ýaşaýardy. Bu wagt bolsa 35 - 40 mln aralygy Azerbeýjanly Türkiñ ýaşaýandygy aýdylýar. Ýagny aslynda Azerbeýjanlylary toplasañ 50 mln - a ýakyn halky bar. Türkmensährada adyndan belli bolşy ýaly 3 mln - a ýakyn Türkmen halky ýaşaýar. Hazar deñziniñ gyraky bölegindäki ýerinde 210 müñ Türkemsähradaky Türkler, Şahsöýen Türkleri 330 müñ, Horasan Türkleri 1.5 mln - dan köp, Halaç Türkleri 50 müñden geçýär, Kaşkaý Türkleri 3 mln - dan geçýär. Bulam öñki hasaplara ýagny 2010 njy ýylyñ hasaplaryna görä şeýle, şuwagt hersi 5 esse köpelendir. Ýagny Eýranyñ 100 de 50 % gowragyny Türkler tutýar. Eýranyñ 2014 nji ýylynda beren hasabyna görä diñe Azerbeýjanly Türkleriñ Eýranyñ 100 de 40 % tutýandygy aýdyldy. Parslar hem Eýrandaky hemme Türki halklaryndan az gelýär. Eýranyñ 1 bölegini Parslar, 2 nji bölegini Azerbeýjanlar, 3 nji bölegini bolsa Türkmenler tutýar. Gepiñ gysgasy, eger birden bir zat bolup Türkler bilen aralarynda uruş çykaýan ýagdaýynda Eýran hiç hili uruşman, içindäki aýaklanan Türklerdenem pytragamagy iki uçsuz. Şo sebäpli Eýran içindäki Türkleriñ ösmegini islänok, olary garyp saklaýar, kömek edenok, gysyp saklaýar. Eger içindäki Türkler almaýan ýagdaýyndada hem Türkiýe, Azerbeýjan bilen uruşmaly bolar. Diñe bular bilen däl, Amerika ilkinji bilen garşy çykar, Ysraýylam bu pursady sypdyrmaz. Eýrany hemme Ýewropa ýurtlary ýigrenýändikleri üçin Ýewropa birligi hem garşy çykardy. Türkiýe Nato agzasy bolany üçin Nato hem Eýrana garşy çykardy. Hem içindäki aýaklanan halklar, umuman hemmesi bilen islesede baş tutup bilmezdi. (Aslynda Eýranyñ garşysyna işlejek zatlar gaty köp sanardanam...) Netijede Eýran diýilýän ýurt galmazdy, dagardy. 
Eýran bu ýagdaýy bilip durany sebäpli derrew açyk gürrüñe geçip bu habara 'ýalan' jogaby berdi. 
Eýranyñ Türki halklara garşy her herekedi ony dagamak ýoluna äkider... 
BU BLOG 2278 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MyratDowlet 1 hepde öň
Şeýdä how nazar gardaşym. Menä garaşyp ýördüm makalaňa.
Bu makalaňam gowy ekeni
@MyratDowlet 1 hepde öň
2018-nji ýylda men eýranda saparda boldum. Meň öň pikir edişimden ösen ýurt ekeni. Moladsy diýip gaýtdym.
@MyratDowlet 1 hepde öň
2018-nji ýylda men eýranda saparda boldum 2 gezekdagu. Meň öň pikir edişimden ösen ýurt ekeni. Moladsy diýip gaýtdym.
@MyratDowlet 1 hepde öň
Garaz meni aňyrda garşylan pars milletindendi. Saý sebäp bilen bir zawoda bardyk. Başlygy azeri ekeni. Gepiň gysgasy azeri başlyk meň ýanymdaky parsy görkezip çalaja ýylgyryp maňa şeýle diýdi: "parslar 1924nji ýylda häkimiýeti elimizden aldylar"
@NazarSTG 1 hepde öň
Hawa dosdum şeýle bolan, 1924 nji ýylda ençeme uruşam boldy, 25 de, 27 dede uruş boldy, ýöne şo wagt Eýran yslam döwleti bolmadygy üçin daşary ýurtlar kömek edipdi, şo sebäpli aldy, bolmasa o ýer Azeriler bilen Türkmenleriñ arasynda paýlaşylýardy.
@MyratDowlet 1 hepde öň
Üns beren bilsaňyz eýranyň serhet ýakalarynda parslar ýaşanok. Diňe başga milletler. Meselem demirgezyk eýranda türkmen, arap günbatarda azeri arap, aşaklarda buluç we ş m.
