Hatyra güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti
Hatyra güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti

Hatyra güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti

@MissMeri | 08.10.2019 ý.
6-njy oktýabrda bellenen Hatyra gününde «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gül goýmak çäresine Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy ― diýip, TDH habar berýär.

Ir säher bilen «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynyň ýadygärliklerine gül desselerini goýmak üçin ýürek emri bilen aşgabatlylaryň müňlerçesi geldi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ulagy ýadygärlikler toplumynyň öňündäki meýdançada saklandy, bu ýerde Hormat garaguly düzüldi.

Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar. Onuň owazyny «Keçpelek» sazy çalyşýar. Milli Lidermiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Ruhy tagzym», «Milletiň ogullary», «Baky şöhrat» ýadygärlikleriniň etegine gül desselerini goýdy.

Mejlisiň ýolbaşçylary, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, milli parlamentiň deputatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, ýaşlar, köp sanly aşgabatlylar ýadygärliklere gül desselerini goýdular.

bu blog 30 gezek okaldy

Teswirler

Älemjahan