Has adatdan daşary ýagdaý üçin
Has adatdan daşary ýagdaý üçin

Has adatdan daşary ýagdaý üçin +4

@Dipsomaniac | 08.08.2019 ý.
Kellede hemme zat gutardy diýenimizde ýa-da gaty adatdan daşary 
ýagdaýda hem edip biljek zatlarymyz hem bardyr, bu edip biljek 
zatlarymyz bizi lezzetiň ýa-da başga bir pozitiw duýgunyň çür depesine 
alyp çyksa bor.
Nowça aýtmyşlaýyn “bolan wakamyza” degip geçeliň.
Talyp döwrüm kwartirada söýgülim bilen bile ýaşaýadyk. Ol hä öýdeçi 
menem näme günde 3 parany geçirip bilsem sadaka berjek bolýan garyp 
talyp. Bir günem 3 paradan soň howlukmaç awtobusda duralgany sanaý-
sanaý ahyrsoňy öýe ýetdim. Awtobusdakam birhili bir erbet zat bolaýjak 
ýaly özümi birgeňsi tukat duýdum. Geldim, hemme zatdan doýgun 
halda gapyny açdym, ilki gözüme düşen aşhanada hä hiç kim şol sanda 
eýwanda hem. Otagma tarap ýol aldym, otagdan agyň sesi gelýän ýaly 
boldy, ýakynlaşyberemde bolsa bu agy däl-de pynhan lezzetden ýaňa 
iňleýän gyzyň sesinden başga zat däldigini aňdym, aýagym titredi, 
birdenkä bedenim üşedi. Gapynyň ýanynda biraz diňşirgendim,özüme 
geldim, gapyny açdym, maňa tanyş bolan beden göründi, başga bir 
bedene özüniň aklygyny äşgar eden bolan çemeli, durdum-da “ bagyşlaň 
bimaza edäýdim öýdýän „ diýdim-de gapyny ýapdymda beýleki otaga 
geçdim. Tw-ni açdym piwojygymy owurtlap, açgözlük bilenem bolsa 
elimdäki senator çilimi durmuşdan lezzet alýan adam ýaly işdämenlik 
bilen sordum. Meň otagymda ýatyp uruşýan ynsanlar meni pyçak 
almaga gidendir öýdüp pikir edip birnäçe minutlap gapyny açmadylar. 
Biraz wagtdanam meň otagymyň gapysyny açdylar, pyşyrdaşýardylar, 
meni gizlinlik bilen synlaýandyklaryny duýýardym. “ däliredimikä bu”
diýip pyşyrdan bolýa “ söýgülijigim”. Iň geň ýeri hem meň söýgülimiň 
ýanyndaky adamyň hem maňa tanyş gelmegidi, şol sebäplem ol 
gyssanmaç gapa tarap okdurylan wagty “ gelip durgun dost oglan “ diýip 
aýdyp ýetişdim. 
Şol bir durkumy bozmanjyk piwojygmy içip kinojyk görüp otyryn, 
meniň söýgülim diýýän ynsanym bolsa assa ýuwaş ýanyma geldi-de 
“nädip beýle boldy?” diýdi. Jogap bermedim, menden bir reaksiýa 
almadyk gyz gaharlanmaga başlady, “ bir zat diý-dä “ diýip ýyrtylmana 
başlady “ meni hijem söýmediňmi” diýdi, menem diýen sözüm “ dostum  menden rugsat aldy, nemesi ýok, aý näme senem meniň saýamda täze 
küýzäň suwundan dadanyň boldugydyrda “ diýdim. Däliredi, aglady, 
ýumruklary bilen meni uran boldy, men bolsa şo öňki heňime 
tutdyrdym. Piňimede däldi indi. Ýene bir çilimi otladym, bir çilimdi 
ahyr meniň üçin ýanýan. Goşlaryny alan bolup gitdi, ýöne soň bolsa 
meni gözlemäge dowam etdi, her ýerden wirtual durmuşdan, hakyky 
durmuşdanam ýöne men bolsa soky daşa döndüm-de onuň maňa beren 
soraglaryny jogapsyz goýmaga dowam etdim.
Hawa, hawa men ullakan situasiýaň ýeňijisidim..



cheshme : wank wunk kelleden
bu blog 206 gezek okaldy

Teswirler

@donnie 3 aý öň
ýeňiji bolmak gowy duýgy
@sari 3 aý öň
hehe gaty gowy translate edipsin.

gormek isleyanler videosy ine:
https://youtu.be/PQnVc1IWqD0

@donnie
@donnie 3 aý öň
@sari meň temam däl hou bu toba estaf :D ýöne gyzyň ýüzem aýdyp otyr gowy gyz däldigini
@sari 3 aý öň
wi sorry. yalnyshlyk bilen seni reply edipdirin :D
@Çaldygoýdy 3 aý öň
Hakyky erkegiň hereketini edipsiň
@Jepax 3 aý öň
Gyzykly erteki
@Dipsomaniac 3 aý öň
@sari ahmal biza copy paste edyanchi
Älemjahan