Hitler we onuň hereketleri - 2

Hitler we onuň hereketleri - 2 +7

@rosso | 11.04.2019 ý.
6-nji aprelde KHBS-niň konferensiýasy boldy. Ol konferensiýada Hitler ýewreýler hakynda hiç zat aýtmady. Germaniýanyň tazeden dikelýandigini we halkyň hem bu babatda köp işler edýändigini aýtdy. 
8-nji aprelde bolsa “nasist partiýasyny we pikirlerini goldamaýan ýurduň ýolbaşçylaryny pensiýa ibermek” baradaky karara gol çekdi. Nasistler bu gezek ynsaply hereket edipdiler, pensiýa iberilen adamlaryň pensiýa pullaryndan kesmedi. 
20-nji aprel Hitleriň doglan güni. Ýurtda hemme ýer baýram howasynda. Muny gören Hitler ýene çykyş etdi. Bu gezekki çykyşy hem öňküleri ýaly Germaniýanyň ösýändigi baradady.
27-nji aprelde bolsa şeýle karara gol çekdi, “nirede meniň adym dakylan “adolf hitler” köçedir ýollar bar bolsa olara öňki adynyň gaýdyp berilmegi”.
2-nji maý 1943-nji ýyl. Hitler şeýle karara gol çekdi: “ýurtda nasist partiýasyny goldamaýan ähli fabrikalary ýapyp, fabrikany bolsa döwletiň haýryna geçirmek”.
2 hepdeläp şäher-şäher aýlanyp konferensiýa, miting beren Hitler 17-nji maýda mejlise dolanyp geldi. Emma bu gezekki mejlisdäki çykyşynda ýurduň içerki işleri barada gürrüň etmedi. Mejlisdäki ähli gürrüň Germaniýýanyň daşary ykdysady işleri we planlary. Bu gezek bolsa 2-nji Jahan urşunyň ilkinji sesleri gelip başlady.
=-----------==
 
1933-nji ýylyň 8-nji iýunynda Hitler Berlinde Angliýanyň howa hüjüminiň generallaryny myhman kabul etdi. 1-nji Jahan urşunda olaryň görkezen edermenliklerini özlerine gürrüň berdi. Netijesinde bolsa ýeňilen Germaniýanyň agyr ýagdaýa düşendigini, berilen jezalaryň gereginden artykdygyny nygtady. Eger uruş bolaýan ýagdaýynda Hitler Angliýa bilen Italiýany özüne birleşdirip bütin Ýewropany paýlaşmak isleýärdi. 
1933-nji ýylyň 26-njy iýunynda Hitler nazilere şeýle seslendi: “Indiden beýläk Germaniýa aýry aýry bölünmeli däldir, hemmämiz birleşip hereket etmelidiris” diýip karar çykardy. Ol kararda “nazi partiýasyndan başga ähli partiýalar ýapylmaly we nazi partiýasyna girmelidir”. Hat-da nazi partiýasynyň ösmegine kömek eden Alfred Hugenbergiň nemes milliýetçi partiýasy hem ýapylyp nazi partiýasy bilen birleşdirildi. Hitleriň düşünjesine görä mejlisde ýolbaşçylaryň bir-birleri bilen urşup wagt ýitirmeli däl we bir ýolbaşça baglanyp ösüşe başlamakdy. Hitler ondan soňra hem beýleki partiýalaryň ýolbaşçylary eger isleýän bolsalar nazi partiýasynda işini dowam etdirip bilerler diýip öz partiýasyna çagyrdy. 
27-nji iýun – 5-nji iýul arasy nazi partiýasyndan başga ähli partiýalar “öz islegi bilen” ýapyldylar. 6-njy iýuldan başlap garşylykly mejlis (oppozisiýa) diýen zat ýokdy we Hitler ýurtda ähli zadyň ýeke täk eýesi bolupdy. Mejlisde garşylyk bolmadygy üçin Hitler indi öňküsinden has akylly çykyş edip başlapdy. Meselem ol ýolbaşçylara ýüzlenip şeýle diýdi: döwletimizde birine wezipe bermek isläňizde eger ol adam işini gowy edýän bolsa biziň partiýamyzy goldamaýan bolsa hem oňa iş beriň. Işe düşünmeýän adama biziň partiýamyzyň agzasy boldy diýip iş bermäň. Bugün islän wezipamize adamlary ýerleşdirip bileris emma işi bilýän adamy bize goldaw berenok diýip işsiz goýsak biz pese düşeris” diýdi.
Germaniýanyň uly problemasy işsizlikdi. Hitler hem birnäçe ýyldan bäri işsizligi azaltmagy söz berip ýurduň başyna geçipdi. Işsizligiň azalmasy üçin ilkinji bilen ýurduň ekonomiýasy güýçli bolmaly, öndürilýän zatlaryň köp bolmasy gerekdi. Munuň üçin bolsa gysga wagtlaýyn bolsa hem kim haýsy işde ökde bolsa oňa şol işi bermelidi. 
8-nji iýulda Watikan katolikleri bilen täze şertnama baglanyşdy. Germaniýadaky hristian katoliklere diplomatiki el degirilmezlik yglan edildi. Hitler ýapylan katolik guramalaryny täzeden açmaga söz berdi. Katolikler bolsa Hitleri tankytlamaly däldi, ähli syýasy işleri Hitlere bermelidi. 12-nji iýulda bolsa protentantlar bilen şuňa meňzeş şertnama baglanyşdy. 
Şol ýylyň awgust aýynyň ortalaryna Hitler işsizligi azaltmakdaky proekti bilen halky tanyşdyrdy. Ol “döwletimiziň etmeli zady halka pul paýlamak däl-de iş mümkinçiligi bermekdir” diýip uzyn wagtlap gürrüň etdi. Netijede Germaniýanyň ähli ýerine asfalt ýol çekjekdigini, bu bolsa müňlerçe ýaş halka iş mümkinçiligi diýmekdi we mundan başga-da guruljak binalarda hem iş boljakdygyny halka aýtdy. Hitleriň ösüşdäki ilkinji planlary gurluşykdy (harby gurluşyk). 
27-nji awgustda Hitler düşnüksiz bir çykyş edipdi. Ol çykyşynda şeýle diýdi: “Biz parahatçylyk isleýäris, başga ýurtlaryň topraklarynda biziň gözümiz ýokdur. Hiçkimiň topraklaryny elinden alma niýetimiz hem ýokdur. Gol çeken parahatçylykly şertnamalarymyzy hem gyşarnyksyz ýerine ýetirýäris. Emma bu şertnamalar iki taraplaýyndyr. Şertmanana diňe biz boýun bolmak islämizok, goý, beýleki ýurtlar hem şol şertnamana boýun bolsunlar. Mundan başga hem Taňrynyň bize beren topraklary biziň öz hakymyzdyr”. Bu çykyşynda Hitler parahatçylyk isläýarmi ýa-da urş isleýärmi belli däldi. Hem “parahatçylyk isleýäris, başga topraklar bilen işimiz ýok” diýýär hemem “şertnama beýleki ýurtlar boýun bolmaýan bolsa biz näme üçin boýun bolaly, germaniýa degişli ýerleri näme üçin almaly däl” diýýärdi. Hitleriň hakyky ýüzi görünmesi üçin ýene biraz wagt gerekdi. 
20-nji sentýabrda Hitler 2 gezek çykyş edipdi. 1-nji çykyşynda “gyş ýakynlaýar, bu gyş agyr geçer, bir-birimize kömek edeliň” diýdi. Beýleki çykyşynda bolsa “ýurduň başyna geçenimizden bäri 2 mln adama iş berdik. Ekonomiýamyz ösýär, indi biz uzak geljegimiz üçin planlar düzmelidiris” diýip ýolbaşçylykda uzyn wagt galmak isleýändigini bildirip başlapdy. Çykyşynyň dowamynda hem kommunizmi ýok etmek isleýändigini birnäçe gezek aýtdy emma uzak geljekde ekanomiýanyň nähili ösdüriljegi baradaky planlaryny paýlaşmady. Gurluşyklar dowam etjekdigini, harby ulaglary we ýaraglary öndürmekde hem yza galmak islemeýändigini aýtdy.
Hitler çykyşlarynda kommunizmi näçe ýigrenýandigini, olaryň inflýasiýa sebäp bolandygyny aýtsa-da käbir temalarda kommunistler ýaly pikir edýärdi. Meselem 1933-nji ýylyň güýzünde eden ähli çykyşlarynda “fabrikalarda inžener bilen işçiniň tapawudy ýokdur. Biri işiň “pikirlenme” bölümini edýär beýlekisi “ýerine ýetirmek” bölümini edýär. Fiziki güýç bilen edilýän iş nähili kyn bolsa pikirlenmeli ýeri hem şeýle kyndyr. Ikisinden biri beýlekisinden üstün däldir. Şeýdip 1-nji sort, 2-nji sort adamlary diýen düşünjäni aýyrmasak ösüp bilmeris. Biri obaly bolup biler, şäherli hem bolup biler, hemmesi hem deňdir” diýýärdi we özüniň asly hem “işçi” sortly adamdygyny birnäçe gezek nygtapdy. 
Hitler ýurtda ähli güýji eline alypdy emma ýurduň daşyndan geljek duşmanlardan gaty gorkýardy. 1-nji Jahan urşunda ýeňilen Germaniýa bilen täzeden urşmak islärler öýdýärdi. Muny halka hem bildirmek isleýändigi üçin oktýabr aýyndaky ähli çykyşlarynda “biz parahatçylyk isleýäris emma elmydama söweşe taýyn bolup durmalydyrys” diýýärdi. 
1933-nji ýylyň 12-nji noýabrynda täzeden saýlaw bolmalydy. Saýlawa nazi partiýasy ýeke özi gatnaşdy. Bu gezekki saýlawda “ynanç” sesleri beriljekdi. Saýlawa halkyň 95%-i gatnaşyp 92%-i hem ynanç seslerini nazi partiýasyna berdi. Mejlisdäki 661 ýolbaşçylaryň ählisi nazi partiýasyndan bolupdy. 
