Hakyky durmuşyň kiçiräk hekaýasy
Hakyky durmuşyň kiçiräk hekaýasy

Hakyky durmuşyň kiçiräk hekaýasy +1

MissMeri, 01.10.2020
Hudaý köçelerden geçdi. Geçip barýanlaryň pikirlerini eşidip.
 Göze görünmeýän ýürekde iňňe bilen sanjylyp geçilen -
 Her ikinji adam ýöräp bärýarka:
 'Eý Hudaý näme üçin bu zatlar meň başyma?'...
 'Beýle men ýaşamak islämok!' - her üçinji adam pikir etdi.
 
 Bir erkek adamyň pikirini diňledi.
 Ýürek gysma bilen gynanç - görgüli adama ýapyşdy -
 
 Arada onuň ulagy alyp gaçyldy.
 'Onuň jany dälde, ulagy alynany gowydyr. Ulagy tapylar!' -
 
 Hudaý gizlin ýylgyrdy,
 Çypar saçly gözel gyza seretdi -
 
 We şol gyzy toýundan öň söýen ýary taşlapdyr,
 Öz boljak bolýan maşgalasyny hem geýjek ýüzügini azatlyga çalşypdyr.
 
 'Öňünden, şu wagt şeýdeni gowydyr - adamsy wepaly bolmazdy. Ol seni uly meselelerden gaçyryp hem gorapdyr.
 
 Ol hemişe bolar şeýle owadan ýöne hem gowşak
 Çyndanam şeýle bolanyny isleýäňmi?' - Hudaý oňa ýüzlendi.
 
 Ýöne bolsa ol aýdyň hakykady hiç kim eşitmändi.
 Diňe bir ýuwaşjadan nägilelik bilen nalyşdan gykylyga geçýäni.
 
 
 Adamlar düşünýän bolsadylar - hemme zadyň wagty barlygyna,
 Her pursatda bilip öwrenerdiler ýaşamagy hem gadryny.
 
 Her gün bagtyň täze açyşy bolardy,
 Ýaşamak islegi bolsa hiç wagt ýitmezdi.
 
 Adamlar düşünýän bolsadylar, iň bolmanda bölejikleýin -
 Her 'ajy' taraplarda mydama öz 'gowy' tarapy barlygyna.

                                                          
                                                          @MissMeri
BU BLOG 2294 GEZEK OKALDY.

Teswirler

@Tokmak 2 hepde öň
Oňat tymsal. Her bir işde haýyr bardyr.
@MissMeri 2 hepde öň
Minnetdar!)
Siziñ aslyñyz Marydan şeýlemi, gizlin syz däl bolsa?)
@Tokmak 2 hepde öň
@MissMeri, ýazanyňda täg goýaýsaňa gowy boljak Merigözel. Şol zady goýmasaň neme bolýar-da birhili birhili..

Aslymda Mara degişlilik ýok. Bolsa aýdardym.
@MissMeri 2 hepde öň
Nämäň tägi?
""Aslymda Mara degişlilik ýok. Bolsa aýdardym.""- bolýar ;D
@Tokmak 2 hepde öň
Тэг - это имя пользователя с приставкой @ после чего оно отмечается синим цветом ( @MissMeri ) и на колокольчик на верху экрана приходит сообщение. И человек узнает, что вы к нему обратились. Как-то так.
@MissMeri 2 hepde öň
Мы поняли)
Просто вам должно было быть видно то что вам написала потому что сделала replay именно в вашем разделе комментария ) значит тогда вам не было видно
@Tokmak 2 hepde öň
Спасибо :)