Frans Kafkanyň gündeliginden...

Frans Kafkanyň gündeliginden... +2

@Oguznesli | 12.04.2019 ý.
Gündeligi indi elimden goýjak däl. Oňa gaty ykjam ýapyşjak, çünki gündelikden başga ýapyşara zat ýok.
Häzirki ýaly, wagtal-wagtal ruhumda döreýän begenç duýgusynyň asyl sebäbini bir düşündirip bilsem! Hakykatdanam dolup-daşyp duran zat, bu. Mylaýym hem lezzetli bir heýjan tutuş durkumy gaplap alýar we ol, ýokdugyna özümi –hatda häzirem doly suratda ynandyryp biljek– her haçanam ynandyryp biljek güýçli ukyplarymyň mende bardygyna ynandyrjak bolup dyrjaşýar. 

20-njy Dekabr, 1910

Gündelik tutmagyň bir artykmaç tarapy, bizden hemişe üstün çykýan özgerişlikleri anyk şekilde görüp başlaýanlygyňdyr we bu anyklyk saňa ynjalyk berýär... 
Gündelik, edil häzir çydap bolmajak ýaly görünýän ýagdaýlarda-da ýaşalandygynynyň, töwerege gezim edilendiginiň, syn edilen zatlaryň bellige alnandygynyň, ýagny şu sag eliň bir mahallaram edil häzirkisi ýaly ulanylandygynyň delillerini özünde saklaýar. Gündelige seredip, tutuşlygyna bir wagtky halymyza göz gezdirip bileris, edil häzir öňküsinden has köp maglumata eýedigimize düşüneris; 

25-njy Dekabr, 1911
bu blog 83 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan