GÖRMEÝÄNLER HAKDA GÖRMEÝÄNLERIMIZ
GÖRMEÝÄNLER HAKDA GÖRMEÝÄNLERIMIZ

GÖRMEÝÄNLER HAKDA GÖRMEÝÄNLERIMIZ +2

Eduard_Snowden, 21.01.2020
Ilkinji resmi Bütindünýä Braýl Güni 2019-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda bellenildi. Häzirki wagtda Braýl elipbiýi körleriň ýazuw ulgamy hökmünde bütin dünýäde kabul edilýär. Ol ähli ýurtda ähli dile diýen ýaly terjime edilen. Braýl alty nokadyň kömegi bilen harplary, sanlary, hatda saz notalaryny, matematiki we ylmy simwollary şekillendirýär we barmaklar bilen duýmak arkaly okalýar. Braýl elipbiýini 19-njy asyrda fransiýaly Lui Braýl oýlap tapýar. Braýl körlere we görüş ukyby pes adamlara adaty harplarda ýazylýanlara meňzeş kitaplarydyr žurnallary okamaga mümkinçilik berýär. Braýlyň kömegi bilen kör we görüş ukyby pes adamlar başgalar bilen aragatnaşyk edip bilýärler. Bu bolsa olar üçin ylma, erkinlige we deňlige ýol açýar. Bütindünýä Intellektual Emläk Guramasynyň (inlisçe: WIPO) hemaýatkärlik etmegi hem-de argentin çaphanalarynyň hyzmatdaşlyk etmegi bilen, körler üçin sanly (iňlisçe: digital) kitaphana bolan Tiflolibros ispan dilinde 800 sany bilim maksatly kitap çykardy. Ol kitaplar kör ýa-da hat görüp bilmeýän adamlar üçin niýetlenen. Kitaplar görüş ukyby pes adamlara 2013-nji ýylyň iýunynda kabul edilen Marrakesh Şertnamasy (Marrakesh Treaty) tarapyndan elýeter edildi. Argentina hem muny kabul eden ýurtlaryň biridi.
BU BLOG 1537 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@tekegyzy 5 aý öň
:(
@Graff 5 aý öň
Körleriň arasyna sowgat paýlamak üçin barypdym, olar maňa adymy braýl elipbiýinde ýazyp berdiler... Olar bir üýtgeşik dünýä...
@Tarcetti 5 aý öň
Beh diymek sol elipbiy brayl ekenda