Hitleriň gorkany başyna gelmedi. Ýewropa ýurtlary Germaniýanyň ýarag öndürip başlanyny bilseler hem urş yglan edilmedi. Şol wagtlar Ýewropa ýurtlary 1-nji Jahan urşunyň ýitgilerini dikeltmek bilendiler. Ösen ekanomiýaly ýurtlaryň urşdan soň tazeden dikelmegi kynrak düşýärdi. Germaniýada hem şol döwürler hiçkimiň urşasy gelenokdy ýöne ýurdy urşa taýýar ýagdaýda saklamak isleýärdiler. Hiçkim ilkinji bolup ok atmak islänokdy, urşa başlan tarapyň özleriniň bolmagyny islänokdylar. Hitler ok atmaýan bolsa häzirlikçe hiçkim ses çykaranokdy, Germaniýada edýän hereketlerine hem günbatar ýurtlary seslerini çykaranokdy. Ýadyňyzda bolsa Germaniýa bilen Fransiýa arasyndaky Rhineland diýen ýere esger getirmek bolanokdy. Emma Germaniýa eýýäm ol ýere esgerlerine raýat eşiklerini geýdirip getiripdi. 12-nji noýabrdaky saýlawdan soňra esgerler hem raýat eşiklerini çykaryp harby eşik geýip başlapdylar. Esger getirmeli däldigini bilen Hitler dünýä ýurtlarynyň gözüniň öňünde bu şertnama boýun bolmaýardy. Hitler ýanyndakylara “Fransiýa mundan öň bize urş yglan etmändi, emma bu hereketimizden soňra hokman urşarlar” diýsede Fransiýa hereket edenokdy, sebäbi Angliýany arkasyna almasa urşda ýeňiljekdigini bilýärdiler. 
Polşa döwleti 1-nji Jahan urşundan soňra dörän döwletdir. Ilki başda bu döwletiň goragyna Angliýa we Fransiýa kömek edýärdiler. 15-nji noýabrda Germaniýa Polşa bilen diplomatiki gatnaşyklara başlapdy. Fransiýa bu ýagdaýdan nägiledigini, Germaniýa bilen Polşanyň birleşip hereket etmek isländigini aýdypdy. Hitleriň niýeti bolsa Germaniýa ýaraglaryny dikeldýänçä wagt utmakdy. Ýurt güýçlenenden soňra ilkinji iş Hitlerine pikirine görä Germaniýanyň topraklary bolan Polşany eýelemekdi.  23-nji noýabrda Germaniýa-Awstriýa bilen kiçiräk çaknyşma boldy we 1 nemes esgeri öldürildi. 27-nji noýabrda ölen esgeriň jynazasynda Hitler halka seslendi, Awstriýanyň Germaniýanyň ösýändigini bilip edýän oýuny diýdi. Indiden beýläk Hitler ýurduň içine däl-de ýurduň daşyna  göz dikmäge başlapdy we täzeden (ýaragly) güýçleriň dikelmesi üçin wagt gerekdi, şoň üçin hem häzir hereket etmek islänokdy.
1934-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Hitler Polşa bilen 10 ýyllyk parahatçylyk şertnamasyny baglanyşypdy. Hitlere Polşanyň diplomatiki kömegi gerek däldi, nemes goşunynyň güýçli ýagdaýa gelýänçä biraz wagt utmak isleýärdi.
Hitler hem katolik hem protestanlaryň syýasata goşulmagyny islänokdy we dinden başga temalara girmezligini isleýärdi. Katolikler bu temada ses çykarmasa hem protestanlar biraz garşylyk görkezipdi. 1934-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda halka seslenen Hitler protestanlary agyr tankytlapdy we protestanlaryp hem katolikler ýaly bir ses bermegini isleýärdi. Bu çykyşynda mundan başga hem birnäçe temalara giren Hitler şu zatlary aýdypdy: meselem Germaniýanyň daşary işleri politikasyny şeýle gorapdy: “Jenap Stalin ýurdumyzdaky kommunistlere erbet jepa berýänimizi we SSSR’i gorkuzmak isleýändigimizi aýdýar. Stalin öz ýurdundaky milliýetçi sosiolog düşünjesindäkilere nähili sabyr edýän bolsa biz hem ýurdumyzdaky kommunistlere şeýle sabyr edýändiris”. Ýene şol çykyşynda Hitler Angliýa bilen Italýadan beýleki ýurtlary dürli dürli sebäplere görä günäkär hasap etdi, bu iki ýurda bolsa birleşmek umydy bilen häzirlikçe hiç zat diýmedi. 
Fewral aýynda Germaniýanyň goňşusy Hitler doglan ýeri bolan Awstriýada üýtgeşik wakalar boldy. Ilatyň işçy synpyny arkasyna alan sosial demoktratlar hökümeti agdarmak üçin ýaragly köçelere çykypdylar. Hökümet bolsa muňa işçi synpyny topa tutup garşylyk berdi. Ol wakadan köp adam öldi. Hitler bu temada şeýle diýdi: “Germaniýada ýeke damja hem gan dökmän rewolyusiýa edipdik. Munuň gadryny biliň. Top gülleleri bilen hereket etmek kyn däl ýöne beýtmek bilen biz özümize duşmandan başga gazanjak zadymyz bolmaz. Duşmanlarymyzy razy edip olary ýok edip bileris”. Hitleriň Germaniýasy häzirlikçe ne işçi synpynyň ne hökümetiň tarapynda däldi. 
