Gýoteden dürdäneler

Gýoteden dürdäneler +5

@Oguznesli | 12.04.2019 ý.
Ukyp ýalňyz wagtyňyz emele geler, häsiýet bolsa, dünýäniň işi bilen başagaý bolup ýörkäňiz.
***
Isle şa bolsun, isle gedaý, iň bagtly adam öýünde maza tapýan adamdyr. 
***
Durmuş ýaşamakdan ybaratdyr we ýaşaýan her bir adam özgerişlige taýýar bolmalydyr.
***
Kiçijik hyýallar ýüwürtmäň, olarda adamy herekete geçirjek güýç ýokdur.
***
Bilmek ýeterlik däl, amal etmeli. Islemek ýeterlik däl, ýerine ýetirmeli.
***
Söz bilen beýan edip bolmaýan zatlaryň töwellaçysy sungat eserleridir. 
***
Üç müň ýyllyk adamzat taryhy bilen hasaplaşyp bilmeýän adam boş adamdyr.
***
Açlyk iň akylly balyklaram çeňňege çeker. 
***
Yşkym üçin hemme zatdan ýüz öwrerin, ýöne erkinligim üçin yşkymdanam ýüz öwrerin.
***
Akylsyzlar ogrularyň iň zyýanlysydyr. Wagtyňyzy hem mazaňyzy ogurlarlar.
***
Adatça, atanyň ýygnanlaryny ogly saçar.
***
Bir adamy tanamak üçin onuň nämäni gülkünç hasap edýändigini bilmekden oňat ölçeg bolmaz.
***
Eşiden zatlarymyzy başgasyna aýdan wagtymyz ony bulam-bujar edişimiziň esasy sebäbi, şeýle-de, başdan oňa doly düşünmänligimizdir.
bu blog 43 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan