Gumry.

Gumry. +2

Güneş, 18.05.2020
Üçegime gelip gondyň,
Ýalňyz gumry nirde taýyň.
Ýeke ýalňyz bolup indem,
Niçik geçer güníň,aýyň?

Ýalňyzlykda tapman karar,
Gözleriň delmurup garar.
Soňsuz plkir oýlar dörär,
Saňa seretdigim saýyn.

Ýürek küýsär söwer ýary,
Menem çekýán,ahy-zary.
Ýa duýup geldiňmi bäri,
Hal-ahwalym pikir oýum.

Dertleşeli ýalňyz gumry,
Çekmek kyndyr jepa jebri.
Ýalňyzlykda ýakma ömri,
Ykbal bersin bagt paýyň.

Ganat ýaýyp sahra-düze,
Ýitiren taýyňy gözle.
Taýyň tapyp gögi beze,
Bile ganatyňyz ýaýyň.


BU BLOG 2233 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Jepax 2 hepde öň
Gumry eshtse bu goshgyny "sower yar, yalnyzlyk, dert... name diyyan adamzat" diyerdi :)
@Ayjerena 2 hepde öň
Gamgyn goşgy eken.
@Shirwan 2 hepde öň
Dursunjemal Gazakowa gowy aýdýar şu aýdymy. Awtory kimkä şu aýdymyň sözleriniň?