Faktlaryň aňsatlyk bilen ýoýluşy barada täsirli tymsal
Faktlaryň aňsatlyk bilen ýoýluşy barada täsirli tymsal

Faktlaryň aňsatlyk bilen ýoýluşy barada täsirli tymsal +6

@Graff | 21.06.2019 ý.
    Ybadathana täze kabul edilen monaha (keşiş) ilkinji ýumuş tabşyrylypdyr: ol dogalaryň, kada-kanunlaryň birnäçesini gaýtadan göçürmeli eken. Işe girişende ol beýleki ruhanylaryň ählisiniň şeýle ýazgylary asyl nusgadan däl-de, öň birnäçe gezek göçürilen nusgadan göçürip alýan ekenler. Ol geň galyp, özünde dörän şübhäni ybadathananyň baş ruhanysyna duýdurypdyr:
    — Tagsyr, gardaşlarym ýazgylary asyl nusgadan däl-de, öňki göçürilenlerden goldanyp ýazýan ekenler, birdenkä ilkinji gezek nusga göçüren adam tötänden bir ýalňyşlyk goýberäýen bolsa näme? Häzirki göçürijilerem şony gaýtalarlar ahyry...
    — Hm, ogul — diýip, baş ruhany oýa batypdyr. — Umuman-a, biz ýüzýyllyklaryň dowamynda şeýle edýärdik... Ýöne seniň aýdýanlaryň hem biçeme däl — şu sözleri aýdyp, ol ybadathananyň ýerzemininde ýerleşýän arhiwe düşüpdir. Ähli kada-kanunlaryň asyl nusgasy şol ýerde saklanýan hem bolsa, hemme ýazgylar göçürmeden göçürilip ýörlensoň, ol ýere hiç kim uzak ýyllaryň dowamynda düşüp hem görmändir eken.
    Soň ol wagty bilen dolanmandyr. Bir gije-gündiz geçensoň alada galan ýaş monah, tagsyrdan habar tutmak üçin arhiw saklanýan jaýa düşüpdir. Başyna bir iş düşendir öýdüp alada galypdyr, sebäbi birbada ruhanyny tapmandyr. Emma iň çetki otaglaryň birine baryp görse, birden baş ruhana gözi düşüpdir. Ol öňünde açyk duran kagyzlara dümtünip, ahmyrly halda bir zatlar samraýan eken.
    — Näme boldy, tagsyr? — diýip, onuň halyna geň galan monah sorapdyr.
    — Celebrate, bu söz c-e-l-e-b-r-a-t-e eken, celibate däl eken.
    Düşündiriş:
    Celebrate — baýram et, şatlan;
    Сelibate — saklan (jynsy gatnaşyk babatda — katolisizmiň esaslarynyň biri).
    Hekaýatyň hikmeti: Hemişe asyl nusga bilen deňeşdirip görüň!

@Graff
bu blog 100 gezek okaldy

Teswirler

@Foton 1 aý öň
Mbah... Aytmak bir hiliragem bolsa, bizde-de, yagny musulmanchylyk boyuncha yazylan eselerde-de arap-pars dillerinden turki dillere terjime edilen wagty shunun yaly sawliklerin az bolmandygy gynandyryar.
Älemjahan