28-nji fewralda halka “nemes goşunynyň has hem modern ýagdaýa getiriljekdigini” ýene bir gezek aýtdy. Mart aýynda bolsa birnäçe bina açylyşlarynda çykyş eden Hitler öňki aýdanlaryny gaýtalady. Aprel aýynyň 2-nji hepdesinde nemes generallary bilen deňize syýahata çykdy. Norwegiýanyň deňizlerinde birnäçe ýygnak etdi. Aprel aýynyň soňlarynda Hitleriň doglan gününden başga üýtgeşik zat bolmady. 
14-nji iýunda bolsa Hitler Italiýa gidip ýurduň öňde barýan ýolbaşçylary bilen görüşdi. Elbetde olaryň arasynda iň ähmiýetlisi Mussolini hem bardy. Hitler bilen Mussolininiň gürrüňi gaty gizlin saklandy, ikisi bir otagda, başga adam alman görüşdiler. Mussolini nemes dilini bilýändigi üçin hat-da terjimeçi hem gerek bolmandy. Hitler bu ýygnakda “Eger Awstriýa girsek sen ýa biziň tarapymyzda bol ýa-da ikimiziň tarapymyzda hem bolma” diýipdi. Mussolini bolsa bu ýygnagy Hitler öz güýjüni görkezmek üçin edýär hasaplapdy. Hitler Awstriýany almak isleýärdi şeýtmek bilen Germaniýanyň güýjüni az hem bolsa görkezip ýurduň öz içindäki käbir wakalaryň üstüni örtmek isläpdi. Hitler 17-nji iýunda Italiýadan gelip gaty gaharly çykyş edipdi. Çykyşynda nazi partiýasyny goldamaýan adamlaryň kynçylyk çekjekdigini, nazi partiýasynyn hereketlerine razy bolmadyk adamlara “üsti ýapyk ýagdaýda sögüp gorkuzdy”. Bu çykyşda hiçkimiň ady geçmändigi üçin kime näme niýet bilen diýileni häzirlikçe belli däldi. 
1934-nji ýylyň 30-njy iýunynda “uzyn pyçaklylaryň gijesi” diýen waka boldy. Hitler ýygnak edip özüne garşy pikirde kim bar bolsa tutulmagyna ýa-da ýitirilmegine buýruk berdi. Tutulanlaryň sany 85e, ýitirilen adamlaryň sany bolsa 1000e ýetipdi. Hitler ýurdunda öz düşünjesine garşy çykan hiçkimiň bolmasyny islänokdy. Iýul aýynyň ilkinji iki güni tutulan adamlar üçin sud bolupdy. Sud ýapyk şekilde Hitleriň “keýpine görä” boldy. Hat-da käbir adamlar özüniň näme üçin tutulandygyna hem düşünmediler, atuw jezasy berilen adamlaryň köpüsiniň soňky sözi “heil Hitler” bolupdy.  
Öldürilenleriň arasynda käbir generallary hem bardy. Hitler wagt ýitirmän ýygnak etdi. Ýygnakda bu wakanyň öňden planlanman, watan haýynlarynyň bardygyny bilen wagtymyzda derrew hereket edip ýok etmek isledik diýdi.
Mundan 10 gün soň Hitler sessiz galdy. Mediadan özüni uzakrakda saklady. Az hem bolsa öldürilen generallarynyň aryny almak üçin özüniň hem janyna kast etmeklerinden gorkýardy. Partiýanyň içinde hem daşynda indiden beýläk hiçkim sesini çykaryp bilenokdy. Hat-da urş wagtynda hem Hitler ýalňyş strategiýa ýöredip başlanda hiçkim sesini çykaryp bilmändi. Bu bolsa Hitleriň ýalňyş strategiýalar bilen hereketi dowam etdirip öz özüni ýeňlişe eltipdi. 
31-nji iýulda 86 ýaşyna gelen we keselleri bilen başa baş galan şol wagtky Germaniýanyň prezidenti Hindenburgyň ýagdaýy agyrlaşdy. Hitler Hindenburgy zyýarat edip ölüm düşeginde ýatanyny gördi we 1-nji awgustda hökümet baştutany (wise prezident) we döwlet baştutany (prezident) wezipelerini birleşdirip özi ýöretjekdigini aýtdy. Elbetde bu konstitusiýa dogry gelenokdy ýöne Hitleriň piňine hem däldi. Konstitusiýany özi üýtgedip biljekdigini bilýärdi. 2-nji awgustda Hindenburgyň ölüm habary geldi we Hitler hem prezident, hem wise prezident, hem goşun generaly wezipelerini özüne alypdy. 
17-nji awgustda halka seslenen Hitler bu wezipeleri özüniň ýöretmek isleýändigini şeýle düşündirdi: “köp wagtdan bäri ýurdumyzy bulaşdyrmak üçin Hindenburgyň ölümine garaşyp ýören adamlar bar we biz muňa razy däldiris. Beýleki wagtlarda biz saýlaw edip prezidenti halkyň görüşini hem alyp saýlaw etmelidik emma häzir saýlaw etsek hem başga netije bermejegi görünip dur. Ýurdumyzyň ýekeje minut hem ýolbaşçysyz galmagyna göz ýummarys sebäbi daş-töweregimizde bizi bölmek isleýänler köp” diýdi. Başga söz bilen aýdaňda “saýlaw edeňizde näme, ýene meni saýlarsyňyzda” diýmek isleýärdi. Şol wagtlara çenli halkdan köp kişi Hitleriň Taňry tarapyndan iberilen ýolbaşçy hasabynda görýärdiler emma bu ýagdaýdan soňra Taňryçyllyk duýgy däl-de gorky duýgusy bilen hormat döräpdi.  
