GOÝBERMEK
GOÝBERMEK

GOÝBERMEK +26

Tokmak, 01.05.2020
Goýbermek.. Geçmişiňi, adamlary, agyryňy, ynjyňy, söýgüňi, umytlaryňy, gaharyňy... Islendik zady goýberip bolýar.

Kimdir birini (ýa-da bir zady) halasaň, aňyňda onuň bilen güýçli ruhy baglanyşygy emele getirýärsiň. Emma kä halatlarda, dürli sebäplere görä, ýa oňa gowuşyp bilmeýärsiň ýa-da ondan saňa diňe negatiw duýgular gelýär... Şeýlelikde, ondan daşlaşmaly bolýar. Ony GOÝBERMELI bolýarsyň. Içki dünýäňden. Duýgularyňdan.

Goýbermek – agyr iş. Hä halan adamyň bolsun, hä öýkäň hä-de geçmişdäki ynjylaryň. Tapawudy ýok. Üýtgemek hemişe kyn. Adama ruhy taýdan baglanan, öwrenişen zadyna bar güýji-kuwwaty bilen ýapyşmak mahsus. Kämahal goýbermek üçin ägirt uly güýç sarp etmeli bolýar.

Goýbermek nämä gerek?

Ilki bilen ruhy erkinligiňi gazanmak üçin. Içki dünýäňden birini goýbermegi başarsaň, duýgular hem öz gezeginde seni goýberýär. Ruhy bendilikden halas bolýarsyň. Ýüregiň giňeýär. Hemem.. ýitirmek gorkusyndan dynýarsyň.

Goýbermek şowly geçen mahalynda, adamyň ruhy dünýäsinde ägirt uly özgerişlik bolup geçýär. Adam ÖSÝÄR. Ondan soňra başarnyklaryň artýar, ençeme zatlara başgaça çemeleşip başlaýarsyň. Garaýyşlaryň üýtgeýär.

Bu, elbetde, yzaly prosess. Emma şol yza dälmi näme, bize bu ösüşiň hözirini doly görmäge ýardam berýän?!

Saýlamak öz eliňde. Saýlamaly, netije çykarmaly, gitmelisini goýbermeli.

Käte, goýbermek – seniň çykaryp biljek iň gowy netijäň.

Niýaz Orazdurdyýew



Awtoryň beýleki bloglary
-----------------------------------------
Ösüş derejämiz
Bir ýurduň ösüş derejesini näme kesgitleýär diýip pikir edýärsiň? Dürli pikirler...

-----------------------------------------
ÖKÜNMEK
Kakam ýaşlygy hakynda şeýle gürrüň beripdi: “Biz oglankak, ejelerimiz ...

-----------------------------------------
ÝALAN
Aňyň işleýşine nä derejede düşünýärsiň? Ine, aýdaly, gije ýatyrsyň, ...

-----------------------------------------
BU BLOG 4204 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Observer 1 aý öň
Sag bol Niýaz aga.
@Samira 1 aý öň
Sag boluň
@Nefertiti 1 aý öň
Asla öwrenişmedik, görmedik kişiňi hem göýbermek...
(Başgalary hiç)
@Tokmak 1 aý öň
Pikir ýöredişiňiz hem tanyş ýaly, hemem syrly. Seslenmäňiz üçin minnetdar :)
@Yandex 1 aý öň
Maana gerek temada
@Dessegul 1 aý öň
Читала вашу статью, и вспоминала моменты, где действительно стоило бы отпустить. Спасибо вам за рекомендацию! Оразаныз кабул болсун!
@Tokmak 1 aý öň
Спасибо, что оценили. Hemmämiziňki bile bolsun.
@SunTzu 2 hepde öň
Dogry
@Jepax 2 hepde öň
Galamynyza bereket
@Tokmak 2 hepde öň
Minnetdar
@Shirwan 2 hepde öň
Iň ajysy - goýberesiň gelmeýän zatlaryňy bialaç goýbermek.
@Tokmak 2 hepde öň
Hawa, ruhy sagdynlygyň üçin mejbury etmeli bolýar.
@Anjela 1 hepde öň
Kä wagt goýbermek bilen adam dogrudanam dogry ýoly saýlap bilyar eken