Görogly kim bolupdyr?
Görogly kim bolupdyr?

Görogly kim bolupdyr? +1

MyratDowlet, 16.11.2020
Eýýäm köp ýyllar bäri men Göroglynyň häýsy şahsyýet bolandygy barada gyzyklanyp ýörün. Öňümden maglumat çyksa okap görýän. Ýöne düýnki okan maglumatym meni geň galdyrdy. Düýn ýazyjy Osman Ödäniň "Altynjan Hatyn" diýen trilogiýasyny okamaga başladym. Şonda kitabyň başynda Osman Öde agamyz Göroglynyň Togrul beg bolma mümkinçiligi bar diýýär. Muňa baglanşykly her dürli deliller beripdir. Menem içimden BÄH diýdim. Sebäbi Togrul beg meň göz öňümde Türkmenleriň içinde  ullakan serkerde we soltan bolan. Adyna Mekkede Medinede hutba okadylan. Bagdat halyfy tarapyndan "Gündogaryň we Günbataryň soltany" tituly berilýär. Bir giden sektantlar bilen söweşýär. Men öň bu barada başga blogymdada ýazypdym. Iň möhümem Muhammet Aleýhyssalam Togrul beg gerçegiň gelejekde geljekligi, onuň etjek işleri barada habar berip gidipdir.
Meniň üçin Togrul Beg Türkmeniň legendar Görogly bolan bolmagy mümkin diýip pikir edýärin. Eger-de mümkinçiligim bar bolsa Togrul Beg Türkmeniň döwüri we özi barada serial düşürerdim. Bu ahyryn kimdir birileri tarapyndan düşüriler.

Mundan öň men Ugurjyk Alp barada blog ýazjakdym. sebäbi käbir alymlaryň çaklamagy boýunça Ugurjyk Alp Görogly bolan bolmagy mümkin diýýärler. Bilşiňiz ýaly Ugurjyk Alpyň neslinden ärsarylar, ýomutlar we sakar taýpalary gelýär.
Indi häzirlikçe men Ugurjyk Alpyň Göroglydygy baradaky pikiri pauza berýän. sebäbi TogrulBegiň Görogly bolma prioritedi güýçli çykýär. 
Görogly (kerogly, körogly) köp türki milletleriň hat-da türki däl milletleriň edebiýatyna belli şahsyýet. Görogly türkler, azeriler, gyrgyzlar, gazaklar, garagalpaklar, täjikler, ermeniler we gruzinleriň edebiýatlarynda-da geçýär. Hemme millet ony öz gahrymany ýäly edip görýär. Ýöne agzalan hemme milletiň dilindäki her dürli Görogly wersiýalaryň bir orta meňzeň tarapy bar. Olam ýaşan ýeri häzirki Türkmenistanyň çäkleri bilen baglanşykly edilip görkezilen ekeni.

Siz näme pikir edýäňiz Görogly beg barada. 
 
BU BLOG 2134 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@yzgant 2 hepde öň
Görogly türkmen barada Magtymgulynyň goşgusynda hem agzalýar.

Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi,
Görogly gardaşy, serhoşdyr seri,
Dagda, düzde kowsa saýýatlar, diri
Ala bilmez, ýolbars ogly turkmeniň.

Osman Ödäniň Togrul beg bilen Göroglynyň meňzeşlikleri barada menem okadym ýöne mena muny goldamok. Sebäbi eposdaky agzalýan (Çar dagly Çandybil, Arap çaýy, Ýyldyz dagy, Häzerbeýjan, başgada birnäçe gabat gelýan atlar Azerbeýjanyň töwereginde gabat gelýar. Garaz meniň pikirim şeýle: Görogly Azerbeýjanda ýaşan milleti türkmen bolan serkerde bolandyr diýip çak edýän.
@yzgant 2 hepde öň
Başga-da Görogly barada bir ýaşulydan eşidenim. Görogly eposyndaky başyndan ahyryna çenli duşmanlyk edýän Hünkär patyşanyň ýurdynyň Çeçenleriň ýurdy diýip aýytdy. Pikir edip görsem Çeçenler hem daýaw gujurly bolýar. umuman eposdaky aýdylýan häsýetlere meňzeýär.