1935-nji ýylyň başynda Germaniýa bilen Fransiýanyň arasyndaky Saar diýen ýer üçin iki ýurt referandum boljakdy. Saaryň halky haýsy ýurdy saýlasa şol ýurda goşulýardy. 1934-nji ýylyň soňlarynda Hitler Saara gidip Germaniýa ses bermelerini sorady. Şol günlerde Hitler başga bir karara hem gol çekdi: “iş gullugy”. Bu karara görä işsiz galan halk döwletiň käbir gurluşyk ýerlerinde “hokmany suratda” işe alynmaly az mukdarda aýlyk berilmeli. Hitler beýtmek bilen işsizligi azaltmak hem-de halka pul gazandyrmak isleýändigini aýtdy. 
1935-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda referandumda halkyň 90%-i Germaniýany saýlapdy we Hitleriň Saardaky çykyşlary öz miwesini beripdi. Saar indi Germaniýa degişli. Hitleriň Saardaky saýlawdan öň eden işleri miwesini berdi. 
Häzirlikçe dawadyr urşlar az bolsa hem Germaniýanyň goşuny gün geçdigi saýyn güýçlenýärdi, goşun güýçlense hem generallarynyň sesi öňküsinden köp çykjaga meňzeýär. Bu wakalara daşyndan syn edýän Fransiýa bolsa Angliýany ukudan oýarmak isleýärdi. Germaniýa şertnamalara boýun bolman goşun sanyny 100 müňden hem geçipdi. Germaniýa Fransiýanyň sözüni diňlemejegi mälim zatdy emma Angliýanyň sözünden çykyp bolmajagyny bilýärdi. Iňlisler fewral aýyndan başlap birnäçe delegantlary iberip ýagdaýy sazlamak islediler we sözleşmeler etmek islediler. Angliýa üçin Germaniýa 100 müň esgerden geçmesine geçipdi weli bu ýagdaýy haýallatmak hem gowy pikirdi.
Hitler bir tarapdan iňlisler bilen fransuzlara garşy wagt utmak isleýärdi, beýleki tarapdan bolsa Ýaponiýa bilen diplomatiki aragatnaşyklara başlapdy. 17-nji fewraldan soňra Angliýa we Fransiýanyň şertnamasyna görä 3 ýurt arasynda howa hüjümleri bolmaly däldi. Eger haýsydyr bir ýurt howa hüjümi etse beýleki iki ýurt hüjümi edeniň üstüne urş yglan etmelidir. Hitler başda bu şertnama gol çekmänkä şeýle diýdi: “Bu şertnama biz hem razydygymyzy bildiýäris we dünýäniň parahatçylygy üçin bu şertnama örän gowy kämilleşmedir. Emma şertnama gol çekişmegimizden öň başga hem käbir temalary gürleşmelidiris” diýip şertnama gol çekmedi we indiki görüşmeler üçin uzakrak wagt saýlamak isledi. 
7-nji martda iňlis diplomatlar täzeden gürleşmek islediler emma Hitler özüniň keseldigini we sesiniň ýitendigini bahanalap görüşmeleri bes etdi. Hitler ondan soňky hepdelerde hem gatnaşan ýygnaklarynda we sergilerde özüniň keseldigini aýdyň çykyş etmedi we iňlisleri şübhelendirmek islemedi. Hitler şol döwürler watan gullugynyň möhletini 2 ýyllyk etmek isleýärdi. 9-njy martda fransuzlar nemesleriň 1-nji jahan urşundan soňra ýapylan howa güýçleriniň täzeden açylandygyny telegraf bilen iňlislere habar berdiler. Ýagdaý muň bilen ýeterlik däl-di, Germaniýa daşary ýurtdaky nemes ýaşlaryny 2 ýyllyk gulluga çagyryp başlapdy. Germaniýa  dünýä ýurtlarynyň gözüniň öňünde “öwrenişdirip öwrenişdirip” täzeden güýçli bir goşun döredýändigini aýdýardy we mundan gorkanokdy. Emma urş bolan ýagdaýynda hem taýýarlyksyz bolmak islänokdy. Germaniýa bu gezek hem urşsuz boýun bolmak islänokdy. Angliýa öz içinde Germaniýanyň ýagdaýlary üçin karara gelipdi; Germaniýa hiçkime çozmasa ony öz ugruna goýbermek isleýärdiler. Emma Germaniýa bir ýurda çozsa derrew hasabyny soramak isleýärdiler. Hitleriň bu kararda habary hem ýokdy we iňlisleriň gorkup başlandyr öýdýärdi. 
