GELINLER
GELINLER

GELINLER +2

123456, 18.11.2020
 Hoş gelip siz, hoşluk bilen gider siz.
 Dünýäniň seýline gelen gelinler!
 Bozulgan şährimi abat eder siz,
 Gamda galan köňlüm alan gelinler.
 
 Ak öýüň eýesi - baýyň gyzlary,
 Eýýämiň soltany diýrler sizleri,
 Hyzmata mynasyp görüň bizleri,
 Muhupbet saýasyn salan gelinler.
 
 Äre güftar gerek, gözele - summat,
 Her kime ýetdirmez, bahasy gymmat,
 Uzyn boýly, giň gujakly hoş surat,
 Hezzeti-hormaty bilen gelinler.
 
 Ak ýüzüne gara zülpün ýaýypdyr,
 Göýä aýyň ýüzün bulut alypdyr,
 Hassa janym, buşluk, tebip gelipdir!
 Derdimiň dermany bolan gelinler.
 
 Bag miwesi bolar şirin dil ýaly,
 Belli-belli sözüň bardyr bal ýaly,
 Kemine diýr, akly-gyzyl gül ýaly,
 Aşygyň janyny alan gelinler

Awtor: bilemok
BU BLOG 1775 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@tekegyzy 1 hepde öň
Name ucin Ejeşin suratyny goydunyz?