Güniñ üstüne suw sepip söndürmeklik barada

Güniñ üstüne suw sepip söndürmeklik barada +2

@Dipsomaniac | 11.08.2019 ý.
Çopançylyk edýän döwürlerim günortanlar günüňem dik depäňden 
düşýän wagty baý zeýrenýädim-ä, howanyň gyzgynlygy birýana 
günüňem gyzgynlygy kelleden geçişi ikiýana. Onsoň şonda men neme 
diýdim öz özüme “ bäh bu güni üstünden pylança litr suw guýagada 
söndürip bolanokmyka, tehnologiýada ösdi adamlar asman giňişliginde 
aýlanyp ýör, neujeli şu güni söndürip bolanok? “ Soň soňlar ýyl geçdi, 
ýyllar meň ömrümden ýyllary gätdi, indi biraz okumyşly bolan boldum 
we şo soragyň jogabyny gözledim.
Aslynda gowy sorag eken. Birinjiden-ä günüp saçyp duran 
uçgunjyklaryny biziň otmyka diýip pikir etmegimiz soragyň gelip 
çykmagyna esaslanyp durýar. Ýöne gynansakda güneşde ( günde) ot, 
ataş diýen zadyň adam ýokdur. 
Güni bu derejedäki ýalpyldadýan zat uly mukdardaky agramy sebäpli 
merkezi böleginde basynja sezewar edilen Wodorod (H) atomlarynyň
birleşip Helýum (He) gazyna öwrülmegi bolup durýar , hem-de bu 
öwrülşigiň prosesinde ýylylygyň ( gyzgynlygyň ) emele gelmegi ýene 
bir sebäp bolup durýar. Biz bu ýylylyga ýadro birleşmesi ( nuclear 
fusion) diýýäris. 
Güneşi ýa-da güni söndürmek üçin üstünden suw guýmak ýa-da tutuş 
güni suwa oklamaklyk siziň diýýän ýanyp duran oduňyzy söndürmez , 
tersine üstüne döken suwuňyz günüň agramyna goşulyp merkezi 
bölegindäki basynjyň has hem artmagyna sebäp bolar. Netijede bu eden 
işiňiz günüň has hem öňküden beter ýagty saçmagyna elter. Ýa-da şeýle 
diýeli siziň sepen suwuňyzy gün ýangyç görnüşinde ulanar. Ýöne siziň 
nerwiňize gaty erbet düşen bolsa bir alajy bar.
Günüň üstüne öz agramynyň 100 essesindäki suwy döken wagtyňyz, ilki 
hä günüň gerimi meýdany 100 esse ulalar, ýöne begeniň şo mahal 
supernowa partlamasy bolup geçer, partlama bilen gün hem ýitirim 
bolar , ýok bolup gider. Ana şonda siz güni söndüreniňiz bolar, wiý 
ýogsada benzin guýsaňyz hem bolman duranok.
Garaz diýjek bolýanym beýdip gymmatlan suwuň hem-de benziniň 
gytlyk wagty ony söndürjek bolup azara galmalyň, goý şo öňki ýagtylyk 
saçyp depäňizden ýumrugyny indermegine dowam etsin, durmuş 
şeýlede awadan.


cheshme : okanlamdan terjime
bu blog 68 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan