Gündelikden ýazgylar
Gündelikden ýazgylar

Gündelikden ýazgylar +3

@Graff | 20.06.2019 ý.
Göwnüňiz çöküp, keýpiňiz gaçyp, lapykeç bolsaňyz, şuny okaň!

Bu dünýäde, iň azyndan, siziň hatda janyňyzy hem bermäge taýýar bolan adamlaryňyzyň ikisi-hä bardyr.

Iň azyndan, 13 kişi sizi özleriçe gowy görüp ýörendir.

Kimdir biriniň seni ýigrenýän bolmagynyň ýeke-täk sebäbi — bu onuň saňa meňzäsiniň gelýänligidir.

Seniň ýylgyryşyň seni halamaýan adamlary hem bagtyýar edip biler.

Her gije ýerine geçip ýatmazdan öňinçä kimdir biri sen hakda pikir edýändir. Kimdir biri üçin sen dünýe malyndan gymmatlysyň.

Sen hatda ömrüňdäki iň uly ýalňyşlygy goýberäýen halatyňda hem, munuň bilen bile nähildir bir gowulyk gelýändir.

Durmuş senden ýüz öwürdi diýip pikir eden halatyňda, oňa başgarak burçdan garap gör.

Durmuş saňa ýene bir mümkinçilik bagyşlasa, ýatda sakla, niýetleriň amala aşar.

Säher bilen ökünip, nalap turardan ömür juda gysgadyr.

Şonuň üçin saňa dogry garaýyşda bolan adamlary gadyrla, beýle etmeýän adamlary bolsa unut, hemme zadyň bir sebäbiniň barlygyna ynan.

Eger sende bir mümkinçilik dörese, ony sypdyrma, eger bu mümkinçilik durmuşyňy özgertjek bolsa, munuň şeýle bolmagyna ýol ber.

Hiç kim munuň aňsat boljagyny aýdan däldir. Olar diňe şeýle edeniňe degýänligini wada berendirler.

@Graff: Gündelikden käbir ýazgylar
bu blog 189 gezek okaldy

Teswirler

@Foton 4 aý öň
Sozme-soz dushunmeli dal-da kabir yazylan zatlara. Gowy sozler.
@Graff 4 aý öň
Minnetdar! :)
@cherry 4 aý öň
6 begendirdi)))
@Jepax 4 aý öň
13den song yzyny okamadymay. 13 kishimi oho sanayyn, 1... ha yok olam hassp dal
@Hypatia 4 aý öň
13 e ýetýän däldir))
Älemjahan