Goşgy

Goşgy

Annagurban, 02.06.2020
Ýene düýşlerime girip ýatyrman,
Ýaňy biten ýaralarym gozgaýaň.
Oýanaýsam, gidersiň sen düýşümden,
Oýanmasam, ýaram beter syzlaýar...

Özge belgilerden gelýän jaňlara
Howlugyp basýaryn ýaşyl düwmäni.
Jaňlaryňa ozal ýylgyrýan ýüzüm
Halys ýatdan çykarypdyr gülmäni.

Umytlarym hälem umytly senden,
Diýýärler: "Ýalňyşmaz ynsan az-az-a!"
Belki, düşiner-de, gelersiň ýene,
Buz tutan ýüregmi öwürip ýaza...

Annagurban ANNAGURBANOW 
BU BLOG 5149 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Shahan1900 1 aý öň
Geler geler, ozem ulalyp geler