Hakykat
Hakykat

Hakykat +3

MissMeri, 01.10.2020
1. Beýleki adamlardan alan zatlaryňy yzyna gaýtaryp ber.
2. Senden garaşylýan zatlardan has artykmajy bilen etjek bol.
3. Köрçülük ýerde adamy öwüň. Ýöne adam ýeke özi bolanda tankytla, düşündirip aýyt, beýlekilerden aýratynlykda.
4. Öz häsiýetiňe eýe bolgun.
5. Adamlara ikinji mümkinçilik berjek bol ýöne üçünji gezek berme.
6. Beýlekiler seň maslahatyňa gulak asyp yzarlarlar üýtme ýa-da sendäki mysala üns bermezler üýdüp.
7. Pul saňa bagt getirer üýdip garaşma.
8. Üstünligiňizi parahatçylykda, saglykda we söýgide lezzet alýan ölçeg bilen ölçäň.
9. Baý bolmak isleseňiz, mal-mülküňizi köpeltmegi pikir etmäň, diňe açgözlügiňizi azaldyň.
10. Gowy, uly zatlar hakda we ajaýyplyklar barada pikirleniň, ýöne ownuk şatlyklardan lezzet alyň.
11. Beýlekileriň syryny gizlin saklaň.
12. Ilki bilen 3 gezek pikir et, soň bolsa hiç zat gürleme.
13. Hiç wagt ruhuňdan pese düşme, soňuna çenli saklan. Sebäbi hemme zat eýýäm ýitirilen ýaly görünse, hemme zat eýýäm halas ediljegiň ugrundadyr.
14. Hemme zada üns beriň, köp zada gözüňizi ýumuň, azajygyny düzediň.
15. Her bir tanyş duşan adam, bilmeýän zadyňyzy bilýär.
16. Başgalaryň üstünliklerine begeniň!
17. Hudaýdan pul we zatlar däl-de, akyl we batyrlyk soraň.
18. Başga bir adamyň ornuny almak ukybyny ösdüriň. Zatlary başga biriniň nukdaýnazaryndan görmäge synanyşyň.
19. Şu günüň özinde ertirki güne goýman lezzet alyň.
20. Köne dostlugyň oduny ýakyň, ýylatmak üçin.
21. Ýagşylygy alanyňyzdan soň, ýatda saklaň we edeniňizden soň ýatdan çykaryň.
22. Täze dostlar tapanyňyzda köne dostlary goýmaň.
23. Pul gerek bolsa, nätanyşlaryň ýanyna gidiň; maslahat gerek bolsa, dostlaryňyza gidiň; hiç zat gerek däl bolsa, garyndaşlaryňyza gidiň.
24. Ýüzüňizi ýumşadyň, sesiňizi has ýuwaş ediň we ýöreýşiňizi haýal ediň; kem-kemden içki hem daşky görküň gabatlaşyp başlar.
25. Däp-dessurlara hormat goýuň.
26. Öz janyňyzyň, ruhuňyzyň bedeniňizi gabrly ýere öwürmäň.
27. Islän zadyňyza ýeteniňizden soň, gazananlaryňyzdan lezzet alyň.
28. Göwne degip zyýan bermän, geň galdyrmak üçin akyllaryňyzy ulanyň.
29. Durmuşda şatlyk tapmagy öwreniň - bu bagty özüne çekmegiň iň gowy usulydyr.
30. Bagtyň yzyndan ylgamaň kowlap: ol elmydama siziň özüňizdedir - sizde.
31. Her gün durmuş bilen hasaplap bilmek üçin hiç zady yza süýşürmäň.
32. Başgalary düşünmek isleseňiz, özüňize has ýakyndan serediň.
33. Özüňizi başga biriniň ölçegi bilen däl-de, öz ölçegleriňiz bilen ölçäň.
34. Buýruk bermezden ozal boýun bolmagy öwreniň.
35. Bir zada hem bir ýere, ýa-da bir zady başlajak bolaňyzda - girmezden ozal nädip çykmalydygy barada pikirleniň.

                                                     Путь к себе...
BU BLOG 2353 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@IDEALLIDER 3 hepde öň
Like
@Gusjagaz 2 hepde öň
Sular yaly dana sozleri okamanyma kop wagt bolupdy sag bolun yetireninize