21-nji maýa çenli kän üýtgeşik waka bolmady, 21-nji maýda bolsa gulluk borjy kanuna girdi we urş wagty erkek, aýal hemme kişi goşun üçin işlejekdigini kanuna girizildi. Häzirlikçe gulluk borjy 1 ýyllykdy emma Hitler wezipä geleninden bäri gullugy 2 ýyllyk etmek isleýärdi we ýolbaşçy bolup oturan wagty bu wagty azaldyp köpeldip bilýändigini hemme kişi bilýärdi. Işiň gyzykly ýeri hem naziler ýurduň başyna geçenden bäri ilkinji gezek kanuny tarapyn urşa taýynlyk görülýärdi we diňe bu bilen çäklenmän “Goranmak ministrliginiň” ady üýtgedilip “Söweş (urş) ministrligi” diýip üýtgedildi.  Bu hem urşuň has hem ýakynlaşýandygynyň alamatydy. Nemes halky 21-nji maý gijesi Hitleriň uzyn gürrüňine duçar boldular, ol çykyşynda Germaniýa her wagtkysy ýaly parahatçylyk isleýändigini emma beýleki ýurtlar täze ýaraglar öndürip dursa Germaniýa hem muňa seredip durup bilmejegini, ýurdy goramak üçin ýarag germaniýa hem gerekdigini owadan sözler bilen, filosofiki düşünjeler bilen gürrüň berdi. Ýurtda ekanomiýa az hem bolsa öňküsinden gowulaşypdy, işleýän işçileriň sany hem artypdy. Halk häzirlikçe ýagdaýyndan razydy emma hiçkim täze urşy başlamak islänokdy. Hitleriň hem şo wagtlara çenli eden ähli çykyşlary parahatçylykly durmuş isleýändigini beýan edýärdi, halkyň aglaba bölegi Hitler dünýäniň ýarysyna garşy urşa başlar öýdüp pikirem edenokdy. 
Iýun aýynda nemesler bilen iňlisleriň arasyndaky şertnamalar ýene başlady. Hitler bu gezek dürli bahanalar bilen wagty süýşürip durmak islemedi we öz isleýän zatlarynyň hem bolmagyny isledi, eger Hitleriň isleýän zatlary bolmasa stoldan turup gitjekdigini bildirdi. 18-nji iýunda nemeslere goşun üçin rugsat berildi. Emma nemes goşuny iňlis goşunynyň 35%-ni geçmeli däldi. Iňlis goşuny ulalsa nemes goşuny hem ulalyp biljekdi. Bu ýagdaýa Fransiýanyň gahary gelse hem iňlisleriň tarapyny çalmakdan başga çäresi ýokdy. 
Şol wagtlarda ýene bir üýtgeşik waka boldy. Hitler köp wagtlap gygyryp, sesini beýgeldip peseldip gürländigi üçin sesi gyryldy. Hitleriň iň halaýan zady halka garşy gygyryp miting etmek bolsa, iň halamaýan zady hem munuň azalmagydy. Doktorlar operasiýa bolmasa sesiň hiç wagt öňküsi ýaly bolmajagyny aýtdylar. Operasiýa gowy geçdi emma birnaçe günläp gygyryp bilmejigini aýtdylar. Hitler operasiýany halkdan we mediýadan gizledi we sesiniň düzelmegi üçin birnäçe wagt gerek boldy. Tomusy “dynç alyp” geçirmek isleýändigini, döwletiň diplomatiki işlerini bolsa telegraf ýa-da hat üsti bilen ýerine ýetirjekdigini aýtdy. Hakykatda bolsa ol wagty köpräk teatr sahnalaryna gidipdi we syýasy karýerasynyň iň sessiz döwrüni geçiripdi. 
31-nji awgustda ABŞ “bitaraplyk doktrinasyny” yglan etdi, aziýada we Ýaponiýa bilen bolan urşlarda bitarap boljakdygyny, ýewropa ýurtlarynyň urşlaryna gatnaşmajakdygyny emma ol ýurtlary ýarag bilen üpjün edip biljekdigini aýtdy. Ol döwürler Hitler ABŞ hakynda kän pikir edenokdy, sebäbi ABŞ hem Fransiýa ýaly Angliýanyň tarapyny tutýan döwlet hasaplaýardy. 
Sentýabr aýynda Hitler bilen Mussolininiň arasy düzelýän ýaly boldy. Mussolini öňler Hitleri ýolbaşçy hasap hem edenokdy we kän ýakynlaşdyrmak islänokdy. Ýewropa ýurtlary Mussoliniden uzaklaşyp başlanda bolsa ol Hitlere ýanyna ýakynlaşmasyna rugsat berdi. Sentýabr aýynda germaniýadaky italýan posoly üýtgedildi, bu hem italiýa bilen aragatnaşygyň has ýygylaşjagyna meňzeýärdi. 
15-nji sentýabrda swastika şekili germaniýanyň resmi nyşany diýip yglan edildi we indi Germaniýa diýmek nazi partiýasy diýmekdi. Edil şol gün hem başga karar alynypdy, ýagny, Germaniýadaky ähli ýewreýler nemes raýatlygyndan çykaryldy. Nemesleriň ýewreýlere öýlenip durmuşa çykmagy we jynsy aragatnaşyga girmesi gadagan edildi. Ýewreýler özüniň ýewreýdigini bildirýän eşik geýmeli we hiç wagt nemes baýdagyna elini degirmeli däl. Ýewreýler akademik binalardan öň hem uzaklaşdyrylypdy emma bu has hem artjaga meňzeýärdi. Bu karar 1 ýyl soňra durmuşa geçmelidi sebäbi 1936-njy ýylda germaniýa dünýä olimpiadasyny öü ýurdunda geçirýärdi. Aslynda seredilse Germaniýadaky ýewreýlere edilýän hereketler soňky 500-600 ýylyň içinde ýewreýlere edilen hereketlerden kän tapawudam ýokdy. Şol wagtlar ýewreýleri urup, öldürenokdylar. Ýewreýleriň köpüsi bu ýagdaý Hitler köşeşensoň gutarar öýdýärdiler. 
