Fabrigi dolandyrmagyň täri
Fabrigi dolandyrmagyň täri

Fabrigi dolandyrmagyň täri +5

@Graff | 27.06.2019 ý.
     Bir fabrigiň baş müdiri kän bir otagyndan çykmaz eken. Işgärler bilen hem setanda-seýranda görüşäýmese, olary toplap, kän bir ýygnagam etmez eken. Fabrigiň işi, umuman, gowy ýöräp duran hem bolsa, ony ýaltalykda aýyplap, has bir gallaw ýolbaşçy hasaplan kişilerini fäbrigi esaslandyryjylar baş müdir belläpdirler.
     Ýöne täze başlyk näçe işeňňir, gallaw hem bolsa, fabrigiň önjeýliligi barha pese gaçýarmyşyn. Ýogsam, täze müdir gijäniň bir wagtyna çenli işleýärmişin. Emma bary bir garaşylýan netije gazanylmaýarmyşyn.
     Onsoň bu ýagdaýyň syryny bilmek üçin öňki ýalta hasaplanýan müdiriň ýanyna barypdyrlar. Gapy kakylandan, ol:
     — Geliň, men size garaşyp oturdym — diýip, gapyny açypdyr.
     Gelenler oňa ýagdaýy düşündiripdirler:
     — Sen kän otagyňdanam çykmazdyň, täze başlyk welin gije-gündiz aýak üstünde. Şonda-da alýan netijämiz, seniň döwrüňdäkä garanyňda, göz-görtele pese düşdi. Munuň sebäbini bir düşündirsene...
     Öý eýesi şeýle diýipdir:
     — Siz meniň iş otagymyň penjiresinden bakyp gördüňizmi? Şol ýerden fabrigiň önümçilik binasynyň depesindäki tütün çykarýan turba görnüp durandyr. Men şondan çen tutup, işiň derejesini kesgitlärdim. Burugsaýan tüsse süzülip, inçeliberse, zähmetiň pese gaçýanlygyny anyklap, işgärleriň arasyna barardym-da, olaryň meseleleri bilen gyzyklanardym. Dörän kynçylyklary ýerinde çözerdim. Munuň üçin şert döretmegiň alajyny tapardym. Meniň-ä bar syrym şu. Fabrigi dolandyrmagym, başga tärini bilemok...

@Graff
bu blog 78 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan