Göreş

Göreş +1

Aristotel, 01.09.2020
  Indi men Näzli dilber üçin söweşe girdim. Bu meniň gökje eşegimi gaňňalap, elime oragymy alyp, oran otlarymy bolsa, eşege dessaläp basmagym üçin zerur bolan 3 gulaç ýüpimi bilime daňyp, eşegimiň arkasyna hopba bolup, yhh diýip otlak meýdana haýt goýanymdan belli boldy. Ynha otlak meýdan. Görsem maňa garşy million sany gamyş, ýene milllion sany suwoty, ýene million sany selmeden ybarat goşun göreşe çykypdyr. Men gorkmadym, çünki men türkmen milletinden. Men aýytdym bu selmelere, suwotylara we gamyşlara:-Men Näzli dildar üçin geldim. Onuň sygyrlaryna, geçilerine we ine şu gök eşege ot gerek. Häzir me siziň kelläňizi alaryn. Şeýle diýdimde oragy olaryň depesinden inderdim. Bir-iki sagatlap olary gyrgyna berdim, ýagny ordym. Soňra oranlarymy desseläp, eşege basyp ýüp bilen olary birikdirdim we elbetde ýene bir sagatdan Näzli dildaryň huzuryna geldim. Gelsem Näzli dildar maňa gapyda garaşyp dur. Ol meniň bir küde oty orup getirenime monça boldy we oty eşekden ýazdyrmana kömekleşdi. Soňra bolsa meni öz huzyrynda sylaglady, ýagny çaý-çörek we nahar berdi. Ýanymda otyryp käsäme çaý guýyp berdi. Men bolsa onuň bu edenlerini söýgä ýordum. Men aýytdym:- Iň bolmanda ýalançyda meni bir adam söýýär, meniň gadyrymy bilýär, meniň elimden iş gelýänini bilýär. Hiç kim ynanamasada Näzli  menden tama edýär. Men bolsa onuň tamasyny ödemek üçin her gün bir ýada birnäçe zat bilen söweşe girýärin we ýeňýärin. Ynha biziň söýgümiziň gysgaça taryhy, Näzli bilen! 


BU BLOG 1916 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@MyratDowlet 1 aý öň
Прикольно.