1935-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Mussolini italýan esgerlerine Efiýopiýa çozmak üçin karara gol çekdi. Ýewropa ýurtlary italiýa kömege gelmediler emma Germaniýa kömek etdi. Mussolini bilen Hitleriň arasyndaky dostluk has hem artýardy. Noýabr aýynyň soňunda fransuzlar Hitler bilen diplimatiki aragatnaşyk saklap azajyk hem bolsa köşeşdirmek islediler. Hitler hem hakyky duşmanyň Ýewropa däl-de Russiýadygyny aýtdy. Kommunistleriň ahyr soňy Ýewropa çozjakgyny, Germaniýanyň hem şoňa taýynlyk görýändigini belläp geçdi. Noýabryň soňunda ýene bir waka boldy, Hitler amerikan reportýory Hugh Bailie’ni kabul etdi. Reportažda “ýewreýlere näme üçin beýle eziýet edýärsiňiz” diýen soraga “biziň döwletimiziň politikasy ýewreýlere eziýet etmek däl-de nemesleriň hak hukuklaryny goramakdyr. Ýurdumyzda kommunistlere kömek edip olary goldaýan ýewreýleri nemes halkyndan aýry saklamak isledik” diýdi. Hitler söz ussady bolansoň her soraga öz dogrusyny aňsatlyk bilen beýan edýärdi. 1936-njy ýyl olimpia oýunlary Germaniýada geçýändigi üçin Hitler hem bütin dünýä öz güýjüni görkezmek isleýärdi. Iň başynda işsizligi azaldyp ekonomiýany düzelmek isleýändigini aýdan Hitleriň soňky planlary hem belli bolup başlady. Hitlere ses beren halk goşuna kän üns berilip başlanansoň ýuwaş ýuwaş ukudan oýandy. Hitler ýurdy dolandyrmagyň her bir pudagyna öz adamlaryny ýerleşdirendigi üçin hiçkim agzyny açyp bilmedi. Hitler halkyň berýän goldawynyň gün-günden azalýandygyny bilýärdi emma görmedik bolýardy. Fewral aýynda olimpiýa oýunlary bolup geçdi. 
7-nji martda Rhinelandaky esgerleriň sanyny köpeltmek üçin karar alyndy. Bu riskli kararlardan soňra iňlisler fransuzlaryň arkasyna geçmegi mümkindi. Hitler munça zatdan soňra iňlisleriň nemesler bilen birleşjegini umyt edýärdi. Şoň üçin arkaýyn riskli hereketler edýärdi. 7-nji mart hepdäniň şenbe güni bolýardy. Hitler gaty akylly adamlar bolany üçin şenbe we ýekşenbe günleri iňlisleriň hem-de fransuzlaryň diplomatiki işler etmek islemeýändigini gowy bilýärdi. Duşenbe gününe çenli arkaýyn ýerleşensoň Rhinelanddan urşsuz çykmajagyny bilýärdi.  Kabir ähmiýetli kararlaryň hepdäniň şenbe gününiň alynmagy hem şondandyr. 
Anna güni Germaniýadaky ähli daşary ýurtly reportýorlary bir otele çagyryp çykyş etjegini aýtdy. Emma Hitler gelmedi, gyzykly ýeri hem reportýorlara otelden çykmaga hem rugsat berilmedi, Rhinelande esger iberýänini hemme kişiden gizlin saklady. Şenbe güni otele gelip uzyn uzyn gürrüňler berdi. Nazi partiýasynyň 1918-nji ýykda ýekeje adamdan köpelip 1936-njy ýyla çenli edilen işleri jikme-jik gaýtalady. Hitleriň niýeti ýygnagy uzyn edip reportýorlar hem 1 gün öňünden çagyryp olary mental ýadatmak isleýärdi. Geljekde hem bu stilini köp gezek gaýtajakdy. 
Mart aýynda Rhinelanddaky esgerleriň sanyny artmak baradaky pikiri halka soramak isleýandigini aýtdy. 29-njy martda bolsa saýlaw boldy we 99% halk Rhinelande esger ibermäge “hawa” diýdiler. Hakykada seredilse weli naziler bu saýlawda ses sanyny hem sanan däldirler emma hiçkimiň elinden gelýän zat ýokdy. Hitler öz halkynyň ählisiniň özüne ynanýandygyna ynanyp ýola dowam etdi. 
