Gyzgyn içgi içip, yssyda sowap bolýarmyka?
 Gyzgyn içgi içip, yssyda sowap bolýarmyka?

Gyzgyn içgi içip, yssyda sowap bolýarmyka?

MissMeri, 14.09.2020
Yssy güneşli günde, bir stakan sowuk suwdan gowy zat ýokmy? Nähili bolsa-da. Käbir adamlar yssy günde bedeni sowatmak üçin ... gyzgyn çaý içmegiň gowudygyny öňe sürýärler. Bu manysyz ýaly bolup görünýän pikir dogry bolup bilermi?
 
 Bir stakan sowuk suw içseňiz, bedene giren suwuklyk temperaturany peselder we adama yssylyga garşy göreşde wagtlaýyn dynç alar diýip çaklamak mantykly. Ýöne bu ädim manysyz bolmazmy? Sebäbi beden esasan derleme ulgamy arkaly sowadylýar?
 
Gyzgyn çaý

Tomusyň yssy günlerinde bu mesele bilen gyzyklanýan Ottawa uniwersitetiniň gözlegçileri birnäçe meýletinçiniň gatnaşmagynda synag geçirmek kararyna geldiler. Içilen az mukdarda gyzgyn suwuň hem derini ep-esli ýokarlandyrýandygy, içki temperaturany ep-esli ýokarlandyrmazdan bedeni has çalt sowatmagyna kömek edýändigi anyklandy. Sebäbi dilde we bokurdakda ýylylyk stimullaryna jogap berýän, derlemäge sebäp bolýan reseptorlar bar.

Ýöne yssyda gyzgyn içgini içmek gaty ýakymsyz, we ýakymsyz derlemegiň güýçlenmegi bilen birlikde, gyzgyn içgiden sowamagyň doly täsirini diňe deride peýda bolan çyglylyk buglanandan soň duýup bolýar. Daşary çygly bolsa, eýýäm derlän ýagdaýda bolsaňyz ýa-da çygly eşik geýen bolsaňyz, gyzgyn içgi diňe bedeniňiziň gyzgynlygyny ýokarlandyryp bilýändir. 
Çaý


                                                          @MissMeri
BU BLOG 2384 GEZEK OKALDY.

Teswirler