Gawun, garpyzyň peýdalary
Gawun, garpyzyň peýdalary

Gawun, garpyzyň peýdalary +3

123456, 16.09.2020
Russiýada gawundan taýýarlanylan derman serişdelerini akyl bozulmalarynda, inçekeselde we guragyryda täsirli bejeriş guraly hökmünde ulanylýar. Ol ýadawlygy, aladany we dartgynlylyk duýgularyny aýyrýar. 
* * * 
Gawun şiresi bedeni ýuwýar, mikroblar we ýokançlyklar bilen birlikde artykmaç suwy bedenden aýyrýar we gandaky holesterini peseldýär. Bu guragyryny, allergiýany bejermekde oňyn täsir edýär. 
* * * 
Gawun ajaýyp antidepressantdyr. Ol keýpiňi göterýär, biperwaýlygy ýok edýär we bedene güýç berýär.
* * * 
Gawuny nahardan 2 sagat öň ýa-da soň iýmek maslahat berilýär. 
* * * 
Süýji keseli bolan adamlar gawuny az iýmeli. Gawuny aşa köp iýmek giperwitaminozyň döremegine sebäp bolup biler. Esasan-da, aşgazan ýarasy bolan adamlara gawun iýmezlik maslahat berilýär. 
* * * 
Garpyzyň düzüminde ynsan saglygy üçin peýdaly P, PP, C, B, A witaminleri, magniý, kaliý, kalsiý, fosfor, demir, natriý ýaly elementler bardyr. 
* * * 
Garpyzy yzygiderli iýseňiz, ýürege ýaramaz täsir edýän gan damarlarynyň we kapilýarlaryň diwarlaryny ýakýan holesterinden saplanyp bilersiňiz. 
* * * 
Garpyzyň düzümindäki nitratlary barlamak üçin bir dilim kesip, bir gapda suwa salyp goýuň, eger suw reňklenen bolsa, nitratlar bar, eger-de suw reňklenmedik bolsa, garpyzy iýip bilersiňiz. 
* * * 
Garpyz bir günden artyk sowadyjyda saklanylsa özüne bakteriýalary ýygnaýar we tagamyny ýitirýär. 
* * * 
Garpyzdaky antioksidantlaryň köp bolmagy garramagyň öňüni alýar, bedeni näsazlyklardan goraýar we düwnük keseliniň döremegine garşy durmaga kömek edýär. 
* * * 
Garpyzyň tomusky tagamy bedende şatlyk gormonlarynyň öndürilmegine täsir edýär. 
* * * 
Garpyz ganazlygyň, aterosklerozyň, gipertoniýanyň, bagyr keselleriniň, ötde daş döremeginiň we peşew ýollarynda daş döremeginiň semizligiň öňüni almakda zerur önümleriň biri bolup durýar. 
* * * 
Garpyzyň yzygiderli iýilmegi bedende immuniteti güýçlendirýär, görşi durnuklaşdyrýar. Bedendäki artykmaç suwuklygy aýyrmak bilen, aşa semizlikden dynmaga kömek edýär 
BU BLOG 2727 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MyratDowlet 2 hepde öň
Peýdaly makala. Gawun Merkezi aziýanyň önümidir. Hany apelsin hytaýyňky, mekde amerika, kartoşka peru diýýälerä. Edil şolar ýaly gawun hem merkezi aziýanyň önümi. Meň bir ýaşuly tanyşym SSSR döwüri Moskwa gawun äkidýär ekeni. Şonda turkmenski, çardžowski gawun diýseň beýleki ýurtlaryňka görä has gowy satýalar ekeni.
@MyratDowlet 2 hepde öň
Garpyz barada aýdanda bolsa bir tanyş böwregi agyryp lukmana barýar. Olam derman ýazyp berýär "şulary al, gowlaşarsyň" diýip, içinde bir derman has gymmadyrak ekeni welin başga tanyş dogtaryna aýdypdyr "şu derman gymmat welin zamenýaýuşşiýsi ýokmy" diýip. Olam "şol dermany alyp otyrma, deregine bol bol garpyz iý" diýipdir. Şol dermanyň funksiýasyny garpyz berýär diýipdir. Bilmedim dogrymy ýalňyşmy.