Parslar orta arada 15 000.
@NazarSTG 1 hepde öň
Hawa parslar azdyr, sebäbi aýtýana 1924 dede azdylar ýöne daşary ýurtlaryñ basyşy bilen ýeñiş gazandylar, parslara köp ýerde gaty erbet diýip aýtýarlar, çynmyka şo ?
@MyratDowlet 1 hepde öň
Ýokarda parslar 15 000 000 diýjekdim
@MyratDowlet 1 hepde öň
Şu berde bir zady bellemek isleýän. Eýranda azeriler biz türkmen diýbänlerem barmyş diýip eşitdim.
Iň bolmanda azerileriň içinde terkmen diýen tirede bar.
@NazarSTG 1 hepde öň
Azerileriñ asly Türkmena dosdym, aýtýana olar bize Türkdenem ýakyn, ýöne kabirleri bilenok
@MyratDowlet 1 hepde öň
Diýjegim şu ýagny: azeriler asly türkmen gardaşlarymyzdyr.
@MyratDowlet 1 hepde öň
"parslara köp ýerde gaty erbet diýip aýtýarlar, çynmyka şo ?"
Şu soragyňa jogap:
Menä içgin bilemok. Ýöne pars bolmasak kän ýokaryk çekilibermeýäň diýip bilýän. Syýasatda ýokaryk çekileňok.
Garaz içinde millet saýlama bar.
@MyratDowlet 1 hepde öň
Beýleki milletlerem munuň parhyna baran. Daşyna çykarmasada içinden nägileligini bildirýärler.
@MyratDowlet 1 hepde öň
Birem ünsümi çeken zatlaryň biri lebzine ygrarly däller. Ýagny beren sözünde duranoklar.
Onam aýp ýaly görenoklarda gaýtam bolup biler, ýagny normalno garşylanýar.
Bizde sözüňde durmasaň moşenik spisoga düşýäň. Aldawçy
@NazarSTG 6 gün öň
Hmm... Eýranda ogurlyk bolsa, ýada başga bir erbetlikler bolsa halk tarapyndan gaty erbet öldürilýärler eken. Wideosyny görüpdim, ogurlyk edipdirler wln ynanaý göni soýýarlar mal soýan ýaly... Gaty birhili bolupdym şonda
@MyratDowlet 1 hepde öň
Şu ýerde bir zady bellemek ýerlikli bolar. Olam eýran biziň goňşymyz. Ýurdymyz Ýaňy garaşsyzlygymyzy alan döwründe bugdaý ýetmezçiligi döredi. Hatta şeýle bir diräpdir welin ýurt boýunça ammarlar boşapdyr. Şonda gazagam bermedik, rossiýada berjek diýip bermedik.
Ynha şu ýerde eýran gowy žest etdi
Olam eýran prezidenti Rafsanjani un ugratdy. Bu şeýle bir uly kömek bolupdyr welin S.A.Nyýazow bu barada "rafsanjaniniň uny" diýilen goşgy ýazýar.
@MyratDowlet 1 hepde öň
Eýranlylar gaty myhmansöýer halk.
Galybersede bir kemsiz gözel bolmaz.
@pikirchi 1 hepde öň
Durshunyza futurolog ekeniniza
@MyratDowlet 6 gün öň
NazarSTG dost. Seň nähili wideo göreniňi bilemok. Ýöne eýranda hökümet bar. Olar ýaly wahşylyk bolmasyna rugsat bermez. Temboli ogurlyk üçin. Ýone neşe serişdesini satyp tutulsaň jezasy ölüm. Olam sudyň karary bilen. Ol orta asyr ýaly halkyn arasyna öldüriň diýip oklananok.
@MyratDowlet 6 gün öň
Tährandakam bir türmäň deňinden geçdim. Ýanymdaky türkmen eýranlydan soradym türmäň ýagdaýlary nähili diýip. Ola şertler gowy diýdi. Edil nähili şertlerdigi ýadyma düşenok.
@MyratDowlet 6 gün öň
Nazar dost gören wideoň dezinformasiýa bolmagy mümkin. Eýrana ýoluň düşse pikiriň üýtgär.
@yzgant 9 sagat öň
Eýran dagar diýip pikir etmeli bolsa, Amerika bir wagt dagamaly, onuňam milletleri ýetik