Aprel aýynda täze şertnamalara gol çekişmek üçin Hitler iňlisleri kabul etdi. Şertnamalarda “eger urş bolan ýagdaýynda biologiki ýaraglary ulanmazlyk, haýsyda bolsa bir ýurdup ilatly şäherlerini bombalamazlyk”  ýaly şertler bardy. Germaniýa bu şertleri kabul etmäge taýyndy emma Fransiýa temasynda weli düşünişmezlik dowam edýärdi. Fransiýa Russiýa bilen diplomatiki aragatnaşygyny dowam etdirýändigi sebäpli Hitler fransuzlara ynanmak islänokdy. Aprel aýynyň ortalarynda iňlis posoly öldi we şertnamalara häzirlikçe gol çekilmän galdy. Maý aýynda Hitler iňlisler bilen täzeden stola oturmak isledi emma iňlisleriň Hitlere beren jogaby Hitleriň üstünden sowuk suw guýulan ýaly etdi. Iňlisler telegramma jogap edip:”Hitler görüşmeler üçin howpsuz ýer tapyp bilmedi, şoň üçin hem posolymyz öldi. Görüşmeler üçin howpsuz ýer tapylýança iňlis hökümeti nemesler bilen aragatnaşyk etmek islemeýär” diýip ýazylgy. Gysgaça aýdaňda “Germaniýa meniň deňim däl, seň ýaly däli adam bilen gepleşip wagtymy boşa harjamak islämok” diýipdi. Soňra Hitler täze posoly ýanyna çagyryp näme bolsa hem täzeden gepleşikler etmäge taýýardygyny aýtdy. Hitler gaharyna posola gygyrmazlyk üçin özüni zordan saklaýardy. Emma hiç hili öňe gidişlik bolmansoň posola ýalbarmak başga çäre bolmady. Hitler iňlisler bilen birleşmegi köp isleýärdi. Dünýäni iňlisler, italýanlar we nemesler dolandyrmaga laýyk görýärdi. Iňlisler diplomatika temasyna gaty akylly hereket edýärdiler we gowy bilýärdiler. Munuň tejribesi hem iňlislerde ýeterlik bardy. Hitler bolsa özüniň boş gürrüňleri bilen olary duzaga düşürmek isläpdi. Iňlisler Hitlere sorag berende Hitler jogaplamak islemesi başga bir tema bilen baglanyşdyryp başga jogaplar berýärdi emma iňlisler muny gowy bilýärdi. 
11-nji iýunda Hitler Awstriýanyň içeri işlerine kömek etjekdigini aýtdy. Bu bolsa Awstriýany eýelemek isleýändiginiň alamatydy. Öňler Italiýa Awstriýanyň arkasynda durýan bolsa Italiýa hem indi Germaniýanyň tarapyna geçipdi. Awstriýany eýelemek üçin Hitleriň öňünde hiç zat galmandy. 
17-nji iýunda Ispaniýada içki raýatara urşlar başlady. Ispan ýolbaşçy Franko Hitlerden kömek sorady. Angliýa bilen Fransiýany diplomatiki ýol bilen düşünişmedik Hitler Italiýa kömek edip italýanlary özüne birleşdiripdi. Indi bolsa Ispaniýanyň gezegi, Hitler elbetde muny sypdyrmady. Franko kömek üçin birnäçe esger, ýarag we nemes tanklaryny iberdi.  Dogrusy bu ýagdaý täze nemes ýaraglaryny test edip görmek üçin gowy pursat boljakdy. Hitler üstüne ýene-de birnäçe söweş uçarlaryny iberdi. Ispan urşuny Hitler özüne görä “ýarag test urşy” yglan edipdi. 
Awgust aýynda tomusky olimpia oýunlary Germaniýada başlady. Urşyň açylyşyny generallary bilen bile gelen Hitler etdi we birnäçe minutlyk çykyş etdi. Çykyşynda kommunizmi halamaýandygyny aýtdy. Olimpia oýundaky beýleki ýurduň sportsmenleri hem kommunizmiň tersine hereketler etdi. Sportsmenler açylyşda Hitleriň oturan tribunasynyň öňünden geçdiler. Şonda üýtgeşik başga bir waka hem boldy, sportsmenler Hitleriň deňinden geçenlerinde sag elini galdyryp nazi salamyny berdiler. Elbetde Angliýa we Ýaponiýa ýaly ýurtlaryň sportsmenleri nazi salamyny bermän geçdiler. Nazi salamy 1936-njy ýylyň olimpiýa oýnunda resmi hereket halyna geldi. Hat-da käbir sportsmenler oýun bolup durka we oýundan soňra tribunalara nazi salamyny berdiler. Olimpia oýunlary Hitleriň isleýşi ýaly geçdi. Soňra dynjyny almak üçin Berchtesgadendäki dag öýüne gitdi. Hitler käwagtlar bu öýüne gidip üýtgeşik üýtgeşik kanunlar çykarýardy. Bu gezek hem ýagdaý üýtgemedi, Hitler 1 ýyllyk watan gullugyny 2 ýyllyk etdi. Hitler her kanun çykarandan soň halka kanuny düşündirmek üçin birnäçe sagatlap çykyş ederdi. Emma bu gezek dagdaky öýünde galdy. 
bu blog 178 gezek okaldy

Teswirler

@FAT_TONY 2 aý öň
Ahyr okamama el degdi. Yone sol dowur stalin nahilli garayan eken hitlera. Ikisinin arasy name sebapli bozulan basda.
@rosso 2 aý öň
Ilki bashlarda Hitlere hickim uns berenokdy sebabi ony howply hasap edenokdylar. Stalin oz yurdy bilen bashagay, generallaryny oldurip yordi
@Jepax 2 aý öň
Gaty gowy tema, gowy zahmet cekipsin.
Älemjahan