Hemmelere sorag....

Hemmelere sorag.... +6

@Schastye | 03.04.2019 ý.
Şu temany açmagymyň sebäbi, köplenç görýänsiňiz, belki diňe men görýändirin, hany bir ebtinem oňarmaýan, kirlije admalar bara, ana şolar barada azajyk öz pikirimi aýdasym gelýär. Biz adamy birinji gezek görenimizde onun nähilidigini tanajak bolsak ilki nämesine seredýäs? Elbet-de geýinişine, sada geýinsin, ýöne ykjam arassa bolsun. "Men betnyşan" diýip durmuşyndan nalaýanlaryňam köp bölegi aslynda öz ebtini oňarmaýanlar. Betnyşan dogulmak gorkunç zat däl, hiç kimem öz ykbalyny saýlanok dogulmanka. Ýöne adam azajygam bolsa özüne seretse, arassaja bolsa, ykjamja bolsa, näme diýýä, gurbagadam şazada bolar diýýälermi? Gymmat geýin, arzan geýin, tapawudy ýok, esasy zat arassa, ykjam geýin. Elbetde adamy bu zatlar üçin ýazgarmak ýalňyş, ýöne düşündirip bileris, hem adamyň özem düşünse-dä şoňňaly bolmalydygyna. "Meň sypatymy däl, içimi söýsünler" diýen pikir ufffggg gaty ýalňyş. Sypatam, içiňem özüne çekiji bolmaly, näme ýazjagymam ýadymdan çykdy. Garaz şeýle. Içden öňürti daş görünýär, şoň üçinem daşyňyzam oňaryň! Oňarmaýanlara öwretmeli, şu düşünjeleri bermeli. Uly höwes bn sizden kommentlere garaşýan.
bu blog 321 gezek okaldy

Teswirler

@FAT_TONY 6 aý öň
Erejep ivedik yaly bö ö ö ö ö
@Akybaýly 6 aý öň
Dünýäň gurulşy şeýle ýaly birhili. Akylly-akmak,arassa-hapysa,güýçli-gowşak,öýli-öýsiz diýen ýaly gapma-garşy görnüşler ýaşap ýör. Beýle bolmasa dünýäň gyzygam bolmazdy,belki. Hemme ýurtda hem bar,şeýle ýagdaý. Arada internetde okadym bir daşary ýurtly 60ýyllap ýuwunmandyr diýip. Siziň bilen ylalaşýan ,elbetde arassa bolsa hemme taraplaýyn gowudygy görünip dur. Ýöne adamyň aklyl-düşünjesinde gowşaklyk bolsa olar ýala öwretmek kyn bolar. Olara çaga seteden ýaly biri setetmese olar şol boluşlaryna gezer ýörerler. Bir degişmede bara. Ejesi ogluna aýdýar :
—Oglum duşuşyga gideniňde oňat ýuwunyp gitgin,arassaja bolup diýse. Ogly aýdýar:
—Eje ,men oňat ýuwunyp gitsem,ol gyzam duşuşyga gelmese nädeýin—diýipdir.
@Alyhan 6 aý öň
Göwne degmän aÿdylan ÿerlikli bellikleri kabul edip bilseler-ä oña ÿetesi zat ÿok welin... Köp kişi öÿkeleÿär birzat diÿseñem... Onsañam, her kim özünden başlamalymyka diÿÿän.
@FAT_TONY 6 aý öň
Sypatyn gursyn
@oraZIK 6 aý öň
Esasy figara bolsun
@myhman 6 aý öň
Olaryn soyga matachligini nirden bilyaň, olaryň beyle problemasy yok bolup biler,sen oz yanyňdan olara yok yerden problema yuklap onam çozjek bolyan bolup bilersiň
@Bilimuran 5 aý öň
Daşky sypata seredip baha bermegem nädogry aslynda, adam öz ýetýän güýjine maddy taýdan ýetdiginden geýinýäler ,arassaçylyk birinji orunda durmaly näme bolsada hapa geýinmeli däl,hapaçylykdan keselçilik dörär şonuň üçin keselçilik bolmaz ýaly özüňizi arassa saklaň hapysalara degişli !
@Ylyas 3 aý öň
Menin pikrimce ici gowy adam. Dashy da azajyk bolsada gowy bolya.
@Lacynjan 3 aý öň
Salamm
@Lacynjan 3 aý öň
Adam oz das kesbine seretmeli. Arassa geyinmeli. Esasy zar yyrtyk geyenok dami?! Bolly sho. Esasy zat arssacylyk. Birem adamyn hasyeti gowy bolmaly. Das sypatyn naceee owadan bolaysyn hasyetin erwet bolsa bar zady pozya. Kabir adam ozune das kesbi onca bolmasada hasyeti bn ozune cekya. A kabiri hasyeti bn ozunden daslasdyrya. Son un esasy zat hasyetmika diyyan
@Alleya 3 aý öň
@Jepax 3 aý öň
Graff bir akylly mowzuk acar, hic kim jogap yazmaz. Barde welin sheyle leji chykan tema, millet birinji teswir yazmak da yaryshyar.
Älemjahan