Ginnesiñ rekordlar kitaby nähili döredi?

Ginnesiñ rekordlar kitaby nähili döredi? +2

@Alyhan | 22.05.2019 ý.
1951-nji ÿylyñ 10-njy noÿabrynda šol wagtda "Ginnes" piwogaÿnadyjy kompaniÿasynyñ ÿerine ÿetiriji direktory Hÿu Biwer Irlandiÿanyñ Ueksford graflygynda Nord-Slob obasynyñ golaÿynda Slenli derÿasynyñ boÿunda ÿerli ÿašaÿjylaryñ birnäçesi bilen aw edÿärdi. Aw mahalynda ol altynsow çulugy urup bilmändigi üçin ÿoldašlary bilen jedele girÿär, ÿagny Biweriñ tassyklamagyna görä, altynsow çuluk Ÿewropada iñ ÿyndam ÿelekli guš bolup durÿar. Šol gijede Kaslbrij-Hausda onuñ kellesine šol pursata çenli altynsow çulugyñ hakykatdan-da iñ ÿyndamdygyny subut etmegiñ usulynyñ ÿoklugy hakyndaky pikir gelÿär. Mundan bašga-da, Biwer irland we britan pablarynyñ — Angliÿada özbolušly ÿerli klublaryñ müšderileriniñ dürli meseleler boÿunça özara jedellešÿändiklerine šübhelenmeÿärdi. Olaryñ jedeliniñ soñuna nokat goÿup, çözüp biljek kitap bolsa henize çenli ÿazylmandyr. Biweriñ pikiriçe, šeÿle kitabyñ üstünlik gazanjakdygy ikuçsyzdyr.
          Šondan üç ÿyl geçenden soñ, Biwer ÿene-de jedel edÿär. Bu gezek gürrüñ diñe bir altynsow çulugyñ tizligi hakynda barman, eÿsem šotland käkiliginiñ ondan çalt uçÿan bolmagynyñ mümkinligi hakynda barÿar. Netijede Biwer kimdir biriniñ sözüne salgylanyp ÿa-da ony tassyklap, jedeli çözmäge mümkinçilik berÿän abraÿly çešmäniñ gerekdigine göz ÿetirÿär.
          Kitaby nešir etmek maksady bilen 1954-nji ÿylyñ 30-njy noÿabrynda baš binasy Londonda ÿerlešÿän "Guinness Superlatives Limited" kompaniÿasy esaslandyrylÿar. Ilkinji gezek 198 sahypadan ybarat kitabyñ özi 1955-nji ÿylyñ 27-nji awgustynda nešir edilÿär we bary-ÿogy birnäçe nusga bolanlygyndan birinji hepdesiniñ ahyrynda onuñ nusgalygy 10 müñe çenli artÿar.
          Kitabyñ garašylmadyk üstünliginden soñ, ony döredijiler ahyrsoñunda ony her ÿylyñ sentÿabr-oktÿabr aÿlarynda çykarmak kararyna gelÿärler.
          Soñra onÿyllyklaryñ dowamynda ABŠ-da kitaby nešir etmek hukugyna "Sterling Publishing" neširÿaty eÿe bolÿar. Amerikan neširleri "Ginnesiñ rekordlar kitabynyñ" mešhurlygynyñ artmagyna has-d ÿardam etdi.
          1990-njy ÿylyñ 17-nji sentÿabrynda "Guinness Superlatives Limited" ady "Guinness Publishing Limited", 1999-njy ÿylyñ 1-nji iÿulyndan bolsa ol "Guinnes Worl Records Limited" diÿlip üÿtgedildi. 2008-nji ÿyldan bäri ol "Guinness World Records" diÿlip atlandyrylÿar.

Taÿÿarlan Oraz NAZAROW
bu blog 150 gezek okaldy

Teswirler

@Gnusmas 3 aý öň
Su kitap 19 yyldan oz ozine in meshur ady bilen rekorda girdi.
@Gnusmas 3 aý öň
Yagny kitap doredilip 19 yyl sonra oz ozune girip bilen kitap su.
Älemjahan