Halasgäriň kysmaty
Halasgäriň kysmaty

Halasgäriň kysmaty +2

@Graff | 11.06.2019 ý.
— Diýmek, sen çagajygy ot içinde köýüp gitmekden halas edipsiň-dä.
— Hawa, halas etdim.
— Özüň bolsa heläk bolupsyň?!
— Hawa, şeýle boldy.
— Düşündim. Eýýäm sen bilýänsiň-le, seniň bu hereketiň adamzat ykbalynyň tutuş geljegini kesgitleýär!
— Hawa, habar berdiler.
— Ýeri bolýar... Gel hany, nämeler bolanyna bakaly. 12839350992-nji sahypanyň altynjy abzasy. O-ho, bu çagadan elhenç bir ganym kemala geljek. Seni gutlabermeli.
— Diýmek, men sebäpli şer üstün çykjakmy?
— Bu entek belli däl. Ýöne, ine, sen bir ýat çagany halas etmek üçin özüňi oda urmadyk bolsaň — şer iş eýýäm ýeňiş gazandy diýip, arkaýyn aýdyp bolardy...
Petr Bormer.

Taýýarlan: @Graff
bu blog 50 gezek okaldy

Teswirler

@cherry 2 hepde öň
inni name etmeli?ganym kemala gelmeza ha?yagshylyk etda o halasgar
@Graff 2 hepde öň
Hawa, çaga ulananda, islese, erbet däl-de gowy adam bolup biler... Uly adam hem şeýle, gowy ýa-da erbet hereket etjegi özüne bagly.
@cherry 1 hepde öň
dushdum
@Jepax 1 hepde öň
Hmm
Hekayan bashyndaky pikir bilen sonundaky pikir menzesh gelyar. Emma caganyn elhenc bir ganym adam boljaldygyny gorkezmek nama gerek?
@Graff 1 hepde öň
"Çaga" nähili bolanda-da ýagşylyk etmek özüňe bagly diýen manyda düşündim menä... Petr Bormer-iň kitabyndan terjime.
@Foton 1 hepde öň
@Graff, 40 bolmasa 41-i eshitdinmi? Shon yalam rowayat bara, musulmanchylykda ozem.
@Graff 1 hepde öň
Eşitmändim, gürrüň bersene nähili rowaýat :)
@Foton 1 hepde öň
Hay, on uchin ayratyn bir tema achaymaly bolaymasa.
Älemjahan